Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş
sapary tamamlandy.
Mälim bolşy ýaly, düýn dostlukly döwletiň paýtagtynda Gahryman
Arkadagymyzyň BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen
duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplaryň birnäçe geljegi uly ugurlarda däp
bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipleri beýan
edildi.
Türkmenistanyň we BAE-niň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak,
özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda nusgalyk döwletara gatnaşyklary ösdürmek
boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga çalyşmagy netijesinde gazanylan
aýry-aýry ylalaşyklar şu saparyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň esasyny
düzdi.
...Irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Halkara howa menziline ugrady. Bu
ýerde Gahryman Arkadagymyz BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler
boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen bolan söhbetdeşlikde soňky
ýyllarda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini
kanagatlanma bilen belledi we ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin açylýan
mümkinçiliklere ýokary baha berdi. Iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri
tutulýan ugurlaryny hem-de milli bähbitlerini nazara almak bilen, nebitgaz,
söwda-ykdysady we ulag-kommunikasiýa ulgamlary ýaly möhüm ugurlarda netijeli
gatnaşyklary pugtalandyrmaga mundan beýläk-de uly üns berler.
BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed
Said Mohamed Al-Ariki belent mertebeli myhmana Emirlikleriň iri
kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleriň üstünlikli geçmegini, şeýle
hem berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň uçary Abu-Dabiden Birleşen Arap Emirlikleriniň iri
ykdysady, medeni we syýahatçylyk merkezi bolan Dubaý şäherine tarap ugrady.
Dubaýyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar garşyladylar.
Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde hormatly Arkadagymyz
“Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen
duşuşdy.
“Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi we
hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen
mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny
düýn BAE-niň Prezidenti bilen duşuşygynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Bu
duşuşyk türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň taryhyna täze, aýdyň sahypany ýazar.
Pursatdan peýdalanyp, işewür Gahryman Arkadagymyza Birleşen Arap
Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer ministri, goranmak ministri, Dubaýyň
häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň
wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş
ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny, iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk
bildirip hem-de dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip,
Birleşen Arap Emirlikleriniň ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşydygyny
nygtady. Türkmenistan BAE bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji
nobatda, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde
üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly
konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmak üçin
Dubaýa amala aşyran iş sapary munuň aýdyň güwäsidir.
Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Bütindünýä howa sammitiniň üstünlikli
geçirilmegi bilen gutlap, bu iri halkara forumyň münberinden beýan edilen ähli
başlangyçlaryň tutuş dünýäde bagtyýarlygyň we abadançylygyň bähbidine halkara
dialogy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Ählumumy metan
borçnamasyna goşulan Türkmenistanyň bu ugurdaky maksada gönükdirilen işi dowam
etdirmegiň zerurdygyna düşünýändigi bellenildi. Pariž ylalaşygyna goşulmak
bilen baglylykda, ýurdumyzda birnäçe degişli milli maksatnamalar, şol sanda
Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa kabul edildi. Bu resminamalaryň
esasynda metan zyňyndylarynyň ýaramaz täsirlerini peseltmäge we aradan aýyrmaga
gönükdirilen çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gürrüň, ilkinji nobatda,
ekologik taýdan arassa we serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary
nebitgaz, ulag, elektroenergetika ulgamlaryna, obasenagat toplumyna, gurluşyk
senagatyna tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrmak we ulanmak barada barýar. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen
baglanyşykly beýan eden başlangyçlarynyň ählisi eýýäm şu ýyldan başlap
yzygiderli durmuşa geçiriler.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly
gorlaryna eýe bolup, bu serişdeleri gözlemek, özleşdirmek we çykarmak bilen
meşgullanýan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Şolaryň hatarynda özüni jogapkärli
we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen “Dragon Oil” kompaniýasy hem bar.
Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň ägirt uly tejribesini,
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça
giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli
ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly,
nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini
artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit, gazhimiýa
önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu esasy
pudagynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelerdir. Bu maksatlar
Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika syýasatynyň esasyny düzýär. Şol
syýasat bolsa ýurdumyzyň baýlygyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga
gönükdirilendir.
XXI asyryň ägirt uly taslamasy — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —
Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň beýanydyr. Bu
gaz geçiriji tutuş Aziýa sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi
berer. “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmeginiň III tapgyrynyň hasabyna bu
halkara gaz geçirijiniň mawy ýangyç bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, BAE-däki hyzmatdaşlar we maýadarlar türkmen tebigy
gazyny sebitiň ýurtlaryna, beýleki döwletlere ibermek üçin niýetlenen gaz
geçiriji infrastrukturanyň gurluşygy bilen baglanyşykly täze energetika
taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, baş edarasy BAE-niň Dubaý şäherinde ýerleşýän “Dragon
Oil” kompaniýasy Türkmenistanda 2000-nji ýyldan bäri önümi paýlaşmak hakyndaky
Ylalaşygyň esasynda işleýär. Onuň işiniň esasy ugry Hazar deňzinde, “Çeleken”
şertnamalaýyn çäkde uglewodorod serişdelerini çykarmak bilen baglanyşyklydyr.
Geçen ýyllaryň dowamynda bu kompaniýa, hususan-da, “Jeýtun” we “Jygalybeg”
ýataklarynda gözleg işlerini ýerine ýetirmäge we olary özleşdirmäge ägirt uly
maýa serişdelerini goýdy. Ýaňy-ýakynda “Dragon Oil” Aşgabat şäherinde özüniň
täze edarasyny açdy. Munuň özi ýola goýlan uzak möhletli, strategik
hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky güwäsidir.
“Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer
berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan
beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Gahryman Arkadagymyz we işewür hoşlaşanlarynda birek-birege iň gowy
arzuwlaryny beýan etdiler hem-de bar bolan özara gyzyklanmanyň nebitgaz
ulgamynda mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýat boljakdygyna
ynam bildirdiler.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Milli Liderimiziň gatnaşmagynda
“Türkmennebit” döwlet konserniniň we “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.”
kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy
boldy.
Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň “Dubai Aviation Corporation” (Flydubai) kompaniýasynyň
täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen duşuşygy boldy.
Dünýädäki iri awiakompaniýalaryň biriniň ýokary wezipeli wekili
hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen
mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Birleşen Arap
Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer ministri, goranmak ministri, Dubaýyň
häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Şeýh Mohammed bin Raşid Al
Maktuma iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýurdumyzyň türkmen-emirlikler
hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda özara bähbitleriň esasynda üstünlikli
ösdürilýär.
Hamad Obaýdallanyň belleýşi ýaly, BAE-niň işewür toparlarynyň
wekilleriniň köpüsi Türkmenistan bilen ysnyşykly gatnaşyk etmäge uly gyzyklanma
bildirýär. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary örän uludyr.
Gahryman Arkadagymyz köpugurly, netijeli döwletara gatnaşyklary ähli esasy
ulgamlarda ösdürmäge aýratyn üns berýär.
Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk
syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtlaryň uly abraýa eýe
bolan esasy kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda çykyş
edýändigi nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, çäk taýdan amatly ýerleşýän ýurdumyz diňe bir ýerüsti
däl, eýsem, howa ulaglarynyň ugurlaryny hem yzygiderli ösdürýär. 2010-njy ýylda
Türkmenistan Merkezi Aziýada BAE bilen yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýan
ilkinji ýurt boldy. “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we “Dubai Aviation
Corporation” (Flydubai) kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi
netijesinde, häzirki wagtda Aşgabat — Dubaý — Aşgabat ugry boýunça gatnawlar
yzygiderli amala aşyrylýar. Şu gün bolsa Abu-Dabä ýolagçy uçarynyň uçuşy amala
aşyrylyp başlanýar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň, hususan-da,
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam eder.
“Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory
Türkmenistanda awiasiýa pudagynyň soňky ýyllarda döredilen döwrebap
infrastrukturasyna we tehniki gulluklarynyň sazlaşykly işine ýokary baha berdi
hem-de kompaniýanyň okgunly ösýän Türkmenistan bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady. Hususan-da, iki ýurduň
arasynda amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak teklip edildi.
Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen
Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen bolan
duşuşygynda raýat awiasiýasy ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek
meselesiniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygy bellärliklidir.
Nygtalyşy ýaly, dünýäniň esasy ýolagçy gatnadyjylarynyň we ýük
daşaýjylarynyň biri hökmünde “Flydubai” kompaniýasynyň tejribesini hem-de
mümkinçiliklerini nazara almak bilen, diňe bir ýokary hünärli awiasiýa
işgärlerini taýýarlamak ulgamynda däl, eýsem, tehniki taýdan goldaw bermek we
hyzmat etmek, iň täze innowasion enjamlar bilen üpjün etmek ulgamynda-da özara
bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we
“Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad
Obaýdalla hoşlaşanlarynda birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler
hem-de soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de
üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar
agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň hem-de “Dubai Aviation
Corporation” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol
çekmek dabarasy boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine şu gezekki iş saparynyň ýokary netijeli
geçendigine beýleki gol çekilen möhüm resminamalar hem şaýatlyk edýär.
Şol resminamalaryň hatarynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen
Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek
hakynda Ähtnama (şu özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň
“Galkynyş” gaz käniniň III tapgyryny özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary
çekmek meýlinden we olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere
ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika
taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliginden ybaratdyr);
“Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň
(ADNOC) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama (şu hyzmatdaşlyk hakynda
Ähtnamanyň maksady taraplaryň metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak
ulgamynda özara bähbitli ylmy-tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki
mümkinçiliklerini öwrenmek meýlinden ybaratdyr); Türkmenistanyň Döwlet daşary
ykdysady iş bankynyň hem-de “First Abu Dhabi Bank” bankynyň arasynda
hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny
tamamlap, Dubaý şäheriniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza
ugrady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar ugratdylar.
Aşgabadyň Halkara howa menziline gelende Gahryman Arkadagymyzy resmi
adamlar we BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili garşyladylar. Diplomat
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowy saparyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden
gutlap, geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň çäklerinde gazanylan ähli
ylalaşyklaryň iki ýurduň, olaryň doganlyk halklarynyň arasynda özara bähbitli
hyzmatdaşlygy hem-de dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine
ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip,
dostlukly ýurda amala aşyran şu gezekki iş saparynyň Türkmenistan bilen BAE-niň
arasyndaky deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine
esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyndaky
möhüm ähmiýetini belläp, geçirilen duşuşyklaryň barşynda birnäçe ugurlardaky
däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipleriň
beýan edilendigini we degişli ylalaşyklaryň gazanylandygyny aýtdy. Gazanylan
ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi iki dostlukly ýurduň arasyndaky
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berer.
tdh.gov