Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylyk binýadyny
mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada
maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek
maksady bilen, täze kanun taslamalary işlenip taýýarlanylýar hem-de döwrüň
talaplaryna laýyklykda, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri
girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna
görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly geçiren maslahatynda öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň awgust aýynda Awazada parlament forumyny
ýokary derejede guramak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mejlisiň
wekilleri BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasy bilen bilelikde çaganyň
hukuklaryny düşündirmek boýunça okuw sapaklaryny geçirdiler, şeýle hem ÝHHG-niň
Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşdylar.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow abraýly halkara guramalar
bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada
hasabat berdi.
Hasabatda
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet
ministrligi tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde, Ykdysady hyzmatdaşlyk we
ösüş guramasynyň käbir resminamalaryna, hususan-da, Salgyt meseleleri boýunça
özara administratiw kömegi bermek hakynda Konwensiýa hem-de Ygtyýarly
taraplaryň maliýe hasaplar boýunça maglumatlaryny awtomatik alyşmagy hakynda
köptaraplaýyn Ylalaşyga ýurdumyzyň goşulmagynyň maksadalaýyk hasaplanýandygy
aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli kanunçylygy kämilleşdirmek
arkaly abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet
berilýändigini belledi hem-de Türkmenistanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş
guramasynyň degişli Konwensiýasyna we Ylalaşygyna goşulyşmagy barada
taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň
düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň
degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynyň nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi
duralgasynyň gurluşyk işleri tamamlanyp, täze desga ulanmaga doly taýýar
edildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döredýän ajaýyp mümkinçilikleri
üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza nebitgaz toplumynyň
ähli işgärleriniň adyndan hoşallyk bildirip, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak
bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini
arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz nebitgaz pudagyny ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy we täze desganyň işe girizilmeginiň
ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport edilýän möçberini artdyrmaga,
olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berjekdigini belledi hem-de toplumyň
dabaraly açylyşyna sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda badalga berdi.
Açylyş
dabarasynyň geçirilýän ýerinden göni aragatnaşyk arkaly «Türkmennebit» döwlet
konserniniň başlygy G.Agajanow çykyş edip, hormatly Prezidentimize
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kuwwatlylygy ýylda
2 million 60 müň tonna nebit we nebit önümlerini ýüklemäge hem-de 1 million 150
müň tonna nebit we nebit önümlerini düşürmäge mümkinçiligi bolan Kenar
toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji
gämi duralgasyny işe girizmäge ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz täze desganyň işe girizilmegine
ak pata berdi. Soňra dabaranyň geçirilýän ýerinde il sylagly ýaşulularyň
gatnaşmagynda toý bagy kesilýär. Täze gämi duralgasyndan nebit önümi ýangyç
daşaýjy gämä guýlup başlanýar. Açylyş dabarasy aýdym-sazly, tansly çykyşlar
bilen jemlendi.
Soňra
mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hasabaty
bilen dowam etdi. Wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Pagta ýygymy
möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde oba hojalyk tehnikalaryny,
pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, awtoulaglary
möwsüme taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýygnalan
bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara
daşamak, ýerleşdirmek, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak maksady
bilen, meýdanlary, ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak
babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatlarda ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň
hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlary üpjün etmek, olaryň
güýzki ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işleri alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady hem-de
wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlarynda ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş
nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň
düýbüni tutmak, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan
işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de gowaça ekilen
meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirilmegini
dowam etdirmek tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda,
hususan-da, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň oba hojalyk
pudagy üçin mineral dökünleri öndürýän zawodlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak, olaryň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça
zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda mineral dökünleri öndürýän zawodlary
netijeli işletmäge, oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen öz
wagtynda üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
berkitmek boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmen-ýapon işewürlik
maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
häzirki wagtda forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen
zerur çäreler görülýär. Maslahata maýa goýum, söwda, hyzmatlar, bilim
ulgamlarynda, nebitgaz, senagat, saglygy goraýyş ulgamlary üçin enjamlaryň
önümçiligi, gurluşyk, logistika pudaklarynda we beýleki ugurlar boýunça iş alyp
barýan ýapon kompaniýalary gatnaşmaga isleg bildirýärler. Türkmen tarapyndan
bolsa oňa Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzalarynyň, sanly ulgam arkaly ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň iri halkara çärelere yzygiderli
gatnaşýandygyny, Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä
sergisinde hem Türkmenistanyň milli pawilýonynyň öz işini üstünlikli alyp
barýandygyny belledi we wise-premýere Türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna gowy
taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa awgust aýynda geçiriljek esasy
çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, geljek aýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary,
brifingleri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz
öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam
edýän günlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri
üçin olaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, dürli döredijilik
bäsleşiklerini guramak meýilleşdirilýär. Awgust aýynda “Ýaňlan, Diýarym!”
