07.09.2026
Niderlandlar Patyşalygynyň
Kronenberg şäherinde 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabrynda geçirilen Ahalteke
atlarynyň arasynda dünýä çempionaty, gözellik bäsleşigi we halkara çäreler toplumy
türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä giňişliginde
ýene bir gezek dabaralandy. Ýewropanyň iri atçylyk merkezleriniň birinde
geçirilen bu giň gerimli çäre halkara jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe
boldy.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli atşynaslyk sungatyny ösdürmek, Ahalteke
bedewleriniň dünýä şöhratyny belende galdyrmak we halkymyzyň baý medeni
mirasyny halkara giňişlikde giňden wagyz etmek baradaky asylly başlangyçlary bu
möhüm halkara wakada öz aýdyň beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyz Halkara
ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisinde çykyş edip, bu çäräniň
Türkmenistanyň gadymy taryhyna we özboluşly medeniýetine goýulýan belent
hormatyň nyşanydygyny belledi.
Halkara
çärä Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Çäräniň
çäklerinde Türkmenistanyň milli mirasyny, medeniýetini, sungatyny, halk
senetçiligini we ýurdumyzyň häzirki zaman mümkinçiliklerini giňden görkezýän
sergi stendlarynyň guralyşyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
jogapkärçilik çekdi.
Sergi
meýdançalarynda türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan milli däp-dessurlary,
amaly-haşam sungaty, çeperçilik we senetçilik önümleri, milli egin-eşikler,
halyçylyk sungaty hem-de medeni gymmatlyklary özboluşly sergi görnüşinde daşary
ýurtly myhmanlara ýetirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň dürli pudaklarynyň
gazananlary we işewürlik mümkinçilikleri bilen tanyşmaga şert döredildi.
Çäräniň
dowamynda Ahalteke bedewleriniň gözellik we atly sport çykyşlary bilen
birlikde, türkmen halkynyň milli medeniýetini we sungatyny şöhlelendirýän dürli
çäreler, döredijilik çykyşlary hem-de tanyşdyryşlar geçirilip, Türkmenistan
Ýewropanyň merkezinde özboluşly milli keşbi bilen giňden tanadyldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň bu iri halkara çärä işjeň gatnaşmagy milli
gymmatlyklary dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmak bilen bir hatarda, daşary
ýurtly işewür toparlar bilen gatnaşyklary ösdürmek, täze hyzmatdaşlyk
mümkinçiliklerini döretmek we türkmen önümleriniň hem-de hyzmatlarynyň halkara
giňişlikdäki ornuny pugtalandyrmak üçin hem ähmiýetli mümkinçilik boldy.
Ahalteke
bedewi – türkmen halkynyň şöhratly geçmişini, belent ruhuny we ýagty geljegini
birleşdirýän milli gymmatlykdyr. Kronenbergde dabaralanan bu şöhrat bolsa
türkmen bedewiniň dünýä atçylyk medeniýetindäki belent ornunyň nobatdaky aýdyň
beýany boldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.