30-31 Oktýabr 2025
Forum
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
30.10.2025
Germaniýa Federatiw Respublikasy Maýn boýundaky Frankfurt şäheri
2025-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Frankfurtda
geçiriljek Türkmenistan Ykdysadyýet günleri, Türkmenistan bilen Germaniýa
Federatiw Respublikasynyň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin
özboluşly platforma bolar. Bu çärä, German Ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň
hem-de kiçi we orta telekeçilik agentligi bolan Mittelstand, Frankfurt
Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
tarapyndan geçiriler.
Forum, üstünlikli hyzmatdaşlyk üçin tejribesi we çeşmesi
bolan bu guramalaryň öňdebaryjy agza kompaniýalaryny birleşdirer. Tehnologiýalary
üpjün etmekde öňdebaryjy tejribesi bolan Germaniýa we dürli pudaklarda uly
önümçilik mümkinçilikleri bilen Türkmenistan maliýe, saglygy goraýyş, söwda, ulag,
nebit we gaz, nebithimiýa, oba hojalygy we dokma senagaty ýaly ugurlaryň
şöhlelendirilmegi göz öňünde tutulýar.
Işewürlik forumy uzak möhletleýin Ýewropa Bileleşigi
sebitinde we Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş gatnaşyklaryny ýola goýmak
we täzelikleri girizmek üçin platforma döreder. Işewür wekilleri we
hünärmenleri hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini döretmek we bilelikde
ykdysady gatnaşyklary berkitmek üçin Türkmenistanyň Ykdysadyýet günlerine
gatnaşmaga çagyrýarys.
Habarlaşmak üçin:
Kemal Kutlyýew - Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar bölüminiň başlygynyň
orunbasary, Daşary ykdysady seljeriş we maglumat bölümçesiniň başlygy
+99361776088