PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi açyldy

09.10.2024
Card image cap

          2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherjiginiň dolandyryş müdirliginiň Türgenleşik zalynda  «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi öz işine başlady.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýän bu giň möçberli serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sergä gatnaşyjylara iberen çuňňur manyly Gutlagynyň okalmagy bu giň möçberli çärä gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.

        Iki günläp dowam etjek bu halkara sergisinde daşary ýurt kompaniýalary, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýörite we ýokary bilim berýän okuw jaýlary, hususy kärhanalar we telekeçiler öz ekspozisiýalary bilen çykyş ederler. Halkara sergisiniň myhmanlary Türkmenistanyň saglyk, ylym-bilim we sport ulgamlarynda ýeten belent sepgitlerini açyp görkezýän pawilýonlardaky diwarlyklary synlamaga, tanyşdyrylyş çärelerine gatnaşmaga  mümkinçilik alarlar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

 Metbugat gullugy. 


Bulary hem okaň