13.08.2026
2026-njy ýylyň 12- nji awgustynda
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza
ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda halkara
wideoaragatnaşyk maslahaty guraldy.
Onlaýn duşuşygyň dowamynda gurama agza
döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi, söwda integrasiýasy we
sebitara arabaglanyşyk meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda sebitara arabaglanyşygy üpjün
etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçilikleri tanyşdyryldy. Gurama
agza döwletler bilen haryt dolanyşygyny artdyrmak we eksport mümkinçiliklerini
giňeltmek barada garaýyşlar beýan edildi.
Şeýle hem türkmen tarapy sebitdäki maýa goýum mümkinçiliklerini
ýokarlandyrmak üçin gurama agza ýurtlaryň telekeçileriniň gatnaşmagynda
yzygiderli bilelikdäki sergileri we işewürlik maslahatlaryny guramak meselesine
aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistan geljekde hem YHG döwletleri bilen ykdysady
hyzmatdaşlygy durnukly we uzak möhletli esasda ösdürmäge doly taýýardyr diýlip
bellenildi.
Bu duşuşyk sebit boýunça ykdysady
durnuklylygy üpjün etmekde we täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda
möhüm meýdança boldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.