telebäsleşiginiň Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary,
bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň
jemleýji tapgyry hem geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata
Watanymyzyň ösüşlerini beýan edýän birnäçe dabaraly çäreleriň geçirilýändigini
aýtdy hem-de wise-premýere awgust aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk
görmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa söz berildi. Ol,
ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi “Saglyk”
Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden
gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň rowaçlyklara
beslenmegini arzuw etdi. Soňra wise-premýer bu şanly sene mynasybetli
geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde “Türkmenistanyň
Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasy hereketde” atly maslahatlary
geçirmek, zähmetde aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine hormatly
Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlary dabaraly
gowşurmak, Milli Liderimiziň nusgalyk kitaplarynyň, surat we milli saglygy
goraýyş önümleriniň sergisini, aýdym-sazly medeni çäreleri geçirmek göz öňünde
tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ynsan
saglygyny goramak, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we wise-premýere «Saglyk» Döwlet
maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çärelere gowy
taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow howpsuzlyk
meselelerinde halkara guramalar bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny berkitmek
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, howpsuzlyk meseleleri Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan ählumumy parahatçylygy,
howpsuzlygy pugtalandyrmak we bu babatda ýadro energiýasynyň ulanylyşyna
gözegçilik etmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary
bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz abraýly halkara guramalaryň
çäklerinde bu ugurda öňe sürülýän başlangyçlary yzygiderli goldaýar.
Türkmenistan 1994-nji ýylda ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk hakynda, 1998-nji
ýylda ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek hakynda, 2006-njy ýylda Merkezi
Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda möhüm şertnamalara goşulmak bilen,
bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ugurdaş halkara düzümler
bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taýýarlanylan
birnäçe teklipler hödürlenildi.
Hususan-da,
2017-nji ýylda kabul edilen Ýadro ýaragyny gadagan etmek baradaky şertnama
Türkmenistanyň goşulmak meselesini öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmek
teklip edilýär. 2021-nji ýylda güýje giren bu resminama şu günki güne çenli
dünýäniň 94 döwleti goşuldy. Şeýle hem 2026-njy ýylda ýurdumyzda Ýadro
synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasy bilen bilelikde
bu guramanyň Milli maglumat merkezleri üçin sebitleýin okuw maslahatyny
geçirmek teklip edilýär. Oňa Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlaryndan Milli
maglumat merkezleriniň utgaşdyryjylarynyň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.
Şeýle-de
Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Halkara
monitoring ulgamyna degişli bolan we ýurdumyzda ýerleşýän seýsmologiýa
stansiýasynyň işini kämilleşdirmek, Halkara monitoring ulgamyndan alynýan
maglumatlaryň ýurdumyzyň ugurdaş edaralary tarapyndan peýdalanylmagyny ýola
goýmak, Türkmenistanyň degişli halkara resminamalardan gelip çykýan
borçnamalaryny ýerine ýetirmek, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly teklipler
beýan edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň
ösdürilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup
durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz howpsuzlyk meseleleri boýunça halkara
guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda taýýarlanan
teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň Halkara howa
menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de Halkara howa
menzillerinde döredilen döwrebap şertler Diýarymyzyň üstaşyr ulag
mümkinçiliklerini artdyrýar. Ulag-kommunikasiýa strategiýasynyň üstünlikli
durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we halkara derejedäki möhüm
ulag-logistika merkezi hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýar. Şulardan ugur
alnyp, ýurdumyzyň howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da
pugtalandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde döwrebap
şertleri döretmäge, halkara talaplara laýyk gelýän awiasiýa howpsuzlygyny üpjün
etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we howa menzilleriniň maddy-tehniki
binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu
babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov