19.08.2026
2026-njy ýylyň 19-njy awgustynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda çagalar üçin niýetlenen önümleriň,
hyzmatlaryň, bilim-döredijilik mümkinçilikleriniň hem-de täze başlangyçlaryň
giň toplumyny özünde jemleýän “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara
sergi-ýarmarkasy dabaraly ýagdaýda öz işine başlady.
Ýokary
ruhubelentlik ýagdaýynda geçen açylyş dabarasynda Hormatly Prezidentimiziň
Gutlag haty okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün
etmek, olaryň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy we döredijilik
başarnyklaryny doly açyp görkezmegi üçin döredilýän mümkinçilikler baradaky
parasatly garaýyşlary bu halkara çäräniň ähmiýetini has-da belende göterýär.
Halkara
sergi-ýarmarkanyň çäklerinde çagalaryň dürli ugurlardaky başarnyklaryny
ösdürmäge, olaryň döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini açyp görkezmäge
gönükdirilen giň gerimli çäreler geçirilýär. Olaryň hatarynda mekdep
okuwçylarynyň arasynda Küşt ýaryşy, Halkara Küşt federasiýasynyň tälim beriji
ussatlyk sapaklary, “Hünärler şäheri: geljege tarap 5 ädim” atly hünäre
ugrukdyryş we maslahat beriş çäreleri, şeýle hem “Durmuşyň ilkinji 1000 güni:
her bir çaga üçin iň gowy başlangyç” atly ene süýdi bilen iýmitlenmegiň peýdasy
barada maslahatlar we duşuşyklar bar.
“Kids
EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy – çagalaryň bagtyýar
şu güni we nurana geljegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň, halkara
hyzmatdaşlygyň hem-de täze başlangyçlaryň özboluşly baýramydyr.
“Kids
EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy 22-nji awgusta çenli
dowam eder.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.