2024-nji ýylyň
9-10-njy oktýabrynda Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherjiginiň
dolandyryş müdirliginiň Türgenleşik zalynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda «Saglygy goraýyş, bilim we
sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi
we ylmy maslahaty geçiriler.
Bu halkara sergisinde türkmen lukmançylygynda,
bilimde we sportda gazanylan üstünlikler bilen birlikde daşary döwletleriň
ugurdaş kompaniýalarynyň alyp barýan döwrebap işleriniň köpsanlysy
ýaýbaňlandyrylar. Halkara lukmançylygyň anyklaýyş-bejeriş enjamlary we
tehnikalary, lukmançylyk mebelleri, gurallary, tebigy kosmetika önümleriň görnüşlerini,
türkmen işewürleriniň öndürýän çaga iýmitlerini we saglygy goraýyş
ulgamynda dürli görnüşdäki hyzmatlary hödürleýän kompaniýalaryň, şeýle hem
innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan kliniki merkezleriň
öz alyp barýan işlerini görkezmegine giň mümkinçilik dörediler. Şeýle hem
dünýäniň öňdebaryjy iri kompaniýalary bilim we sport boýunça alyp barýan
işlerini, tehnologiýanyň soňky gazananlaryny paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we
myhmanlaryna hödürlärler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.