Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Halkara sergi – ösüşleriň we hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasy

11.10.2026
23

       2026-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi öz işini dowam etdirýär.

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleri, innowasion ösüşleri we halkara hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini şöhlelendirýän bu sergi möhüm ähmiýete eýedir. Ol saglygy goraýyş, derman senagaty, bilim we sport ulgamlarynda gazanylýan netijeleri, öňdebaryjy tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşyny giňden açyp görkezýär.  

         Serginiň dowamynda gatnaşyjylar degişli ugurlarda hödürlenýän täze önümler, innowasion işläp taýýarlamalar we döwrebap çözgütler bilen tanyşmaga, hünär tejribelerini alyşmaga hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik alýalar.

         Halkara serginiň ähmiýeti diňe bir pudaklaýyn gazananlaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze başlangyçlary goldamaga we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge goşýan goşandynda hem ýüze çykýar.

         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda dowam edýän bu halkara çäre ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlaryny dabaralandyrmak, milli mümkinçilikleri dünýä ýaýmak hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ähmiýetli meýdança bolup çykyş edýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň