PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugruna bagyşlanan duşuşyk

04.10.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ýewropa Bileleşigi bilen ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi. Oňa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky we Gazagystandaky wekilçiliginiň we Ýewropa bileleşiginiň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Duşuşykda Türkmenistanyň  iri halkara ulag-logistika merkezi  hökmünde ähmiýeti nygtaldy. Bu babatda daşary ýurtly myhmanlar  Hazar deňzi sebitiniň möhüm ornuny bellediler. Hazar üstaşyr geçelgesiniň üsti bilen Özbegistan döwletinden  gelýän ýükleri Ýewropa bileleşigine  üstaşyr geçirmekde barha artýan mümkinçilikleri nygtalyp, bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň ähmiýeti barada durlup geçildi.   

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

 Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň