Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Terjime sungaty – halkara hyzmatdaşlygyň ygtybarly köprüsi

21.08.2026
40

       2026-njy ýylyň 19-22-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy özünde täze mümkinçilikleri we işewür hyzmatdaşlygy jemleýän iri halkara meýdança hökmünde dowam edýär. Bu giň gerimli çärä Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň “Türkmenterjime” kärhanasy hem öz pawilýony bilen işjeň gatnaşýar.

       Kärhananyň döwrebap pawilýonynda onuň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary, terjimeçilik hyzmatlarynyň giň mümkinçilikleri hem-de dürli dillerde ýerine ýetirilýän hyzmatlar barada giňişleýin maglumatlar myhmanlaryň dykgatyna ýetirilýär. Pawilýon sergä gatnaşyjylara “Türkmenterjime” kärhanasynyň hünär mümkinçilikleri we hyzmatlarynyň gerimi bilen ýakyndan tanyşmaga şert döredýär.

          Halkara sergi-ýarmarkasy dürli ugurlarda iş alyp barýan ýurdumyzyň kärhanalary bilen daşary ýurtly gatnaşyjylaryň arasynda tejribe alyşmaga, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga we özara işewür gatnaşyklary has-da ösdürmäge giň mümkinçilik berýär.

       “Türkmenterjime” kärhanasynyň bu halkara sergä öz pawilýony bilen gatnaşmagy onuň mümkinçiliklerini giň köpçülige tanyşdyrmak, täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny açmak we ýurdumyzyň hyzmatlar ulgamynda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.

          Dil – diňe sözleriň däl, eýsem halklaryň we döwletleriň arasynda düşünişmegiň köprüsidir. “Türkmenterjime” kärhanasy bolsa şol köpriniň ygtybarly binýadyny döredýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň