Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” sergisinde milli animasiýanyň täze keşbi

20.08.2026
29

       Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynda çagalar üçin niýetlenen döwrebap döredijilik taslamalary giňden tanyşdyrylýar.

         Şolaryň hatarynda “MenzilMekan Animation” studiýasynyň “Nowça TV” multimediýa platformasy bilen bilelikde ilkinji gezek köpçülige hödürleýän “Menekliler” atly 3D animasiýa multserialy aýratyn gyzyklanma döredýär.

         “Nowça TV” çagalar üçin howpsuz, ýaş aýratynlyklaryna laýyk we milli gymmatlyklara esaslanýan döwrebap mazmunlary hödürleýär. “Menekliler” multserialy dostluk, özara kömek we ýagşylyk ýaly asylly gymmatlyklary gyzykly wakalaryň üsti bilen ýaş tomaşaçylara ýetirýär.

         Platformada “Menekliler” bilen birlikde “Daniel Gaplanjyk”, “Maşajyk we Aýy”, Janly ussahana”, “Tikenjik bilen Mymyjak” we “Doppi Pomidor” ýaly taslamalar hem hödürlenýär. Serginiň “Mini cinema” zolagynda bolsa bu eserleriň bölümlerine tomaşa etmek mümkinçiligi döredildi.

         Şeýlelikde, “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy milli döredijiligiň we sanly mümkinçilikleriň utgaşýan möhüm meýdançasydyr. “Menekliler” 3D multserialynyň ilkinji tanyşdyrylyşy türkmen animasiýasynyň täze ösüşleriniň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň