21.11.2025
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak,
milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen
kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada
maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisiň 22-nji noýabrda
geçiriljek nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görülýär. Maslahatyň gün tertibine
laýyklykda, “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”
Türkmenistanyň Kanunynyň, “Wirtual aktiwler hakynda”, “Ylmy intellektual
eýeçilik hakynda”, “Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen baglaşan halkara
şertnamasyny hem-de öň goşulan Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky
Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara
alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, hereket edýän kanunçylyk
namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly kanun
taslamalaryna garalar. Şeýle-de “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet
býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň
taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, Niger
Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi barada aýdyldy. Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk
söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, oňyn halkara
başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek, kanun çykaryjylyk, parlament
işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleri Özbegistan
Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
zenanlarynyň dialogynyň mejlisine, Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde
geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara
Assambleýasynyň nobatdaky maslahatyna we 59-njy plenar mejlisine, Birleşen
Milletler Guramasy tarapyndan Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde guralan
sebitleýin maslahata gatnaşmak üçin iş saparlarynda boldular.
Hormatly Prezidentimiz
halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen täze kanunlary taýýarlamak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Gahryman Arkadagymyzyň maslahaty esasynda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, bu resminama
ýurdumyzda sanly aktiwleriň bazarynyň ygtybarly esasda hereket etmegi üçin
hukuk, tehnologik we guramaçylyk binýadyny kemala getirmegi göz öňünde tutup,
bu ugurda ýerine ýetirilmeli anyk çäreleri, olaryň möhletlerini, jogapkär
edaralary belleýär. “Ýol kartasynda” halkara tejribäni öwrenmek, degişli
kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, energetika we aragatnaşyk infrastrukturasyny
ösdürmek, maýa goýumlary çekmek, synag taslamalaryny geçirmek ýaly ugurlar
kesgitlenilýär. Mundan başga-da, taslamada kiberhowpsuzlygy üpjün etmek,
energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we degişli ugurlarda ýokary hünärli
hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Ýol kartasynyň” taslamasy hem-de
ýörite döwlet toparyny döretmek baradaky teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion
tehnologiýalary giňden peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp
barylýandygyny belledi hem-de ykdysadyýetimize sanly tehnologiýalary
ornaşdyrmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz
geçiriji ulgamlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konserne degişli kärhanalarda bu ugurda zerur
işler alnyp barylýar. Şunda kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda göz öňünde tutulan işleriň
üstünlikli ýerine ýetirilmegi tebigy gazy içerki sarp edijilere hem-de daşarky
bazarlara ibermegiň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sarp edijilerini tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün
etmegiň hem-de ony daşarky bazarlara ygtybarly ibermegiň möhüm wezipe bolup
durýandygyny aýtdy hem-de “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji
ulgamlary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda
möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek,
hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri
geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny
soňky hanasyna çenli ýygnap almak, Lebap welaýatynda şaly hasylyny ýygnamak
işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Mary welaýatynda gant şugundyryny
kabul edip almak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatlaryň ekerançylyk
meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak
hem-de suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen, howdanlara suw
toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar.
Daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý
maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek
maksady bilen, ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümi dowam edýär. Möwsümiň
dowamynda saýaly, pürli we miweli bag nahallaryny ekmek, olara ideg etmek,
döredilen tokaý zolaklaryny abadanlaşdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy, bugdaý ekilen meýdanlarda
agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek işlerini dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere pagta hasylyny
soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň
kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň netijeliligini
ýokarlandyrmak maksady bilen, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda degişli işler geçirilýär.
Şunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns
berilýär. Munuň özi zawodyň önümçiliginiň has-da ygtybarly işlemegini üpjün
edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň önümçilik kärhanalaryny
taslama kuwwatyna çykarmagy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de
Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň netijeli işlemegini gazanmak maksady
bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagatynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda ýerine ýetirilýän işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky
önümçilik kärhanalaryny bökdençsiz we doly kuwwatynda işletmek üçin ýerine
ýetirilýän işleriň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk
giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda dokma senagaty pudagynyň önümçiliginiň yzygiderli
döwrebaplaşdyrylýandygyny, dokma kärhanalarynda ýokary hilli, ekologik taýdan
arassa dokma önümleriniň öndürilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz dokma
kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan
teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Milli
taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň
hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet
maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzyň
taryhy-medeni ýadygärliklerinde ylmy-barlag, rejeleýiş işleri üstünlikli dowam
etdirildi. Hususan-da, Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe
ýadygärliginde, Mäne Babanyň kümmetinde, Gadymy Abiwerd galasynyň orta asyr
Juma metjidinde, orta asyr Dehistan şäherindäki Juma metjidinde, Daşoguz
welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Kerwensaraý” ýadygärliginde, Gadymy Amul galasynda,
Beýik Ýüpek ýolunyň Amul-Horezm şahasynyň ugrunda ýerleşýän Daýahatyn
kerwensaraýynda, Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Akjagala kerwensaraýynda
degişli işler geçirildi.
Ylmy gözlegleriň dowamynda
toplanan maglumatlar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady
bilen, “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň üçünji
goýberilişi çapa taýýarlanyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň taryhy-medeni
ýadygärliklerinde geçirilen arheologik ylmy-barlaglaryň netijesinde dürli
döwürlerde ýüze çykarylan tapyndylary Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet
muzeýine hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak
dabaralaryny geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmegiň, gorap
saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup
durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere
ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek we geljek
nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň
ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklary üçin ýokary bilimli
hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň daşary ýurt
döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim almaklary üçin
ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly
toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ýaşlaryň müňlerçesiniň daşary
ýurtlaryň öňdebaryjy bilim ojaklarynda bilim alýandyklaryny aýtdy hem-de
2026-2027-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly
bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň
şu ýylyň 24-25-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilýän döwlet
saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Ýakyn goňşy ýurtlar bilen däp
bolan dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli
ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Gazagystan
Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň oktýabrynda
ýola goýlandygy bellenildi. Netijeli döwletara hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilip,
dürli ugurlary öz içine alýar. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady
resminamalaryň 180-si bilen berkidildi. Yzygiderli amala aşyrylýan ýokary
derejedäki özara saparlar we duşuşyklar türkmen-gazak gatnaşyklaryny
pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Türkmenistan we Gazagystan abraýly
halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde netijeli
hyzmatdaşlyk edip, birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň
möçberi artýar. Şunda däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge uly
ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn goňşy
döwletleriniň biri bolup durýandygyny, iki ýurduň arasynda dost-doganlyk
gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Gazagystan Respublikasyna
boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmek
we logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Halkara ýük howa gatnawlary
ulgamynda ýurdumyzyň ornuny has-da berkitmek, üstaşyr mümkinçiliklerini,
logistika babatda özüne çekijiligini artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň
çäklerinde “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa
ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe
boldy we oňa assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşuryldy. Munuň özi halkara
ýük howa daşamalary ulgamynda Watanymyzyň ornuny berkitmekde möhüm ädimleriň
biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmäge, logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini, bu ugurda halkara gatnaşyklary giňeltmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de daşary ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
tdh.gov