PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Sergileriň sanawy

№08 «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty

Giriş.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy uly ösüşleri başdan geçirýär. Dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, häzirki zaman lukmançylygynda gazanylýan tejribeler işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. 

 

Serginiň geçirilýän ýeri

Aşgabat şäheri, Olimpiýa şäherçesi, başa-baş söweş sungaty binasy.

Serginiň geçýän wagty: 2024-nji ýylyň 09-10-nji oktýabr aralygynda  - 09:00 – 18:00

 

Sergä gatnaşyjylar.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, daşary ýurtlary kompaniýalary, işewürleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary.

 

Eksponatlar.

Halkara sergide lukmançylygyň anyklaýyş-bejeriş enjamlary we tehnikasy, lukmançylyk gurallary, saglygy goraýyş ulgamynda dürli görnüşdäki hyzmatlary hödürleýän kompaniýalaryň, şeýle hem innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan kliniki merkezleriň öz alyp barýan işlerini görkezmegine giň mümkinçilik dörediler. Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy iri kompaniýalary bilim we sport boýunça alyp barýan işlerini, tehnologiýanyň soňky gazananlaryny paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna giňden hödürlener.