06.03.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.
Onda şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Jenaýat we
Jenaýat iş ýörediş kodekslerine, “Migrasiýa hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň
biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini
ygtyýarlylandyrmak hakynda”, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe
hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna we başga-da birnäçe
kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler
dowam edýär.
Welaýatlarda täze döredilen
etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň
möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk
maslahatlarynyň, Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine 29-njy martda
geçiriljek saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen,
saýlaw toparlaryna bu syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň ähmiýetini we saýlaw
kanunçylygyny düşündirmekde guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berilýär.
Çad Respublikasynyň we
Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň
parlamentleriniň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri bilen
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça
duşuşyklaryň 5-si geçirildi. Mejlisiň deputatlarydyr hünärmenleri kanun
çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini
üpjün etmek boýunça halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri,
pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň
14-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň
daşary ýurtlara iş saparlarynyň 3-si amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň
makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini
senagat pudagynda 1,9 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk
pudagynda 10,5 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 2,4 göterime,
hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, şu ýylyň iki aýynda jemi öndürilen önüm 10,3 göterim artyp,
ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat
döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy 0,8
göterim artdy.
Şu ýylyň ýanwar-fewral
aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,1
göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat
döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet
kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary
öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna
özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 21,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny
durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly
desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin netijeli
işleri alyp barmagyň, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede
saklamagyň, ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan önümçilik meýilnamalarynyň
doly ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlary boýunça durmuş-ykdysady
taýdan ösüşi üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny
artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça şu
ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit”
döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,3 göterim ýerine
ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti
gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,1 göterime deň boldy. Benzin öndürmegiň
meýilnamasy 122,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 106,4
göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 102,7 göterim, suwuklandyrylan
gazy öndürmegiň meýilnamasy 119,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň
meýilnamasy bolsa 106,7 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça
toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere nebitgaz toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli
peýdalanmagy, gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň täze gorlaryny gözläp tapmak
üçin netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň
geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk
pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 107,5 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi
boýunça 109,3 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,6
göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 134,6 göterime,
“Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 109,2 göterime, “Türkmengallaönümleri”
döwlet birleşigi boýunça 100,3 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi
boýunça 100 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 108,7 göterime,
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100 göterime,
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterime deň boldy. Maýa goýum
serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 107,2 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda bugdaý ekilen
meýdanlarda ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri ekiş möwsümine
taýýarlamak, ýeralma we gök ekinleri ekmek, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk
görmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda
owlak-guzy we köşek almak möwsümine guramaçylykly girişildi. Şeýle hem
welaýatlarda suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny
abatlamak boýunça zerur işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen bagly
agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegiň, oba hojalyk ekinleriniň
hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň
wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere maldarçylyk
hojalyklarynda owlak-guzy almak möwsümini talabalaýyk geçirmegi, ýazky bag
ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan
2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň
meýilnamasy 129,7 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi
boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,6
göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 122,3 göterim,
Energetika ministrligi boýunça 109,4 göterim boldy. Awtomobil ýollary
ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 108,6 göterim
berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 158
göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen
işleriň meýilnamasyna 119,4 göterim amal edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat pudaklaryny ösdürmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmegiň, binagärlik, taslama we gurluşyk babatda bellenen kadalaryň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün etmegiň, himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegi üçin geçirilýän işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi, awtomobil ýollaryny gurmak hem-de durkuny täzelemek işlerini güýçlendirmegi, şu ýyl ýurdumyzda ulanmaga beriljek binalardyr desgalaryň gurluşygynyň ýokary hilli alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň iki aýynda
alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabatda nygtalyşy ýaly,
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň
ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,7 göterime,
öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,5 göterime barabar boldy. Dokma senagaty
ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
100,7 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 100 göterim, nah
matalaryňkyda 100,1 göterim, gön önümleriniňkide 103,7 göterim ösüş depgini
gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy
104,5 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat
döwründe 50 birža söwdasy geçirilip, olarda 4 müň 876 şertnama hasaba alyndy.
2026-njy ýylyň ýanwar-fewral
aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini
128,1 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe bir sergi, 5 maslahat geçirildi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini
öndürmegiň ösüş depgini 107,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş
depgini 106,3 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynyň kuwwatyny
doly peýdalanmagyň, bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, beýleki
harytlaryň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.
“Dokma senagaty kärhanalarynda ýokary hilli önümleri öndürmek işine üns bermek,
hususy pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak
zerurdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda 2026-njy ýylyň
ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35
ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, belli seneler
mynasybetli dürli medeni çäreler hem-de dabaralar geçirildi. Kinoteatrlarda, kinokonsert
merkezlerinde kino görkezilişleri, konsertler geçirilip, kitaphanalarda,
muzeýlerde, taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda medeni hyzmatlar
hödürlenildi.
“Bedew bady: güýç hem
gözellik” atly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň
döwletara telewizion filmleriniň bäsleşigi yglan edildi. Aşgabatda we
ýurdumyzyň welaýatlaryndaky medeniýet ojaklarynda Oguz han adyndaky
“Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan birnäçe çäreler we dabaralar, şol sanda
Garaşsyzlyk ýyllarynda surata düşürilen filmleriň hepdeligi geçirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde surata düşürilen “Kompozitor” atly filmiň
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) iki sany ýörite baýragyna
mynasyp bolmagyna bagyşlanyp, paýtagtymyzda dabaraly maslahat geçirildi. Döwlet
medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň we Hytaýyň sungat
wekilleriniň gatnaşmaklarynda “Ýüpek ýoly karnawaly — Bahar baýramy festiwaly”
atly bilelikdäki medeni çäre geçirildi. Italiýanyň Rim şäherinde
“Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary” atly arheologik sergi öz işini dowam
etdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini döwrebap alyp barmak boýunça zerur
çäreleri dowam etdirmegiň, kitaphanalarda, muzeýlerde we beýleki medeni
ojaklarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň möhümdigine
ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere taryhy-medeni ýadygärliklerimizi
aýawly saklamak, öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, göz
öňünde tutulan medeni çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň
ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga,
ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi.
Okuwçy we talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerine gatnaşyp, dürli
derejedäki medallary gazandylar. Abraýly ýokary okuw mekdepleri, diplomatik
wekilhanalar bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklar, maslahatlar, okuw sapaklary
geçirildi. Ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi. 2026-njy
ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň, alymlyk
derejelerine dalaşgärleriň, kliniki ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Ylmyň we
tehnologiýalaryň wajyp ugurlary boýunça barlaglar alnyp baryldy.
Hasabat döwründe ýurdumyzyň
bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy
usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak işleri dowam etdirildi. Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli
operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. Paýtagtymyzda “Bütindünýä saglygy
goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog” atly halkara okuw
maslahaty ýokary derejede geçirildi. Bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça
işler hem dowam etdirildi. Ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 23
medal gazandylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler guraldy.
Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan ynsan saglygyny
goramak, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak
babatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasyny
hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesli terbiýelemäge, bilim ulgamynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge uly ähmiýet berilýändigini, şoňa görä-de,
bilim bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa
geçirmegiň möhümdigini belledi. “Ylym ulgamyny kämilleşdirmegi, ylmy
barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy üns merkezinde saklamak, sporty
ösdürmäge aýratyn üns bermek, saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli
kämilleşdirmek zerurdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, lukmançylyk ylmyny kämilleşdirmek we bu
ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa
geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
“Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji
ýyllar üçin Milli strategiýasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekip,
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar-fewral
aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada
hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap
Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn,
köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda öňde goýýan wezipelerini, tabşyryklaryny
ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat
döwründe degişli işler amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, ýokary derejedäki
saparlar we duşuşyklar ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşinde möhüm orny
eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň fewralynda türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň guralandygy bellenildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň
diplomatik gullugy tarapyndan dürli döwletleriň daşary syýasat edaralary bilen
bilelikde 2026-njy ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman
Arkadagymyzyň daşary ýurtlara saparlaryny guramak boýunça degişli işler alnyp
barylýar.
Abraýly halkara guramalar
bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp
ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 21 — 23-nji ýanwarda
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktorynyň ýurdumyzda saparda bolandygy
aýdyldy. Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 66
wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan 165 wekiliýet daşary
ýurtlarda boldy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli
derejedäki duşuşyklaryň 73-si geçirildi. Şeýle-de hasabat döwründe
Türkmenistanda daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen bilelikde resmi
gepleşikleriň we duşuşyklaryň 291-si guraldy. Döwletimiziň halkara
gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 20-si
bilen ýetirildi.
Daşary işler ministrligi bilen
beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri
geçirmek boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe
Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik
Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň daşary işler
ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Bulardan başga-da,
hasabat döwründe Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara
Deňiz Guramasynyň Baş sekretary bilen gepleşikler geçirildi.
Şu ýylyň ýanwar-fewral
aýlarynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa
Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň,
Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy.
Daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary
ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri
bolup durýar. Hasabat döwründe Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň
Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç
hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky
ilçisi hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän
çeşmeleri boýunça halkara agentligiň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik
wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine
eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp
barýandygyny, dünýäniň ähli döwletleri, halkara guramalar bilen deňhukukly
hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet
berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer,
daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýola goýlan
gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň
ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we
hyzmatlaryň ösüş depgini 114,3 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa,
deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 101,1 göterime,
ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103,2 göterime barabar boldy. Hasabat
döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň
ösüş depgini 106 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň
ösüş depgini 126,2 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň
ösüş depgini 118,7 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu
görkeziji 113,8 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça 113,2 göterime deň
boldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden doly
peýdalanmagyň, Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgelerini
ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň, ýolagçylary gatnatmagyň we
ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak boýunça işleri alyp barmagyň möhümdigini
nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere aragatnaşyk pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça
işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň
gowy netijeleri görkezendigini belledi. “Biziň alyp barýan syýasatymyz
netijesinde ata Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli
durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam
etdirilýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap
kärhanalary gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde
maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabat
döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp
galandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk
toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym,
bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli
dowam etdirilýär. “Şeýle hem täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň,
mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar”
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de öňde goýlan maksatlary üstünlikli
durmuşa geçirmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak
boýunça netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz sözüni
dowam edip, ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara zenanlar gününi
dabaraly bellemek we 8-nji martdaky dynç gününi 9-njy marta — duşenbe gününe
geçirmek barada resminama gol çekdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly
Prezidentimiz eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar
güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
tdh.gov