№24 «Owadan Ülke»
«Owadan Ülke» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň çäginde guruldy we işe girizildi. Şereketimizde ilkinji bolup «NUR» haryt nyşany bilen önümler öndürilip başlandy. «NUR» haryt nyşany gysga wagtyň içinde Türkmen bazarynda berk orny eýelän markalaryň biri bolup halkymyzyň uly isleg bilen sarp etýän önümleriniň hataryna goşuldy. Mähriban halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin, biziň kärhanamyzda häzirki günde «Nur», «Mylaýym» we «Hazyna» görnüşli haryt nyşanda önümler öndürilýär.