15.08.2026
Ýylyň iň garaşylan «Kids Ekspo: ähli zat
çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy sanlyja günden badalga alar. Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasy birnäçe günüň dowamynda
çagalaryň gülki seslerine, akyl-paýhas
bäsleşiklerine we täsirli pursatlara beslener.
Çäre
2026-njy ýylyň 19–22-nji awgusty aralygynda uly şowhun bilen geçiriler.Bu halkara meýdança diňe bir
innowasion çagalar harytlaryny däl, eýsem uly göwrümli medeni-bilim
taslamalaryny hem birleşdirer.
Serginiň çäginde ilkinji gezek halkara
kitap ýarmarkasy, çagalaryň arasynda
halkara küşt bäsleşigi hem-de Russiýanyň
meşhur «Союзмультфильм» animasiýa studiýasynyň gatnaşmagynda işewürlik
duşuşyklary guralar.
Şeýle-de ýaş oýlap tapyjylaryň we
inženerleriň öz elleri bilen ýasan, geljegiň tehnologiýasyny görkezýän
innowasion robot bäsleşikleri;
Çaganyň ukybyny professional derejede
anyklap, ony dogry hünäre ugrukdyrjak ýörite geňeşmeler;
Çagalar üçin dürli ugurlar boýunça, şol
sanda Halkara mekdep küşt
federasiýasynyň tälim beriji ussatlyk sapaklary;
Çagalar edebiýatynyň iň täze neşirleri,
reňkli ertekiler dünýäsi we ýazyjylar
bilen duşuşyklary;
«Bagtyýar çagalyk» atly çagalar üçin
lybaslaryň dabaraly görkezilişi size garaşýar.
Bu halkara
sergide ene - atalar üçin:
Çaganyň ömrüniň ilkinji 1000 gününde ene
süýdüniň we dogry iýmitlendirişiň syrlary barada çykyşlar;
Körpäniň beýnisiniň ösüşi, dogry ene-ata
terbiýesi hem-de çagany telefondan daşlaşdyryp, kitaba nädip
höweslendirmelidigi barada professional psihologik maslahatlar;
Çagalar
üçin goşmaça iýmitler we iýmitleniş düzgünleri barada gymmatly geňeşmeler
guralar.
«Kids Ekspo - ähli zat çagalar üçin»
Size garaşýar!
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.