27.10.2026
Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen
bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, hasyly
ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça zerur çäreler
görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş
geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Kadaly gögeriş alnan meýdanlarda
degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Bu
işler bilen bir hatarda, welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki
azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly
ýygnap, ilata ýetirmek boýunça işler utgaşykly alnyp barylýar.
Şeýle
hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň
ýokary hilli, guramaçylykly we agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň
zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen
maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň
möhümdigine ünsi çekip, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde
tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda hem-de
ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilip, ýygymyň depginini
güýçlendirmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip,
ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan ýerlerde
degişli ideg işleri alnyp barylýar.
Ýurdumyzda
azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur
alnyp, güýzlük ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen
hasyly ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Şunuň
bilen bir hatarda, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan
möwsümleýin işleriň, hususan-da, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň ýokary
guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime degişli
görkezmeleri berdi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde
tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz
wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, welaýatda pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap
almak boýunça işler dowam edip, ýygymyň depginini güýçlendirmek üçin zerur
çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde we
ýokary hilli geçirmek üçin oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde hem-de
netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Bu işler bilen bir hatarda,
welaýatda ýetişdirilen şalynyň, güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk
ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle
hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz
ýygnap almak, bu ugurdaky işleriň depginlerini güýçlendirmek, bugdaý ekişini
agrotehniki möhletlerde talabalaýyk geçirmek babatda häkime anyk tabşyryklary
berdi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky
hanasyna çenli ýitgisiz we gysga wagtda ýygnap almak, şeýle hem ýygnalan hasyly
pagta kabul ediş kärhanalaryna we harmanhanalaryna tabşyrmak işleri alnyp
barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatda
bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak,
gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen
bir hatarda, welaýatda şalynyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň
hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär.
Şeýle-de
häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli
möwsümiň dowam edýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, häkime pagta
hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda, öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary
hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde pagta
hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Pagta ýygymyna gatnaşýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde
işletmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda we kabul ediş
harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şunuň
bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda
suw tutmak we ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda,
welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda
alnyp barlyp, häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly ýygnap almaga taýýarlyk
görülýär.
Hormatly
Prezidentimiziň ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberlerini
artdyrmak we azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýan
wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda ekilen güýzlük ýeralma, gök-bakja we
beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek bilen bir hatarda, ýetişdirilen
hasyly ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Mundan
başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň dokma hem-de azyk
senagaty pudaklary üçin gymmatly çig mal bolan pagta hasylyny soňky hanasyna
çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde
geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi we bu babatda
häkime degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde
ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, hasyly kabul
ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek
boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary
doly güýjünde işledilýär.
Geljek
ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilýän meýdanlary mineral
dökünler bilen gurplandyrmak, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak
işleri utgaşykly alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen
bolelin üpjün etmek barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek
maksady bilen, welaýatlarda azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap
almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Daşoguz
hem-de Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnap almak işleri dowam edip, Mary
welaýatynda gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri tamamlaýjy
tapgyrda alnyp barylýar we häzirki wagtda hasyly ýygnap almaga taýýarlyk
görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki
möhüm ornuny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere häzirki wagtda
pudakda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda pagta
ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de hasyly gysga möhletde, ýitgisiz
ýygnamak üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirmegi, bugdaý ekişini agrotehniki
möhletlere laýyklykda, ýokary hilli geçirmegi, ekişde oba hojalyk
tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde, netijeli işledilmegini üpjün
etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny wagtynda tutup, kadaly gögeriş
almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi, haşal otlara garşy göreş çärelerini
wagtynda geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz içerki bazarlarymyzy üpjün etmek üçin welaýatlarda
ýetişdirilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini, Daşoguz we Lebap
welaýatlarynda şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, Mary welaýatynda gant
şugundyrynyň ýygymyna başlamaga gowy taýýarlyk görmegiň, bugdaý we pagta
öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin
ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmegiň zerurdygyny
belledi.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalarda bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigine
ünsi çekip, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen
medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp
barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov