Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy – ykdysady ösüşiň aýdyň beýany

18.09.2026
67

       2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi şu gün hem köpçüligiň ünsüni özüne çekip, öz işini dowam etdirýär.

         Sergi meýdançalarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, döwrebap önümçilikler, innowasion çözgütler we milli önümler täze öwüşginde görkezilýär.

Serginiň her bir diwarlygy döredijiligiň, zähmetiň we ösüşiň özboluşly beýany bolup, Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ykdysady kuwwatyň giň mümkinçiliklerini şöhlelendirýär.

         Şu günki sergi hem diňe bir gazanylan netijeleriň görkezilişi bolman, eýsem täze pikirleriň, işewür gatnaşyklaryň we geljekki mümkinçilikleriň özboluşly duşuşyk meýdançasyna öwrülýär.

Sergi dowam edýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň