16.10.2026
2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Malaýziýanyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad
Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň
dowamynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň
mümkinçilikleri hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde işewür düzümleriň arasyndaky göni
dialogyň, özara tejribe alyşmagyň we ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny
öwrenmegiň ähmiýetine ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen we
malaýziýaly telekeçileriň arasynda işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek, özara
bähbitli başlangyçlary goldamak hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden
netijeli peýdalanmak meselelerine garaldy.
Häzirki
wagtda halkara ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we daşary ýurtly hyzmatdaşlar
bilen netijeli işewür gatnaşyklary ýola goýmak Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň
möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasy daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy
ösdürmekde, milli telekeçiligiň halkara ykdysady giňişligindäki ornuny
pugtalandyrmakda hem-de täze ykdysady mümkinçilikleri açmakda möhüm ähmiýete
eýedir.
Geçirilen
duşuşyk Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we
özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, işewür hyzmatdaşlygyň
gerimini giňeltmäge hem-de söwda-ykdysady ulgamda täze mümkinçilikleri
öwrenmäge gönükdirilen möhüm ähmiýetli çäre boldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.