24.01.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek,
kabul edilen kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp
barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan
gelip gowuşýan teklipler esasynda halkara tejribeler öwrenilip, adam
hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny
ösdürmek bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça
işler amala aşyrylýar. Şeýle-de Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň
diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri
barada okuw sapaklarynyň guralandygy, şunuň bilen birlikde, olaryň BMG-niň
düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren
okuw maslahatlaryna we duşuşyklaryna, beýleki çärelere gatnaşyp, kanun
çykaryjylyk işi barada özara tejribe alşandyklary hakynda aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan
işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenistany 2026-njy ýylda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bu resminama “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan”, “Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyndan” hem-de şu
ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy. Maksatnama
laýyklykda, 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerini
we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly ýagdaýda saklamak, milli
ykdysadyýetiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, döwletimiziň ykdysady
kuwwatyny has-da berkitmek göz öňünde tutulýar. Ykdysadyýetiň pudaklaryny
depginli we toplumlaýyn ösdürmek, senagat-innowasion ösüş derejesini
ýokarlandyrmak, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde
işledilmegini gazanmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem eksport ugurly, importyň
ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmegiň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň
bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, netijede, daşary söwda dolanyşygyny
artdyrmak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk
önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri
dowam etdirmek, daşky gurşawy goramak çärelerini üstünlikli durmuşa geçirmek,
döwrebap sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmagy dowam
etdirmek, ilata edilýän ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat, durmuş we beýleki
hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde
bellenildi.
Amatly
işewürlik gurşawyny döretmek arkaly kiçi we orta telekeçiligi depginli
ösdürmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek
geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Işjeň maýa goýum syýasatyny alyp
barmak, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklaryna gönükdirilýän
maýa goýumlary artdyrmak, täze önümçilikleri işe girizmek, sebitlerde täze iş
orunlaryny döretmek babatdaky işler dowam etdiriler. Şunuň bilen bir hatarda,
ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, girdejilerini yzygiderli
artdyrmak we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly
çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Wise-premýer Maksatnamanyň
taslamasynda 2026-njy ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijileriň,
ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalarynyň, ýerine
ýetirilmeli işleriň, welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça
durmuş-ykdysady ösüş görkezijileriniň kesgitlenilendigini belledi. Özleşdirilmegi
göz öňünde tutulýan maýa goýumlaryň möçberleri beýan edildi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Maksatnamanyň taslamasy
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly
ösüşini üpjün etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny, munuň
ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we
maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasyny makullap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz toplumy üçin halkara
tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika
pudagyna dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden
ornaşdyrylýar, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna möhüm
ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynda ýokary derejeli, halkara
tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp
barylýandygyny belledi hem-de bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek,
gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri
geçirilýär. Maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary
talabalaýyk idetmek hem-de önüm berijiligini ýokarlandyrmak babatda degişli
işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda gyş paslynyň dowam edýändigi bilen
baglylykda, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça
zerur çäreler görülýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna
laýyklykda, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga
öwürmek ugrunda zerur işler geçirilýär. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň
garamagyndaky tokaý hojalyklarynda saýaly, pürli baglaryň, çöl ösümlikleriniň
nahallaryny ösdürip ýetişdirmek we olara talabalaýyk ideg etmek, baglardyr çöl ösümlikleriniň
tohumyny ekişe taýýarlamak boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmegi, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi hemişe üns merkezinde
saklamagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek
meýdanlarda degişli agrotehniki işleri, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek
işlerini talabalaýyk geçirmek, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly
gyşlatmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet
konserniniň garamagyndaky zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, konserniň “Türkmenturba” zawodynyň önümçiligini bökdençsiz
işletmek we ony tehnologik kadalara laýyklykda dolandyrmak maksady bilen,
önümçilikde zerur bolan enjamlar, himiýa önümleri bilen öz wagtynda üpjün etmek
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän himiýa
kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Türkmenturba»
zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge degişli teklipleri makullap,
wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad
şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine
Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, “Oýun adamzat üçin: sport we saz
hemmeler üçin” mowzugynda geçiriljek sergä ýurdumyzyň milli pawilýonynyň
“Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar astynda
gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady
gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini aýtdy hem-de Belgrad şäherinde
geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine gowy taýýarlyk görmegi we bu
ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň
diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahatlaryň, döredijilik
duşuşyklarynyň, brifingleriň, sergileriň, wagyz-nesihat çäreleriniň,
aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzda we
welaýatlardaky medeniýet ojaklarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35
ýyllyk baýramy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan
birnäçe çäreleriň we dabaralaryň, şol sanda maslahatlaryň, Garaşsyzlyk
ýyllarynda surata düşürilen filmleriň hepdeliginiň geçirilmegi göz öňünde
tutulýar. Fewral aýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar
köşgünde Döwlet simfoniki orkestriniň türkmen kinofilmleriniň sazlaryndan
düzülen konsertiniň we başga-da birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly çäreleriň
geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi hem-de wise-premýere fewral
aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada
hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, şu ýylyň mart aýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda
materiallaryň garşylygy dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasyny,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde VI Açyk halkara matematika
olimpiadasyny, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika
dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu
olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, alymlary,
professor-mugallymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly ýokary okuw
mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi täze zehinleri
ýüze çykarmakda, halkara ylmy-döredijilik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda,
bilim işini okuw-usulyýet taýdan kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklipleri hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli
durmuşa geçirilip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini, bu
ugurda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçirmek
baradaky teklibi makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň
biri ýurdumyzyň halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we
onuň ulgamyna girýän halkara düzümlerdir edaralar bilen hyzmatdaşlygyny
ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Halkara Zähmet
Guramasy bilen köptaraplaýyn konwensiýalaryň çäklerinde mynasyp zähmeti üpjün
etmek we zähmet gatnaşyklarynda ähli taraplaryň hukuklaryny goramak ugrunda
degişli işleri geçirýär.
Mälim
bolşy ýaly, ýurdumyzyň Hökümeti bilen bu guramanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek
boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde
hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Onuň oňyn netijelerini göz öňünde tutup, Daşary
işler ministrligi bu «Ýol kartasynyň» 2026-njy ýylyň ahyryna çenli
uzaldylmagyny hem-de onda göz öňünde tutulan çärelere ýurdumyzyň degişli döwlet
edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyny teklip
edýär.
“Ýol
kartasynyň” çäreleri birnäçe möhüm wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.
Hususan-da, onuň çäklerinde mejbury zähmetiň, şol sanda çagalar zähmetiniň
öňüni almak boýunça syýasy-hukuk binýadyny pugtalandyrmak esasy ileri tutulýan
ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen bir hatarda, resminamada milli
kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Hukuk
taýdan ähmiýetli çäreleri ulanmak boýunça işleriň güýçlendirilmegine aýratyn
ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, zähmet hukuklaryny goramak bilen
bagly döwlet edaralary, Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan maksadalaýyk işler
alnyp barlar. Mundan başga-da, has giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak
maksady bilen, zähmet hukuklarynyň degişli görkezijilerini ölçemek,
maglumatlary toplamak we seljermek boýunça bilim binýadyny döretmek
meýilleşdirilýär.
Halkara
Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda yzygiderli dialogy
dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Çaga zähmetiniň öňüni almak boýunça
syýasaty we amaly çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşary işler, Zähmet we
ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, degişli ministrlikleriň hem-de
pudak edaralarynyň wekilleriniň Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleridir
bilermenleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryny yzygiderli esasda geçirmek
teklip edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Birleşen
Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga
uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyz bilen Halkara
Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Arkadagly
Gahryman Serdarymyz beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary
işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti
ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, dünýäde sanly tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde
emeli aňy ösdürmek boýunça milli çemeleşmeler uly ähmiýete eýe bolýar. Şunuň
bilen baglylykda, emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalaryny işläp
taýýarlamagyň, emeli aňyň subýektleriniň özara gatnaşyklaryny
düzgünleşdirmegiň, şol sanda döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny, hukuklaryny,
borçlaryny, jogapkärçiligini kesgitlemegiň, emeli aň tehnologiýalary we
önümleri üçin milli ülňüleri hem-de tehniki kadalaşdyryjy namalary işläp
taýýarlamagyň zerur bolup durýandygy bellenildi. Wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek,
pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň
durmuşa geçirilýändigini, şunuň bilen baglylykda, emeli aň tehnologiýalaryny
ösdürmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhüm bolup
durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.