Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

15.03.2025
Card image cap

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

 Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmek, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, awtomobil ulagy, salgytlar bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli 7-8-nji martda geçirilen baýramçylyk çäreleri, hususan-da, Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan zenanlary sarpalamak, olaryň birnäçesine döwrebap öýleriň açarlaryny gowşurmak dabaralary barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, dabaralara gatnaşanlar ýurdumyzyň ähli aýal-gyzlarynyň adyndan Watanymyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy, netijeli zähmet çekmegi üçin döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

 Dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler barada-da aýdyldy. Mejlisde Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň arasynda 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy boldy. Mundan başga-da, deputatlar döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, Watanymyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlaryny, 2025-nji ýylyň şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça guralýan çärelere gatnaşýarlar.

 Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk esaslaryny berkitmegi dowam etdirmegiň, kanun çykaryjylyk işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň hünär synagyny geçirmegiň Tertibiniň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Kadalaşdyryjy namanyň taslamasynda bilermenleri hünär synagyndan geçirmegiň tertibi we möhletleri, talap edilýän resminamalaryň sanawy, hünär synag toparynyň işiniň düzgünleri kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini sazlaşykly we netijeli ösdürmekde ýokary bilimli hünärmenlere uly ornuň degişlidigini, şoňa görä, olary taýýarlamagyň hem-de hünär synagyndan geçirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz önümçilik desgalarynyň kadaly ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan resminama gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, degişli tabşyryklary berdi.

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, maliýe-ykdysady, ylym-bilim, ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, maglumat ulgamlarynda, sebitara baglanyşyk, şertnama-hukuk ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanyň hyzmatdaş döwletleriniň biri bolup durýandygyny, ýurtlarymyzyň dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

 Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Galla oragyna taýýarlyk görmek, möwsümde ulanyljak däne kombaýnlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişini guramaçylykly we bellenen möhletlerde geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Hususan-da, gowaça ekiljek meýdanlarda ýuwuş suwuny tutmak, ýokary hilli tohumlary taýýarlamak işi dowam edýär. Şeýle hem welaýatlarda ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerinden öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, owlak-guzy, köşek almak möwsümi dowam edýär.

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, bugdaý ekilen meýdanlara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere galla oragy we gowaça ekişi möwsümlerine gowy taýýarlyk görmegi, ýokary hilli tohumlary taýýarlamagy üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

 Bellenilişi ýaly, paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek we onuň ýaşaýjylarynyň, myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Hususan-da, medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, bag ekilen ýerlerde, suw çüwdürimlerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş işleri, dürli görnüşli bezeg agaçlaryny, gülleri ekmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, wise-premýer Aşgabatda ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde bag nahallarynyň oturdyljak ýerlerini we ekiljek nahallary taýýarlamak boýunça zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny belledi. Baýramçylyk çäreleri, şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasy bilen bagly paýtagtymyzda bezeg işlerini geçirmek, abadanlaşdyrmak işlerini dowam etdirmek, baýramçylyk dabaralaryna gowy taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli pawilýonynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasaty netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, ýetilen belent sepgitler giňden beýan ediler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň çäklerinde geçirilmegi teklip edilýän çäreleriň sanawynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady we bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

 Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” geçiriljek baýramçylyk dabarasy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň, Nowruz bilen bagly milli däp-dessurlaryň esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen badalga alar. Şeýle-de bu ýerde dürli sergileri ýaýbaňlandyrmak, halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk, senetçilik bilen bagly däp-dessurlaryny beýan edýän çykyşlary, aýdym-sazly dabaralary guramak meýilleşdirilýär.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda Milli bahar baýramyna bagyşlanan çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer türkmen ýaşlarynyň maglumat tehnologiýalary; saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary; bilim we pedagogika ylymlary; oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary; inženerçilik işi; tehnologiýalar we tehniki ylymlar; matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerine iberilmeginiň maksadalaýyk hasaplanýandygyny aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, munuň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmäge ýardam berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek baradaky taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

 Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda döwletimiz tarapyndan halkara ösüşiň gün tertibinde strategik taýdan ähmiýetli orny eýeleýän meselelere aýratyn üns berilýär. Şolaryň hatarynda energiýa howpsuzlygyny berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meseleler bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny we “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýany” durmuşa geçirmek babatda ulgamlaýyn esasda işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan gelip çykýan borçlary iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda “Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamanyň” taslamasy hem-de bu resminamany durmuşa geçirmek üçin çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanyldy. Bu işler ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerine ýetirildi. Hususan-da, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatynyň, Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň, Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, şeýle hem Ählumumy ekologiýa gaznasynyň, Merkezi Aziýanyň ekologiýa meseleleri boýunça sebitleýin merkeziň, Aziýanyň ösüş bankynyň hünärmenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edildi. Maksatnamada bu ugurdaky abraýly halkara guramalar, maliýe institutlary, ylmy-barlag merkezleri, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarydyr kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmäge uly üns berilýändigini, Diýarymyzda Günüň hem-de ýeliň energiýasyny ulanmak babatda oňyn şertleriň bardygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

 Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparyny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu toparyň döredilmegi birnäçe ugurlar boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgelerini has-da işjeňleşdirmäge itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

 Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Gyrgyz Respublikasy bilen ulag-logistika ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

 Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

tdh.gov


Bulary hem okaň