Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygy täze mazmuna eýe bolýar

16.09.2026
54

     Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm taryhy waka boldy.

         Saparyň çäklerinde ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilip, syýasy-diplomatik, ykdysady, senagat, energetika, ulag, ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada giňişleýin pikir alşyldy.

         Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Myon bilen geçirilen duşuşygy iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygynyň täze mazmun bilen baýlaşýandygyny aýdyň görkezdi.

         Döwlet saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary bilen koreý tarapynyň degişli wekilleriniň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirilip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlary boýunça pikir alşyldy. Gepleşikleriň netijesinde dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe möhüm Ähtnamalara we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Bu resminamalar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmäge, ykdysady we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga möhüm şert döredýär.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň milli gymmatlyklaryny we medeni mirasyny dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrýan sergiler hem ýaýbaňlandyryldy. Hususan-da, Songýungwan uniwersitetinde guralan sergide türkmen halkynyň milli el halylary, kümüş şaý-sepleri, senagat we amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalary görkezildi. Sergä Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

         Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentine Songýungwan uniwersitetiniň “Syýasy ylymlaryň hormatly doktory” diýen ýokary derejesiniň berilmegi döwlet Baştutanymyzyň halkara parahatçylygyň, durnuklylygyň ösdürilmegine goşýan goşandynyň ykrar edilmeginiň aýdyň nyşany boldy.

         Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitläp, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga möhüm esas döretdi.

 Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň