PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Sergileriň sanawy

№07 Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

 

Giriş.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi däp bolşy ýaly, ata Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän ykdysady gözden geçiriliş Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda depginli ösýän milli ykdysadyýetimiziň üstünlikleriniň hem-de mizemez kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrülip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşiniň geljekki ugurlaryny ýüze çykarar.



Serginiň geçirilýän ýeri

"Garagum" myhmanhanasynyň çäginde

Serginiň geçýän wagty: 2024-nji ýylyň 19-21-nji sentýabr aralygynda  - 09:00 – 18:00

 

Sergä gatnaşyjylar.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, daşary ýurtlary kompaniýalary, işewürleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary.

 

Eksponatlar.

Halkara sergide lukmançylygyň anyklaýyş-bejeriş enjamlary we tehnikasy, lukmançylyk gurallary, saglygy goraýyş ulgamynda dürli görnüşdäki hyzmatlary hödürleýän kompaniýalaryň, şeýle hem innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan kliniki merkezleriň öz alyp barýan işlerini görkezmegine giň mümkinçilik dörediler. Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy iri kompaniýalary bilim we sport boýunça alyp barýan işlerini, tehnologiýanyň soňky gazananlaryny paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna giňden hödürlener.