PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Ýatdan çykmajak waka

22.08.2023
Card image cap

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan — ÝUNESKO: Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň strategik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edilmeginiň bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny aýratyn nygtadylar. Bu şanly wakanyň Watanymyzyň BMG-niň abraýly düzümine girmeginiň ýakynda bellenilen 30 ýyllygy bilen gabat gelmegi aýratyn buýsançlydyr. 

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyk barha giňelýär, täze anyk many-mazmuna eýe bolýar. Soňky ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary döredildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO klublary açyldy, umumybilim berýän orta mekdepleriň 6-sy bu guramanyň assosirlenen mekdepleriniň toruna goşuldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

www.tdh.gov.tm

 


Bulary hem okaň