20.08.2026
2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly
halkara sergi-ýarmarkasy öz işini dowam edýär.
Çagalar üçin
niýetlenen önümleriň we hyzmatlaryň giň toplumyny bir ýere jemleýän sergi ýurdumyzyň
hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalary üçin özara tejribe alyşmak, täze
hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we döwrebap önümleri giň köpçülige
tanyşdyrmak babatda ähmiýetli meýdança öwrülýär.
Serginiň pawilýonlarynda
çagalaryň gündelik durmuşynda zerur bolan egin-eşikler, oýnawaçlar, okuw we
döredijilik serişdeleri, dürli harytlar hem-de hyzmatlar hödürlenýär. Önümleriň
görnüşleriniň köpdürlüligi, olaryň döwrebaplygy we hili sergä gelýänleriň
ünsüni özüne çekýär.
“Kids EXPO” diňe
bir sergi-ýarmarka bolmak bilen çäklenmän, eýsem çagalaryň ösüşi, bilimi,
döredijiligi we sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly täze başlangyçlary öňe
sürmek üçin hem möhüm mümkinçilikler döredilýär.
Halkara sergi-ýarmarkasynyň
dowam edýän günlerinde onuň meýdançasy çagalar üçin döredilen täze
mümkinçilikleriň, döwrebap önümleriň we işewür hyzmatdaşlygyň özboluşly
merkezine öwrülýär. Bu bolsa “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” sergisiniň
çagalaryň bagtyýar geljegine gönükdirilen möhüm başlangyçlaryň biri hökmünde
ähmiýetini has-da artdyrýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.