Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“Agro Pack Turkmenistan-2026” üstünlikli tamamlandy

14.05.2026
34

Oba hojalygy we azyk senagaty pudaklary üçin iň iri meýdançalaryň biri bolan “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi 2026-njy ýylyň 14-nji maýynda üstünlikli tamamlandy.

 Sergi 12-14-nji maý aralygynda Türkmenistanyň  Söwda-senagat edarasynda geçirilip,  azyk önümçiliginiň enjamlary, gaplama önümleri we gaplama enjamlary, azyk önümleri we iýmit goşundylary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, däne saklaýyş we degirmen ulgamlary, ýyladyşhana, oba hojalyk önümleri, tohumlar we dökünler, suwaryş ulgamlary ýaly ugurlar boýunça öz hyzmatlaryny hem-de önümlerini hödürledi.

Bu sergi azyk senagatynda soňky ýyllarda gazanylan üstünlikleri görkezmek, tejribe alyşmak we içerki we daşary ýurt öndürijileriniň arasynda işewür gatnaşyklar gurnamak üçin ähmiýetli boldy.

Çäräniň  ahyrynda oňa gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy.

Sergä gatnaşyjylar  hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip,  döredilýän ähli şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

 

 

 

                                                         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                      Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň