Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

Makalalar

Halkara gatnaşyklarda möhüm meýdança

26.07.2025
129
Card image cap

Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň birine öwrülip, Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň işjeň we döredijilikli taglymatdygynyň täze ykrarnamasy bolar. Bu iri maslahatyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşykly guralmagy şöhratly wakalara taryhy dereje berýär.

Bu halkara forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam eder. Şu jähetden, «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzukda guraljak maslahat deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan, az ösen we kiçi ada ýurtlarynyň, sebit hem-de halkara guramalaryň, iri kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemlär. Şeýle möhüm ähmiýetli forumlarda Türkmenistan döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar häzirki zamanyň derwaýys meseleleri boýunça halkara derejede alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ilerlemegine, gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda gatnaşyklary guramakda täzeçil, netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga itergi berýär, halkara guramalaryň we döwletleriň gatnaşmagynda ählumumy we sebitleýin hyzmatdaşlygyň netijeli amala aşyrylmagyny üpjün edýär.

Ýeri gelende bellesek, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnama kabul edilip, dünýäniň 57 döwleti şol resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi. Şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Şular bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Maslahatyň geçiriljek ýeri hökmünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Çünki Merkezi Aziýada strategik taýdan amatly çäkde ýerleşýän Türkmenistan döwletimiz Hazar deňzi arkaly dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça başlangyçlary işjeň ilerledýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Allamyrat MUHAMMEDOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

 

Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/202252


Bulary hem okaň