Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

Makalalar

Mukaddes hem gymmatly düşünje

26.09.2025
153
Card image cap

Däp bolup gelşi ýaly, her ýylyň tylla güýzünde mähriban Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň dabaralary giň gerime eýe bolýar. 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baş baýramymyz 34-nji gezek bellenilýär. Ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramy aýdym-sazly, ýokary ruhubelentlikde dabaralara beslendi. Aslynda, halkyň dünýägaraýşynda bereketli güýzüň özboluşly hasabat pursadydygyny nazarda tutsaň, Garaşsyzlyk baýramy hem her ýyl ýurtda gazanylan ösüşli menzillere, şanly sepgitlere, zähmet üstünliklerine baha berilýän müddetdir diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Sebäbi her bir ynsan, her bir ildeşimiz bu baýramy öz gazanan zähmet üstünligi, toý sowgady bilen garşylaýar.

Hawa, bu ýylda hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» hem-de Prezident maksatnamalaryna laýyklykda, birnäçe döwrebap şäherler, şäherçeler we obalar guruldy. Muňa baş baýramyň öňüsyrasyndaky günlerde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde «Döwletli mekan» we Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde «Bagtly zamana» diýlip atlandyrylan täze, döwrebap obalaryň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň hem-de awtomobil köprüleriniň açylyş dabaralaryny, Arkadag şäherinde ýaşaýyş jaýlaryň öýleriniň açarlarynyň gowşurylyş hem-de paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň dabaraly açylyşyny mysal görkezmek bolar. Şu ýyl milli ykdysadyýetde ýokary ösüş görkezijileri gazanyldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 29-njy awgustda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimize berlen hasabatda bellenilişi ýaly, jemi içerki önümiň ösüş depgini agzalan döwürde 6,3 göterime deň boldy.

Eziz Diýarymyzda asudalyk, parahatçylyk höküm sürýär. Halkymyz yhlasly, halal zähmet çekip, öz röwşen geljegini gurýar. Daýhan ýylboýy çeken päk zähmetiniň hözirini görýär, arly ýyl der döküp gazanan girdejisine kimler täze jaý gursa, kimler ogul öýermegiň, kimler döwrebap ulag edinmegiň aladasynda. Ynsan üçin adaty durmuş bagty, eşretli ýaşaýyş diýleni şunda jemlenmeýärmi, eýsem?!

Garaşsyzlygyň geçen 34 ýylynda döwrebap pikirlenýän täze nesil kemala geldi, adamlaryň dünýägaraýşy düýpli özgerdi, medeni-intellektual derejesi ýokarlandy. Döwletiň goldaw-hemaýaty netijesinde, belent maksat tutunan işewürleriň, hususy önüm öndürijileriň hatary-da barha artmak bilen. Döwrüň tehnologik ösüşleri halk hojalygynyň ähli pudaklaryna yzygiderli, tapgyrma-tapgyr ornaşdyrylýar. Internetiň, sanly ulgamyň, innowasion tehnologiýalaryň şeýlekin giň gerimde ornaşdyrylmagy döwlet maksatnamalarynda möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi. Muňa sebitde ilkinji «akylly» şäher diýlip ykrar edilen Arkadag şäheriniň döwrüň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi aýdyň mysaldyr. Köpetdagyň eteginde ýaraşykly binalardan, oklaw ýaly şaýollardyr köçelerden durýan bu döwrebap şäher Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan, döredijilik pikirlerinden kemala gelen bu gözel mekanyň barha giň çäklere ýaýraýan gurluşygynyň ikinji tapgyry hem joşgunly zähmete beslenýär. Arkadag şäheri her bir türkmenistanlynyň guwanjydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz şeýle ýazýar: «Häzirki wagtda hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň aýdyň ösüş ýollary dünýä ösüşlerinde öz ornuny tapmaga gönükdirilendir». Hakykatdanam, eziz Diýarymyzyň özerkli ösüşli menzillerine ser salsak, onuň halkara jemgyýetçilikde öz mynasyp ornuny tapandygy hemmelere mälim hakykatdyr. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34, hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk menzillerinde dünýäde parahatçylygyň baky berkarar bolmagy ugrunda işjeň çykyş edýän döwlet hökmündäki gazanan at-abraýy muňa şaýatlyk edýär. Bu hakykaty şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty nobatdaky gezek bütin aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi üçünji gezek halkara jemgyýetçiligi tarapyndan biragyzdan ykrar edildi.

Baky Bitaraplyk hakyndaky söhbediň uşlybyny uzaltsak, ýene bir sözi-de aýdan ýagşy, ol-da, 19-njy sentýabrda ak mermerli paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» täze Konstitusion kanunyň taslamasyna garalmagydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen taýýarlanan bu taryhy resminama ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýörelgelerinidir ileri tutulýan ugurlaryny hukuk taýdan berkidýär. Şeýle Kanunyň işlenip taýýarlanmagy ýurdumyzyň sebitleýin durnuklylygynyň ygtybarly kepili, parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ornuny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ýeri gelende aýtsak, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem kabul edildi.

Halkymyzyň köpasyrlyk milli ýörelgelerinden ugur alnyp döredilen Halk Maslahatynyň mejlisinde özygtyýarly döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemlendi. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ösdürilmegi boýunça anyk tekliplerdir öňde duran möhüm wezipeler hem ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de degişli çözgütler kabul edildi.

 

* * *

Garaşsyzlyk biziň her birimiz üçin bahasyny hiç bir baýlyk bilen ölçäp bolmajak gymmatlykdyr, çünki ol merdana halkymyzyň diliniň, ynanjynyň, milli özboluşlylygynyň, erkin, abadan durmuşynyň, millet hökmünde dowamat-dowamlylygynyň kepilidir. Bu düşünje giň many-mazmuna eýedir, mysal üçin, sosiologiýada ol ynsanyň, şahsyýetiň durmuşda öz pikirini, ynanç-yktykadyny, ýaşaýyş ýörelgelerini ileri tutmagyny, olary goramagyny hem öz içine alýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Watan söýgüsiniň kemala gelmegi üçin bolsa her bir raýat Watanyň gymmatyna düşünmeli, onuň taryhy geçmişini bilmeli. Ata-babalarymyzyň döreden her bir uly eserinde ýurt, Watan küýsegi çeper suratlandyrylýar. Goý, ol bir şahyryň döreden goşgusy ýa kyssasy bolsun, halkyň döreden eposy ýa dessany bolsun, elmydama il-ýurt, dogduk Diýar, Watan küýsegi ýokarda goýulýar. Olaryň ählisinde hakyky bagt öz Diýaryňda, öz iliňde tapylýar. Nähilidir bir gowy zady başga ýerlerden tapmak nesibesinde bolsa-da, ony öz ýany bilen Watanyna, iline alyp gelýär».

Şu jümleler barada oýlanýarkam, döwrümiziň bir hakykaty serime doldy. Ýagny dünýäniň birnäçe ýurtlarynda Garaşsyzlyga milli derejede nähili hormat-sarpa goýulýandygy ünsüňi çekýär. Ol hem, şol ýurtlaryň başlangyç we orta bilim ojaklarynda belli senelerde ýa-da okuw hepdesiniň başynda ýurduň Garaşsyzlyk senasynyň ýaş nesillerdir mugallymlaryň gatnaşmagynda agzybirlikde ýerine ýetirilmegidir. Şeýle pursatlarda bu asylly ýörelgäniň terbiýeçilik güýji baradaky pikir-oýlara berleniňi duýman galýarsyň. Sebäp, şeýle ýörelge ösüp gelýän ýaş nesliň kalbynda öz Watanyna söýginiň, ösen watanperwerlik duýgusynyň kemala gelmeginde iňňän ähmiýetlidir. Hut şeýle pursatlar geljekki Watan ogullaryny, merdana nesilleri terbiýeleýär ahbetin!

Ýurduň Garaşsyzlygy dünýäde hiç kime garaşly bolmazdan, öz syýasatyny ýöretmegini, beýleki döwletler bilen milli bähbitlerden gelip çykýan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary alyp barmagyny, öz milli ýörelgelerini, çäk bitewüligini goramagyny öz içine alýar. Şu nukdaýnazardan, Garaşsyzlyk milletiň ýaşamagy üçin örän möhümdir.

Garaşsyzlyk diňe bir şu günüň däl, eýsem, geçmişiň we geljegiň nazaryýetinden wajyp bolup durýar. Çünki Garaşsyzlyk düşünjesi ata-babalaryň umyt-arzuwlarynyň amala aşmagyny, olar baradaky milli hakydanyň goralmagyny aňladýar. Garaşsyzlyk geljek nesilleriň abadan, bagtyýar, erkin durmuşynyň kepilidir. Nesilleriň dowamat-dowamlylygydyr.

Garaşsyzlyk — munuň özi Döwlet nyşanlarynda: ýurduň tugunda, senasynda, tugrasynda beýanyny tapan mukaddes gymmatlykdyr.

Garaşsyzlyk — munuň özi asuda saba-säherlerdir, abadan gijelerdir.

Garaşsyzlyk ösüşleriň baş we möhüm kepilidir.

 

                                                                                     Hemra HUDAÝGULYÝEW.

                        Çeşme: «Türkmenistan» gazeti. 2025-nji ýylyň 23-nji sentýabry


Bulary hem okaň