PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen wekiliýeti «Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Owganystana eksport» atly halkara sergisine gatnaşýar

22.10.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 22-25-nji oktýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäheriniň hemişelik halkara sergiler binasynda geçirilýän «Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Owganystana eksport» atly halkara sergisine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan we onuň agzalaryndan ybarat bolan wekilçilikli topar gatnaşýar.

Bu giň möçberli serginiň ekspozisiýalarynda senagat, internet tehnologiýa, hukuk, öý-goşlary, energetika, inženerçilik, gurluşyk, gämi gurluşygy, ätiýaçlandyryş, nebit-gaz, himiýa senagaty, dag-magdanlary, saglygy goraýyş, derman senagaty, lukmançylyk enjamlary, dokma senagaty, oba hojalyk, balykçylyk, azyk senagaty ýaly ugurlar  ýaýbaňlandyrylar. Serginiň geçirilýän günlerinde geljekde ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, özara peýdaly gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň kemala gelmegine aýratyn goşant goşmaga, goňşy halklaryň işewürlerine özara tejribe alyşmaga, birek-biregiň pikirini diňlemäge giň mümkinçilikler dörediler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň