PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Halkara sergisi we ylmy maslahaty üstünlikli geçirildi

10.10.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherjiginiň dolandyryş müdirliginiň Türgenleşik zalynda geçirilen  «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işini üstünlikli tamamlady.  Bu halkara sergisinde ýurdumyzyň saglyk we derman senagaty, ylym-bilim we sport ulgamlarynda gazanan üstünlikleri bilen türkmen we dünýä jemgyýetçiligi  giňden tanyşdyryldy. Halkara sergisiniň çäklerinde geçirilen ylmy maslahatda türkmenistanly we daşary ýurtly hyzmatdaşlara özara tejribelerini paýlaşmaga mümkinçilik döredildi.

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna  gatnaşyjylara  sertifikatlar gowşuryldy. Şeýle hem bu giň möçberli çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň