Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Awazada halkara hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

08.10.2026
30

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çäreler ykdysady we işewür hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýan giň gerimli çäreler bilen utgaşýar. Şol çäreleriň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň sergisi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

         2026-njy ýylyň 7-9-njy oktýabry aralygynda “Awaza” sport toplumynyň sergi meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan bu halkara sergi dürli döwletleriň ykdysady, söwda, önümçilik we maýa goýum mümkinçiliklerini giňden tanyşdyrýan, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýan möhüm işewürlik meýdançasyna öwrüldi.

         Sergide Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň milli diwarlyklary ýerleşdirildi.

         Milli pawilýonlarda gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwaty, önümçilik mümkinçilikleri, häzirki zaman önümleri we hyzmatlary, maýa goýum ugurlary, şeýle hem halkara bazarlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi uly mümkinçilikleri giňden tanyşdyrylýar.

         Bu iri halkara serginiň guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirilmeginde Türkmenistayň Söwda-senagat edarasynyň hem möhüm orny bardyr. Edara sergä gatnaşyjy döwletleriň we işewür toparlaryň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugatalandyrmaga gönükdirilen işleri alyp barýar.

         Serginiň giň mazmuny dürli ýurtlaryň işewür toparlaryny bir meýdançada jemläp, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga, bar bolan işewür gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga we geljekki bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga giň şert döredýär.

         Şeýle hem sergide häzirki zaman önümçiliginiň gazananlaryny, innowasion çemeleşmeler we ykdysady ösüşiň täze ugurlary öz beýanyny tapýar. Görkezilýän önümler we tanyşdyryş maglumatlary gatnaşyjy döwletleriň dürli pudaklardaky mümkinçiliklerini, önümçilik kuwwatyny we täze bazarlara çykmak babatda öňde goýýan maksatlaryny şöhlelendirýär.

Halkara çäreleriň çäklerinde geçirilýän bu sergi döwletleriň arasynda dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge, täze ykdysady mümkinçilikleri ýüze çykarmaga, işewür hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge hem-de halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmäge möhüm itergi berýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň