28.02.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimiziň hukuk binýadyny kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli,
şeýle-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly
kanun taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeleri
we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 23-24-nji fewralda Gruziýa
amala aşyran saparynyň netijeleri barada aýdyldy. Saparyň dowamynda dostlukly ýurduň Prezidenti,
Premýer-ministri we parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi. Olar
hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy
arzuwlaryny beýan etdiler.
Milli
parlamentiň ýolbaşçysy Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag
şäherlerinde, welaýatlarda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de
terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň
nyşanlaryny, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralaryny
ýokary derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam
etdirmegiň, Halkara zenanlar güni mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň
we olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenstandartlary” baş
döwlet gullugynyň we onuň düzümleriniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda standartlaşdyrmak we
sertifikatlaşdyrmak işlerini ýokary hilli alyp barmak, synag barlaghanalaryny
halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek boýunça yzygiderli çäreler
durmuşa geçirilýär. Şu babatda baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň
çäklerinde daşary ýurtlaryň akkreditasiýa boýunça esasy edaralary bilen
hyzmatdaşlyk barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň
işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz halkara standartlar boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek
maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” döwlet konserni
tarapyndan degişli infrastruktura taslamasyny durmuşa geçirmek babatda alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, türkmen tebigy gazynyň
eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we ugurlaryny giňeltmek boýunça zerur işler
durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin daşary
ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda türkmen tebigy gazynyň eksport
mümkinçiliklerini artdyrmak, harytlyk gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek
boýunça işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz”
döwlet konserniniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly taýýarlanan
teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat
berdi.
Hasabatda
nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek
meýdanlarda tekizlemek, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, gowaça
tohumlaryny taýýarlamak boýunça işler geçirilýär. Welaýatlarda ýazlyk gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, bu ekinleriň tohumlaryny ekiş möwsümine
taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda,
ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini geçirmek babatda zerur çäreler
görülýär.
Türkmenistanyň
Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak,
ekologik abadançylygy we ilatymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün
etmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Häzirki wagtda Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky
tokaý hojalyklarynda saýaly, pürli we çöl ösümlikleriniň nahallaryny ýazky bag
ekmek möwsümine taýýarlamak işleri geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek
boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki
kadalara laýyklykda ideg etmegiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri öz wagtynda
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumy
tarapyndan, hususan-da, paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça
ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabat
şäherini bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň
medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk
dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen zerur
çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalaryň
daş-töwereginde, seýilgählerde, bag ekilen ýerlerde, suw çüwdürimlerinde
abatlaýyş we abadanlaşdyryş, dürli görnüşli bezeg baglaryny ekmek işleri
yzygiderli alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde Halkara zenanlar güni we Milli
bahar baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden bellenip
geçiljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere paýtagtymyzda
baýramçylyk çäreleri bilen bagly abadanlaşdyrmak we bezeg işlerini geçirmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli sergini hem-de
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçirmäge görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu
çärelere gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara
guramalaryň 70-e golaýy hasaba alyndy hem-de gatnaşyjylary hasaba almak işi
dowam edýär. Foruma türkmen tarapyndan degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmäge we
telekeçilik işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan sergini,
“Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forumy ýokary derejede
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Halkara zenanlar güni mynasybetli
baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we
Arkadag şäherlerinde baýramçylyk dabaralarynyň, Jemgyýetçilik guramalarynyň
merkezinde “Ene hüwdüsi — iň kämil eser” atly dabaraly maslahatyň we serginiň,
Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ogulabat ejäniň el hünäri türkmen
zenanlarynyň görelde mekdebidir” atly maslahatyň we serginiň, Şekillendiriş
sungaty muzeýinde “Şekillendiriş sungatynda zenan waspy” atly serginiň
geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli
yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da,
teatrlarda sahna oýunlaryny, kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde türkmen
filmleriniň görkezilişini hem-de baýramçylyk konsertlerini geçirmek göz öňünde
tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň
welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çärelerini
guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
wise-premýere medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek
baýramçylyk konsertine gowy taýýarlyk görmegi, ony ýokary derejede geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzda ylmy-lukmançylyk
diplomatiýasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak,
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň halkara talaplaryna laýyk gelýän
ylmy-kliniki merkezleri, hassahanalary, şypahanalary, derman serişdelerini
öndürýän kärhanalary gurmak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak babatda toplanan oňyn tejribeler üstünlikli amal edilýär. Munuň
özi ilatyň saglyk ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna, öňdebaryjy lukmançylyk
ylmyna we tejribesine esaslanýan ählumumy ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň
ösdürilmegine, bu ugurda ýurdumyzyň halkara abraýynyň berkidilmegine ýardam
edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny ösdürmek, bu
ugurda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa
geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere “Türkmenistanda
ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli
strategiýasyny” taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew awtomobil ulagy pudagynyň işiniň
netijeliligini ýokarlandyrmak üçin milli kanunçylygy halkara kadalara
laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet
syýasatyny durmuşa geçirmek, bu ugurda ýurdumyzyň goşulan halkara konwensiýalaryny
netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, Awtomobil ulaglary ministrligi
tarapyndan milli düzgünleri halkara resminamalaryň talaplaryna laýyklykda
kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda awtomobil ulagy pudagyny ösdürmekde,
ulag howpsuzlygyny üpjün etmekde kanunçylyk işiniň halkara kadalar esasynda
kämilleşdirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara ulag gatnawlarynda
sürüjileriň iş we dynç alyş düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi
kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, mukaddes
maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde
eziz enelerimize uly ornuň degişlidigini belledi. “Olaryň zähmeti bilen
berkarar Watanymyzyň abraýy has-da belende göterilýär. Şoňa görä-de, mähriban
enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän uludyr” diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz köp çagaly
enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda 8-nji martda Halkara zenanlar
gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly
adyny dakmak we ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak çärelerini
guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov