Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan işi barada
maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň ýörelgeleri we ýurdumyzda kabul edilen döwlet maksatnamalary,
ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler
esasynda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak,
saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de
guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek, ylmy-intellektual eýeçiligiň obýektleri
döredilende we peýdalanylanda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk
esaslaryny berkitmek, wirtual aktiwleri ulanmak babatda hukuk gurşawyny
döretmek, hereket edýän gümrük kadalaryny, gümrük gullugynyň işini
kämilleşdirmek bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri
geçirilýär. Şunuň bilen
birlikde, Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Mejlisiň wekili ÝHHG-niň
Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasy bilen hyzmatdaşlyk
meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen duşuşyga gatnaşmak üçin
Polşa Respublikasynyň Warşawa şäherinde iş saparynda boldy.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Döwlet daşary ykdysady iş
banky tarapyndan Beýik Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentliginden halkara
reýtingi almak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda,
şu ýylyň 16-njy iýunynda ýurdumyzyň bu bankyna “BB- durnukly” reýting
derejesiniň kesgitlenendigi baradaky hoş habaryň gelip gowşandygy aýdyldy.
Agentligiň maglumatynda Türkmenistanyň maliýe durnuklylygynyň ýokary derejesi
we uly möçberde ätiýaçlyk serişdeleriniň bardygy bellenilýär. Şunuň bilen
birlikde, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maliýe-bank işjeňligi gowy
bahalandyrylyp, tölege ukyplylygynyň ýokary derejesi beýan edilýär hem-de onuň
maliýe serişdeleri boýunça ýurdumyzyň iri banklarynyň biridigine üns çekilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini berkitmek
boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. “Ýakynda «Fitch
Ratings» agentligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna
«BB- durnukly» reýting derejesiniň kesgitlenilmegi bolsa ýurdumyzyň maliýe
taýdan durnuklylygyny görkezýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we
wise-premýere döwletimiziň daşary ykdysady işini has-da ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň
garamagyndaky nebitgaz ýataklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze açylan “Uzynada” nebitgaz ýatagyny
özleşdirmek, hususan-da, ony elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça
zerur işler geçirilýär. Bu bolsa täze ýatagyň elektrik üpjünçiligi bilen bir
hatarda, beýleki ýanaşyk ýataklary hem elektrik energiýasynyň goşmaça möçberi
bilen üpjün etmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky
nebitgaz känlerinde täze ýataklary ýüze çykarmak hem-de özleşdirmek üçin ähli
şertleriň döredilýändigini aýtdy hem-de täze açylan “Uzynada” nebitgaz ýatagyny
elektrik energiýasy bilen üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi
makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, hasyly
galla kabul ediş nokatlarynda kabul etmek hem-de döwlete tabşyrylan hasyl üçin
bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen
meýdanlarynda ideg etmek işleri, Lebap welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda
bolsa güýzlük gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Şeýle-de wise-premýer
2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaýyň düýbüni tutmak boýunça taýýarlyk işleriň
alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli
Kararyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmegi dowam etdirmegiň, welaýatlarda galla oragyny guramaçylykly
geçirmegiň, ýygnalan hasyly kabul etmek hem-de döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly
üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işlerine berk gözegçilik
etmegiň, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara görä alyp
barmagyň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bugdaý hasylyny
ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady
bilen, «Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda»
Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda,
hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde ýerine ýetirilýän işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konsern tarapyndan dürli
mineral dökünleri öndürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak,
täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi
içerki sarp edijileri oba hojalyk dökünleri bilen doly üpjün etmäge hem-de
olary daşary ýurtlara eksport etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary hilli mineral dökünleri
öndürmäge uly üns berilýändigini, bu ugurda innowasion enjamlar we
tehnologiýalar ornaşdyrylan täze, döwrebap zawodlaryň gurlup ulanmaga
berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mary
welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ammiak hem-de ammiak selitrasyny öndürýän
zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek baradaky teklibi makullap,
wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geljek aýyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli
maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly
dabaralary, sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir
hatarda, iýul aýynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Aşgabat we Arkadag
şäherleri, Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlaryny,
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna, Enäniň we
çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň açylyp ulanmaga berilmeginiň
10 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata
Watanymyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga
berilýändigini, beýik ösüşleri beýan edýän birnäçe dabaraly çäreleriň
geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere şu ýylyň iýul aýyndaky çäreleri geçirmek üçin gowy taýýarlyk
görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdeplerini ylmy-usulyýet esasynda has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, talyplaryň döwrebap
bilimleri we ylymlary özleşdirip, geljekde döredijilikli zähmetini milli
ykdysadyýetimiziň binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň bähbidine
gönükdirmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunda häzirki
zaman tehnologiýalaryna, täzeçil tejribelere, öňdebaryjy usullara möhüm ähmiýet
berilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge we
döwrebaplaşdyrmaga, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet
berilýändigini belledi we wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri
netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (MAGATE) arasynda
hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de
Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde
halkara howpsuzlygy, parahatçylygy berkitmekden, bu babatda ýadro energiýasynyň
ulanylyşyna gözegçilik etmek boýunça işleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr.
Ýurdumyz ýadro ylmyny parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanmak, ýagny
lukmançylyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini
dolandyrmak ýaly ugurlarda öňdebaryjy halkara tejribeleri öwrenmek hem-de amala
aşyrmak boýunça MAGATE bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu düzüm bilen gatnaşyklaryň
gerimini has-da giňeltmek, ony milli we halkara tejribä laýyklykda, ulgamlaýyn
esasda alyp barmak, Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek
boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin iş meýilnamasynyň degişli bentlerini durmuşa
geçirmek maksady bilen, birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Şol teklipler döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Şeýlelikde,
Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň arasyndaky
hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen,
agentligiň 2025 — 2029-njy ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt boýunça Çarçuwaly
maksatnamasyna gol çekmek teklip edilýär. Bu resminamada geljek bäş ýylyň
dowamynda ýurdumyz bilen bu düzümiň arasynda ileri tutulýan ugurlar, ýetilmeli
sepgitler, ýerine ýetirilmeli işlerdir olaryň möhletleri kesgitlenilýär we
düzgünleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň 1960-njy ýylda güýje
giren Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň artykmaçlyklary we
goraglylyklary hakynda Ylalaşyga goşulmagy baradaky teklip beýan edildi.
Şu
ýylyň 15 — 19-njy sentýabry aralygynda Wena şäherinde geçiriljek Atom
energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş konferensiýasynyň 69-njy mejlisine
Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri
geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, agzalan mejlisiň çäklerinde
geçirilmegi meýilleşdirilýän suw serişdelerini dolandyrmakda atom ylmyny
ulanmaga bagyşlanan foruma guramanyň Baş direktorynyň adyndan aýratyn çakylyk
hatynyň gelip gowşandygy bellenildi. Suw diplomatiýasynyň ýurdumyzyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini göz öňünde tutup, bu çäräniň
çäklerinde Türkmenistanyň halkara derejede öňe sürýän başlangyçlaryny beýan
etmek teklip edilýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň garamagyna şu
ýylyň 10 — 14-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde MAGATE bilen bilelikde
ýadro we beýleki radioaktiw materiallar üçin howpsuzlyk kadalary boýunça
sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Bu maslahata
ýurdumyzyň wekilleri bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa, Kawkaz ýurtlaryndan,
Aziýa sebitiniň beýleki ýurtlaryndan hünärmenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Şeýle-de
Türkmenistanda onkologik keselleri bejermek boýunça bilelikdäki hereketlere syn
boýunça maksatnamany (ImPACT) durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň 8 —
13-nji sentýabry aralygynda guramanyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny
guramak teklip edilýär. Bu syny Atom energiýasy boýunça halkara agentlik,
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Onkologiýa barlaglary boýunça halkara
agentlik bilen bilelikde amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň
biriniň halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler
ministrine Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen ýola goýlan
hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew ýurdumyzyň awiasiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, halkara şertnamalara,
Howa kodeksine hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan kabul
edilen halkara standartlara laýyklykda, milli raýat awiasiýasynda uçuşlaryň
howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasy işlenilip
taýýarlanyldy. Bu resminamada raýat awiasiýasy çygrynda uçuşlaryň howpsuzlygyny
üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hem-de ýerine ýetirilmeli
wezipeler kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň
garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli awiasiýa pudagyny ösdürmek
boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň
howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan resminama gol
çekip, ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we degişli
tabşyryklary berdi.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov