Düýn
paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň
Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Bitarap
Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde
deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär. Bu bolsa türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başyny başlan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde,
abraýly halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek bu
strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan GDA agza döwletler bilen
gatnaşyklary, umuman, Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy dostlugyň,
hoşniýetli goňşuçylygyň, taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryň berk
binýadynda ýola goýup, GDA-nyň formatyndaky möhüm duşuşyklara we forumlara
yzygiderli gatnaşýar, şeýle-de olaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Ýurdumyz
döwletara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, bu ugurda
yzygiderli ädimleri ädýär, anyk başlangyçlary öňe sürýär.
Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak
üçin Aşgabada gurama agza ýurtlaryň wekiliýetleri geldiler. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň
wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow
ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň geçirilýän ýeri paýtagtymyzdaky “Garagum”
myhmanhanasy boldy. Bu döwrebap toplumda daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek,
iri halkara çäreleri geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.
Türkmenistanyň
wekiliýetiniň ýolbaşçysy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly
Prezidentimiziň mähirli salamyny we mejlisiň işiniň üstünlikli geçmegi baradaky
arzuwlaryny ýetirdi. Ýygnananlara Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň
ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Aşgabada
gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.
Şunda Türkmenistanyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän, köpugurly
kuwwata eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýändigi
nygtaldy.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy, 2024-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Başlygy Mihail Mişustine söz berildi. RF-niň Hökümetiniň ýolbaşçysy çäkli düzümde öz işine başlan mejlisi açyp, Aşgabat duşuşygynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny bildirdi.
Mihail Mişustin şu gezekki mejlise
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň agzasy hökmünde ilkinji gezek
Gazagystan Respublikasynyň wezipä täze bellenen Premýer-ministri Olžas
Bektenowyň gatnaşýandygyny aýdyp, ýygnananlaryň adyndan oňa alyp barýan
jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe söz berildi.
Ol mejlisiň gün tertibi boýunça degişli maglumat bilen çykyş etdi. Gün tertibi
tassyklanandan soňra, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri,
hususan-da, ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada gyzyklanma
bildirilip pikir alşyldy.
Türkmenistanyň
şu günki geçirilýän mejlise döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge
gönükdirilen waka hökmünde garaýandygyny bellemek gerek. GDA-nyň giňişliginde
geljegi nazarlaýan ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, hyzmatdaşlygyň ileri
tutulýan ugurlarynda gatnaşyjy ýurtlaryň tagallalaryny we mümkinçiliklerini
birleşdirmek häzirki wagtda esasy wezipe bolup durýar. Türkmenistan bu ugurdaky
gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga uly üns berýär.
Ýurdumyz tarapyndan teklip edilen hem-de 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda
geçirilen GDA-nyň sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen Arkalaşyga gatnaşyjy
döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama munuň aýdyň
güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, bu konseptual resminama türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy
boýunça işlenip taýýarlanyldy.
Jarnama her bir döwletiň, umuman, Arkalaşygyň ykdysady kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmäge, GDA-nyň giňişliginde toplumlaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, milli ykdysadyýetleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, bilelikdäki täze, giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu resminama soňra kabul edilen GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüş Strategiýasynyň esasyny düzdi. Jarnamanyň kabul edilmegi hyzmatdaşlygyň gün tertibini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Türkmenistan tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýän ulag, ýangyç-energetika, aragatnaşyk, kommunikasiýalar, senagat taýdan goşulyşmak, söwda, innowasiýalar, tehnologiýalar ýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, senagat ulgamynda uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmek, sanly geçiş, maýa goýum, işewürlik işjeňligini höweslendirmek häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň hataryndadyr. Şunda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, geljek üçin meýilnamalary işläp taýýarlamak maksady bilen, bilelikdäki işi utgaşdyrmagyň netijeli guraly hökmünde GDA-nyň Ykdysady Geňeşine ähmiýetli orun degişlidir.
Energetika, ulag-kommunikasiýa hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, Türkmenistanyň bu ugurlardaky bar bolan ägirt uly kuwwaty has oňaýly herekete getirmek boýunça başlangyçlarynyň möhümdigi äşgärdir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dünýä giňişliginde işjeň öňe sürýän energetika we ulag diplomatiýasynyň ähmiýeti hem artýar. Türkmenistan ulag ulgamynda Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag geçelgelerini ösdürmek, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär. Kuwwatly serişde binýady, çäk we üstaşyr taýdan amatly ýerleşmegiň artykmaçlyklary sebit hem-de halkara derejeli giň möçberli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle-de ýurdumyz energetika pudagynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi berk maksat edinýär. Şunda Türkmenistan bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň açyk we aýdyň ýörelgeler, birek-birege hormat goýmak, bähbitleri nazara almak, gazanylan ylalaşyklary berk berjaý etmek arkaly ýola goýulmalydygyndan ugur alýar.
Duşuşygyň
gün tertibiniň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek ýeri we senesi bilen
bagly meselä hem seredildi. Kabul edilen çözgüde laýyklykda, mejlis 2024-nji
ýylyň noýabrynda Russiýa Federasiýasynda geçiriler.
Soňra
mejlis giňişleýin düzümde dowam etdi. Onuň öňüsyrasynda wekiliýetleriň
ýolbaşçylarynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň
Geňeşiniň mejlisiniň resmi banneriniň, Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet
baýdaklarynyň hem-de GDA-nyň baýdagynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy
boldy.
Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary S.Lebedew çäkli düzümde geçen duşuşykda
garalan meseleler, mejlisiň geljekki işiniň tertibi baradaky maglumat bilen
çykyş etdi.
Mejlisiň
dowamynda energetika we ulag ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki
ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Ykdysadyýet
bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamdaky ýakyn özara gatnaşyklar GDA-nyň
formatyndaky hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Bu ugurda
bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy. Sport ulgamy hem möhüm ugurlaryň biri
bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyz başlangyçly orny eýeleýär. Sportuň, köpçülikleýin
bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň höweslendirilmegi we ösdürilmegi
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda
kesgitlenildi. Watanymyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde bedenterbiýe,
sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi.
Türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda mynasyp bolan köp sanly medallary, şol sanda
2021-nji ýylda Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr
atletika boýunça zenanlaryň arasyndaky ýaryşda gazanylan kümüş medal olaryň
üstünligine şaýatlyk edýär.
Bu gün Türkmenistan halkara derejedäki ýaryşlary
guramakda we geçirmekde baý tejribe toplady. Soňky ýyllarda ýurdumyz ençeme
gezek iri sport ýaryşlaryny, şol sanda 2014-nji ýylda windsörfing boýunça dünýä
Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlaryň tapgyryny, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda
we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda Agyr atletika
boýunça dünýä çempionatyny, “Amul — Hazar” halkara awtorallisini, 2023-nji
ýylda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny, tennis boýunça 12 ýaşa çenli ýaş
türgenleriň arasynda Merkezi Aziýanyň toparlaýyn ýaryşyny kabul etdi. Şu ýylyň
aprel aýynda bolsa Aşgabatda GDA döwletleriniň we beýleki ýurtlaryň
toparlarynyň gatnaşmagynda hokkeý boýunça halkara ýaryş üstünlikli geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň oktýabrynda Astanada
geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň çäklerinde sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek
maksady bilen, GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda
halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komiteti döretmegi
teklip etdi, şeýle hem yzygiderli esasda Dostluk oýunlaryny guramak
başlangyjyny öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, bu oýunlar diňe
bir GDA ýurtlarynyň däl, eýsem, beýleki ýurtlaryň hem türgenleriniň gatnaşmagy
üçin açyk bolmalydyr. Şunda Türkmenistanyň ilkinji Dostluk oýunlaryny kabul
etmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň başlangyjy
boýunça GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine
Aşgabady “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek
baradaky mesele girizildi. Bu teklip duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan
biragyzdan goldanyldy.
Şu ýyl Türkmenistanda we onuň çäginden daşarda türkmen
nusgawy şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygy dabaraly bellenilýär. GDA döwletleriniň ählisinde bu şanly senä
bagyşlanyp çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň
adyndan Arkalaşygyň ýurtlarynyň ählisine akyldar şahyryň hormatyna guralýan
dabaralara işjeň gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirildi. Magtymguly
Pyragynyň şanly ýubileýi diňe bir GDA-nyň medeni durmuşyndaky ähmiýetli waka
bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlygy, özara
düşünişmegi, raýdaşlygy pugtalandyrmagyň hem möhüm şertine öwrülýär.
Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminama, şol sanda
Aşgabat şäherini “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan
etmek hakyndaky Çözgüde gol çekildi.
Bildirilen myhmansöýerlik we GDA-nyň Hökümet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen
tarapyna çuňňur hoşallyk beýan edildi.
Mejlis tamamlanandan soňra, metbugat maslahatynda onuň
netijeleri beýan edildi. Habar berlişi ýaly, çäkli we giňişleýin düzümde geçen
duşuşyklarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň formatyndaky hyzmatdaşlygyň
ileri tutulýan ugurlary boýunça giňişleýin pikir alşyldy. Şunuň bilen
baglylykda, mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi we netijeliligi nygtaldy. Gün
tertibine girizilen ähli meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
GDA-nyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de depginli
ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi.
Mejlise gatnaşyjylar Aşgabat şäherini “Arkalaşygyň
täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek baradaky Çözgüdi
biragyzdan kabul etdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sport ulgamyndaky
hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine uly goşant goşýar. Bu bolsa özara
ýakynlaşmagyň möhüm şerti bolmak bilen, halklaryň arasyndaky dostlukly
gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna-da ýardam berýär. Şeýle hem Nurlan Seýtimowy
(Gazagystan Respublikasy) GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary wezipesine
bellemek hakyndaky çözgüt kabul edildi.
Şu gezekki mejlisi guramaga beren goldawlary,
bilelikdäki netijeli işlemek babatda döredilen şertler üçin hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk
beýan edildi. Şunda ýurdumyzyň GDA-nyň formatynda köpugurly hyzmatdaşlygyň
pugtalandyrylmagyna goşýan saldamly goşandy nygtaldy. Türkmenistan tarapyndan
işlenip taýýarlanylan we ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen hem-de
häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän Arkalaşyga agza döwletleriň
strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamanyň we GDA ýurtlarynyň daşary
syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça Hereketleriň
maksatnamasynyň ähmiýeti bellenildi.
Şeýlelikde, Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Bitarap Türkmenistanyň
Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň we
başlangyçly orny eýeleýändigini görkezdi, şeýle-de gatnaşyjy ýurtlaryň dostluk,
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk
gelýän netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklady.