Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini üstünlikli jemledi

22.08.2026
33

        2026-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini üstünlikli jemledi. Çagalaryň bagtyýar durmuşyny, sagdyn ösüşini we döredijilik mümkinçiliklerini nazarlaýan iri halkara sergi-ýarmarkanyň jemleýji güni hem baý mazmunly çäreler bilen dowam etdi. Okuw-usuly sapaklar, maslahatlar, tanyşdyryşlar we medeni çykyşlar çäräniň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.

       Jemleýji günüň iň şowhunly pursatlarynyň biri “Çalt emedekleme” atly bäsleşik boldy. Bir ýaşa çenli körpeleriň gatnaşmagynda geçirilen özboluşly ýaryş sergä gatnaşyjylara ýatdan çykmajak şatlykly pursatlary paýlady.

        “Bagtyýar çagalyk” atly çagalar lybaslarynyň dabaraly görkezilişi hem jemleýji günüň bezegine öwrüldi. Onda ýaş nesil üçin niýetlenen döwrebap, owadan we milli öwüşginli lybaslar görkezilip, sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

         Sergi-ýarmarkanyň jemleýji pursady aýratyn ähmiýete eýe boldy. Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylaryň adyndan Ýüzlenme okaldy. Çäräniň geçirilmegine işjeň gatnaşanlara we Halkara küşt ýaryşynda ýeňiji bolan ýaş türkmen küştçilerine Hormat hatlarynyň gowşurylmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

         Dört günüň dowamynda çagalar üçin niýetlenen önümler, hyzmatlar, täzeçil başlangyçlar we döredijilik taslamalary giňden görkezildi. Halkara sergi-ýarmarka ýaş nesliň bagtyýar geljegine gönükdirilen başlangyçlaryň, döredijilikli pikirleriň we netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasyna öwrüldi.

         Şeýlelikde, “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy çagalaryň şatlygy, bagtyýar geljegi we ösüşi ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň beýany hökmünde ýokary ruhubelentlikde öz işini jemledi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň