Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

Makalalar

Hazar ― umytlaryň deňzi

29.07.2025
125
Card image cap

Şu makalany ýazmak üçin maglumat toplaýarkak, ýene-de bir hepdeden gowrak wagtdan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň resmi saýtynda täsin maglumata gabat geldik. Ýer ýüzüniň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerinde 570 million adam ýaşaýan eken. Bu dünýäniň ilatynyň 14-den biri diýmek. Ine, ajaýyp Awazada geçiriljek forum şunça adamyň ykbalyna täsirini ýetirer. Awazamyz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň deňiz çykalgasy bolmak üçin möhüm ädim äder. Deňiz kenarynyň syýahatçylyk merjeni indi ykballaryň hem merjenine öwrüler.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen diňe üstümizdäki ýylyň mysalynda alanymyzda hem döwletli Diýarymyz ,gör, eýýäm näçenji gezek Ýer ýüzünde parahatçylygy, okgunly ösüşi berkitmekde umytlaryň merkezine öwrülýär. 4 — 8-nji awgust günlerinde Awazada geçiriljek forumy we onuň çäklerindäki çäreleriň toplumyny hem şol ädimleriň iň möhümleriniň hataryna goşup bileris. Bu hakykata has aýdyň göz ýetirmek üçin bu maslahatyň ähmiýetine içgin aralaşalyň!

BMG-niň ýanyndaky az derejede ösen ýurtlary, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary hem-de kiçi ada döwletlerini goldamak boýunça ýokary derejeli maslahatçylaryň edarasy (UN-OHRLLS) bu forumyň esasy guramaçylarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Düzümine iri halkara guramalaryň üçüsini (LDCs — az derejede ösen ýurtlar, LLDCs — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar, SIDS — kiçi ada döwletleri) birleşdirýän edara 2001-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen döredildi. Edaranyň maksady dünýäde ykdysady goldawa mätäç döwletleriň meselelerini halkara derejesinde öňe sürmekden we halkara hyzmatdaşlygynyň mehanizmlerini döretmekden ybaratdyr. Bu maksatlara ýetmekdäki ilkinji çözgüt bolsa şol döwletleriň özara ykdysady hyzmatdaşlygyndan gözlenilýär. Soňky iki ýylyň dowamynda edara degişli döwletlerde ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gowulanmagy, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, bilimiň we saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy hem-de ulag we kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda möhüm ädimleriň birnäçesini ätdi. Şolaryň hatarynda az derejede ösen ýurtlar üçin Ýol kartasynyň döredilmegini, durnukly ösüşe goldaw bermek üçin tehniki we maliýe hyzmatdaşlaryny birleşdirýän platformalaryň emele getirilmegini, şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreşde kiçi ada döwletlerine niýetlenilen «Howanyň çydamlylyk gaznasynyň» işe girizilmegini görkezip bileris. Bu babatda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň sanawyna girýän Türkmenistanyň goşandy diýseň uludyr. Döwletimiz BMG-niň bu abraýly guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ulag we logistika babatyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň üçin hem UN-OHRLLS bilen aragatnaşyklar ýokary derejede alnyp barylýar.

Biziň ýurdumyzyň bu maslahata näderejede ähmiýet berýändigini Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary hem tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkara foruma görülýän taýýarlyk işleriniň hiç birini hem gözden salman, olaryň her biri barada berýän gymmatly maslahatlary forumyň guramaçylyk topary üçin ýol-ýörelgä öwrüldi. Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolsa bu döwletler bilen hyzmatdaşlygymyzy has berkidýär. Göz öňünde tutulýan Konwensiýa 1965-nji ýylyň 8-nji iýulynda kabul edilipdi. Ýurdumyzyň bu Konwensiýa goşulmagy, deňze çykalgasy bolmadyk döwletler bilen üstaşyr söwda boýunça halkara hukuk kadalaryna laýyklykda sazlaşykly hyzmatdaşlyk etmekde mümkinçilikleri artdyrar. Şonuň bilen birlikde-de döwletimiziň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirer.

Ýeri gelende aýtsak, Awaza forumy öz gözbaşyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde kabul edilen «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamadan alyp gaýdýar. Resminama laýyklykda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň on ýyllyk maksatnamasy (2024 — 2034-nji ýyllar) «Awaza» maksatnamasy» diýlip atlandyrylar.

Hazar geçelgesi Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda iň gysga, bäsdeşlige ukyply söwda ýoludyr. Şeýle bolansoň Awaza forumyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Oňa BMG-niň ýolbaşçylar düzümi bilen birlikde onlarça döwletlerden ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmaklaryna garaşylýar. Awaza forumy, aslynda, köpugurly çäreleriň toplumyna öwrüler. Şol günlerde Hazaryň türkmen kenary dostlugyň, parahatçylygyň, umytlaryň toýuny tutar.

Awaza forumy — halkara hyzmatdaşlykda möhüm meýdança

Ajaýyp Awaza Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň üçünji duralgasydyr.

Birinji maslahat 2003-nji ýylyň 25 — 29-njy awgusty aralygynda Gazagystanyň Almaty, ikinji maslahat bolsa 2014-nji ýylyň 3 — 5-nji noýabry aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilipdi.

BMG bu iri forumy Awazada geçirmek boýunça degişli Kararnamany şu ýylyň 11-nji aprelinde Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde kabul etdi.

Ýer ýüzüniň 57 döwleti bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi;

Resminama laýyklykda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň on ýyllyk maksatnamasy (2024 — 2034-nji ýyllar) «Awaza» maksatnamasy» diýlip atlandyrylar;

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 4-nji iýulynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi;

Maslahat «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzuk boýunça geçiriler;

Forumyň çäklerinde geçiriljek çäreler 7 sany ugry öz içine alar. Olaryň arasynda açylyş we ýapylyş dabaralary, plenar mejlisler, ýokary derejedäki mowzuklaýyn «tegelek stollar», forumlar, sergiler, Merkezi Aziýa döwletleriniň Milli günleri bar.

Foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

 

Agageldi ITALMAZOW, habarçy

 Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/201845

“Türkmen gündogary” gazeti. 24.07.2025


Bulary hem okaň