Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Aşgabatda ulag we sanly tehnologiýalar boýunça halkara çäreler geçiriler

18.11.2026
36

2026-njy 24 – 26-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde ulag-logistika ulgamynyň we sanly tehnologiýalaryň ösüşine bagyşlanan iki sany iri halkara çäre – “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026” atly halkara maslahat we sergi, şeýle-de “Türkmentel – 2026” atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Halkara çäreler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýaýbaňlandyrylar.

Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamynyň we sanly tehnologiýalaryň dünýä ykdysadyýetindäki ähmiýeti barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, geçiriljek halkara çäreler bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak hem-de täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin möhüm meýdança bolar.

“Türkmentel – 2026” halkara sergisinde telekommunikasiýa, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, emeli aň, 5G ulgamy, sanly platformalar, maliýe tehnologiýalary we maglumat howpsuzlygy boýunça döwrebap çözgütler görkeziler. Ulag ulgamyna bagyşlanan halkara maslahatyň çäklerinde bolsa halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, üstaşyr gatnawlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we ulag arabaglanyşygyny berkitmek meselelerine garalar.

Çäreleriň çäklerinde B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklara hem aýratyn ähmiýet berler. Bu duşuşyklar milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň, şeýle-de döwlet edaralarynyň wekilleriniň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, täze hyzmatdaşlygy tapmaga we geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilikleri döreder.

Aşgabatda geçiriljek bu halkara çäreler Türkmenistanyň ulag-logistika we sanly aragatnaşyk ulgamlarynyň mümkinçiliklerini halkara derejede tanyşdyrmaga, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge hem-de ýurdumyzyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegindäki ornuny pugtalandyrmaga hyzmat eder.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň