31.01.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş
edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda halkara we milli tejribe
öwrenilip, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Administratiw hukuk
bozulmalary hakynda kodekslerine hem-de “Migrasiýa hakynda”, “Balyk tutmak we
suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna
döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen
gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň
Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirilip, özara bähbitli
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hem-de kanun çykaryjylyk
işinde tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Mejlisiň deputatlary BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli
döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren çärelerine gatnaşdylar.
Hormatly
Prezidentimiz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilýän
kanunlaryň uly ähmiýete eýedigini aýtdy hem-de häzirki zaman talaplaryna laýyk
gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow bank işini döwrebaplaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” bellenen çäreleri
ýerine ýetirmek maksady bilen, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, ýurdumyzyň
bank ulgamyna döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak ugrunda
degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Konsepsiýadan
gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Merkezi bankyň, “Türkmenistan”
döwlet täjirçilik bankynyň, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň
maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler
barada aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamyna döwrebap
maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp
barylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz agzalan banklaryň maddy-tehniki
binýadyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň
garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün
etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nebiti
gaýtadan işlemek we içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek, ony
daşarky bazarlara ibermek, kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak,
önümçilik desgalarynyň kadaly işledilmegi boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagaty
döwrebap derejede ösdürmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz
işlemegini üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Diýarymyzyň welaýatlarynda we
paýtagtymyzda 2026-njy ýylda gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän binalardyr desgalar barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde her ýyl binalar
we desgalar yzygiderli açylyp ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany” ýylynda-da ýurdumyzda köp sanly binalaryň hem-de desgalaryň açylyp
ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly
binalaryň ulanmaga beriljekdigini belledi hem-de olaryň sanawyny makullap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň fewral aýynda
paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek
boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bu sergä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan
kompaniýalarynyň 100-e golaýy hasaba alyndy. Bu kompaniýalar enjamlary we
tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş, sowadyş ulgamlaryny, himiki
serişdeleri, demir önümlerini, elektron harytlary, beýleki önümleri öndürijiler
we eksport edijiler bolup durýarlar. Şolaryň arasynda gurluşyk, energetika,
logistika, bilim ýaly ulgamlara ýöriteleşen düzümler hem bar. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen
söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini we bu ugurda
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda
geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gowy
taýýarlyk görmegi hem-de ony guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Daşoguz welaýatynda ýurdumyzyň
dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý
tutýar Garaşsyz Türkmenistanym” atly festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýylyň martynda geçiriljek festiwala ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň,
sazandalarynyň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň,
talyplaryň, okuwçylaryň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Festiwalyň çäklerinde
“Dessançy bagşylar joşa gelende” atly ylmy-amaly maslahatyň, “Bagşy dessan
aýdanda” atly konsertiň, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen
ussatlyk sapaklarynyň, Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...” atly
kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylaryň dessançylyk ýoluna
bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny
gorap saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly
işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere Daşoguz welaýatynda
geçiriljek festiwala we ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi, olary
ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň “Ylmy barlaglar we innowasiýalar” atly
ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, täze elektron neşir arkaly ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda alnyp
barylýan öňdebaryjy tejribeler giňden beýan ediler. Elektron neşirde
professor-mugallymlaryň, alymlaryň, talyplaryň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis
we rus dillerinde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu žurnalda milli mirasyň,
okatmagyň hem-de terbiýe bermegiň, filologiýanyň, psihologiýanyň, hukuk
ylymlarynyň döwrebap meseleleri, usulyýeti, şöhratly taryhymyzyň, beýik
şahsyýetlerimiziň dünýä medeniýetine goşan goşandy baradaky ylmy makalalar
bilen birlikde, bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny
pugtalandyrmak boýunça gazanylan oňyn netijeler öz beýanyny tapar. Elektron
žurnalyň döredilmegi ýaşlary täze ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirer.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş
alymlary taýýarlamaga uly üns berilýändigini, bu ugurda sanly ulgamyň
mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda ähli zerur şertleriň döredilýändigini
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly
ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň
başlangyjy esasynda 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk
görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Halkara
guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we oňa agza döwletler bilen
hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy
ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň
çäklerinde dünýä ösüşiniň gün tertibinde durýan sebit we halkara ähmiýetli
meseleler boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürüp, olary durmuşa geçirmäge işjeň
gatnaşýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň
80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde ählumumy parahatçylyk we
howpsuzlyk, durnukly ösüş, ulag, energetika, ekologiýa, howanyň üýtgemegi,
ynsanperwer we halkara hukuk ýaly ugurlarda ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürdi. Şunda döwlet Baştutanymyzyň Milletler
Bileleşiginiň münberinden 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan
etmek baradaky başlangyjy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu teklibi amala aşyrmagyň
çäklerinde ugurdaş döwlet edaralary bilen bilelikde meýilnamanyň taslamasy
taýýarlanyldy. Onda degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Halkara
hukugyň ýylyny yglan etmek maksady bilen, BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk
meseleleri boýunça müdirligini esasy hyzmatdaş hökmünde kesgitlemek, Baş
Assambleýanyň sessiýasynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek,
“Halkara hukuk we Türkmenistanyň Bitaraplygy” atly Milli konsepsiýany taýýarlamak
teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, ýylyň dowamynda Türkmenistanda we daşary
ýurtlarda halkara hukuga bagyşlanan dürli sebitleýin we halkara çäreleri,
hususan-da, ylmy-amaly maslahatlary, sebitleýin forumlary, brifingleri, beýleki
çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.
Hukuk
bilimini ýokarlandyrmak üçin ýerli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda orta
hem-de ýokary okuw mekdeplerinde degişli okuw we usulyýet gollanmalaryny işläp
düzmek, olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýratmak meýilleşdirilýär.
Şeýle-de zehinli ýaş hünärmenleri ýüze çykarmak, olary goldamak, ylmy
barlaglary höweslendirmek we täze nesilde halkara hukuga gyzyklanma döretmek
maksady bilen, ýaşlaryň arasynda ylmy iş we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleri
geçirmek teklip edilýär. Giň jemgyýetçiligi Halkara hukugyň ýyly barada milli
hem-de halkara derejede habarly etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary
işler ministrliginiň web saýtynda ýöriteleşdirilen maglumat bölümini açmak,
Halkara hukugyň ýylyna bagyşlanan maglumat beriji materiallary taýýarlamak we
ýaýratmak göz öňünde tutulýar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda 2028-nji ýyly «Halkara
hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň öňe sürlendigini belledi.
“Munuň özi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny
berkitmekde möhüm ädim bolup durýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de
bu ugurda taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew milli ykdysadyýetimiziň ähli
pudaklaryny sanlylaşdyrmak we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda,
ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy hem-de ony amala
aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.
Munuň özi sanly ykdysadyýete geçmäge, milli emeli aň strategiýasyny
taýýarlamaga, pudaklarda emeli aň bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we
kämilleşdirmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejelerini
yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek,
maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça
maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek
maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan degişli resminama gol çekip, ony sanly
ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov