09.10.2026
Hazaryň türkmen kenaryndaky
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy şu günler halkara hyzmatdaşlygyň, netijeli
dialogyň we täze başlangyçlaryň özboluşly merkezine öwrülýär. Bu ýerde
geçirilýän giň gerimli halkara çäreler Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli
daşary syýasatynyň, sebit we dünýä ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklary
yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen strategiýasynyň aýdyň beýany bolup durýar.
Awazada
geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklar häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara
alyp maslahatlaşmak bilen bir hatarda, döwletleriň arasynda özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge giň mümkinçilik döredýär.
Esasan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny
ösdürmek, ulag-logistika mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, energetika
we durnukly ösüş boýunça bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek meseleleri
aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Bu
halkara çäreleriň Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň täze mümkinçiliklerini dünýä
jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmak babatda hem ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda
döredilen amatly maýa goýum şertleri, döwrebap mümkinçilikleriň kemala
gelýändigini görkezýär.
Awaza
bu gün diňe bir Hazaryň kenaryndaky döwrebap syýahatçylyk merkezi däl. Ol dürli
döwletleriň we işewür toparlaryň pikir alyşýan, täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny
ara alyp maslahatlaşýan, özara ynanyşmaga we netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan
möhüm halkara meýdançasydyr.
Halkara
duşuşyklaryň çäklerinde geçirilýän medeni we ynsanperwer çäreler bolsa
döwletleriň we halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da
pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Bu bolsa ykdysady hyzmatdaşlygyň berk binýady
bolan özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ähmiýetini ýene-de bir gezek açyp
görkezýär.
Türkmenistanyň
halkara derejesindäki şeýle möhüm çäreleriň geçirilýän merkezi hökmünde Awazany
öňe çykarmagy ýurdumyzyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde eýeleýän ornunyň
barha pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýlelikde,
Hazaryň türkmen kenarynda ýaýbaňlandyrylýan halkara dialog Türkmenistanyň dünýä
ykdysady giňişlikdäki işjeň ornuny berkitmek, täze hyzmatdaşlyk
mümkinçiliklerini açmak we uzak möhletleýin, özara bähbitli ykdysady
gatnaşyklary ösdürmek babatda möhüm ähmiýetli täze sahypany açýar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.