Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli
kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada
maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iş toparlarynda degişli
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda
ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli we
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun
taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleridir goşmaçalary
girizmek işleri dowam etdirilýär.
Şeýle
hem Mejlisiň Başlygy ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň
netijeleri barada habar berdi. Nygtalyşy ýaly, saparyň dowamynda türkmen
wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan
tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň adyndan şu
ýylyň dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30
ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma çakylyk haty gowşuryldy.
Dostlukly ýurduň Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Türkiýe bilen
Türkmenistanyň ählumumy we sebitleýin howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde
garaýyşlarynyň gabat gelýändigini aýtdy. Şeýle hem Rejep Taýyp Ärdogan BMG-niň
Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”
diýlip yglan edilmegi bilen bagly kabul eden Kararnamasyny Türkiýäniň
goldandygyny buýsanç bilen belledi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň
martynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşynyň taryhy waka
bolandygyna hem ünsi çekdi.
Saparyň
dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen
duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda iki doganlyk ýurduň parlamentara
hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berjek parlamentara dostluk toparlarynyň,
ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň
işjeňleşdirilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellenildi.
Pursatdan peýdalanyp, D.Gulmanowa ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny halkara
derejede giňden wagyz etmek, türkmen wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynda iş
saparynda bolmagy üçin döreden mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentimize hem-de
Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
“Ene
mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak we olara
ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralaryna görülýän taýýarlyk
barada-da aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk
görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda”
Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda
buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda
Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe
hasabatlaryna halkara standartlar esasynda audit barlaglaryny geçirmek göz
öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe
hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmegi kämilleşdirmegiň, bu işi bellenen
halkara standartlar esasynda guramagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň
garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda
zerur çäreler görülýär. Hususan-da, nebit guýularyndan uglewodorod
serişdelerini çykarmak, nebithimiýa senagatyny ösdürmek babatda halkara
hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki
wagtda bu hyzmatdaşlygyň esasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar toplumyny çig malyň goşmaça möçberleri bilen üpjün etmek, onuň
kuwwatyny netijeli peýdalanmak babatda alnyp barylýan işler munuň aýdyň
mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak
boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we
welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitleriň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Türkmenistanyň
Prezidentiniň Türkmenistanda 2025-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek
hakynda Kararyna laýyklykda, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizlemek, geriş we
çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur
işler geçirilýär. Ýurdumyzyň ilatyny ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik
möçberde üpjün etmek maksady bilen, welaýatlarda ýazlyk gök-bakja ekinleriniň
ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny möwsüme taýýarlamak işleri dowam
etdirilýär.
Şeýle
hem wise-premýer Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda,
ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, eziz
Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigini
aýtdy. Häzirki wagtda Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky tokaý
hojalyklarynda saýaly, pürli we çöl ösümlikleriniň nahallaryny ýazky bag ekmek
möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek,
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini yzygiderli alyp barmagyň
möhümdigine ünsi çekdi. Bugdaý ekilen meýdanlara agrotehniki kadalara
laýyklykda ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki işleri öz
wagtynda geçirmek, ekiş möwsümi üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamaga
möhüm ähmiýet bermek, ýazlyk gök-bakja ekinleriniň tohumlaryny ekiş möwsümine
talabalaýyk taýýarlamak, ýazky bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmek
zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli
tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen hem-de senagat önümleriniň dürli
görnüşlerini öndürmäge niýetlenen täze senagat kärhanalary gurulýar. Ahal
welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýylda 3 million 300 müň inedördül metr
keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümleriniň 120 müňüsini öndürýän
zawodyň gurluşyk-gurnama işleriniň üstünlikli tamamlanmagy hem munuň aýdyň
güwäsidir. Bu täze kärhananyň işe girizilmegi ýerli gurluşyk önümlerine bolan
islegleri kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga,
täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat önümleriniň dürli
görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulýandygyny, senagat kärhanalarynda
dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlarynyň giňden ornaşdyrylýandygyny
belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere täze “Bäherden” keramiki önümler
kärhanasyny işe girizmek boýunça taýýarlyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumynda
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli
ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, telekeçilik ulgamyny
ösdürmek, hususan-da, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan
önümleriň önümçiligini döretmek boýunça hem giň gerimli işler durmuşa
geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň 17 — 19-njy marty
aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergini hem-de “Türkmenistanyň geljegine
maýa goýumlar” atly halkara forumy guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk
işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň ösdürilmegi
netijesinde milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan ornunyň yzygiderli
artýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz
wise-premýere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17
ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan sergini, «Türkmenistanyň geljegine maýa
goýumlar» atly halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi
tabşyrdy.
Şeýle
hem wise-premýer Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, olaryň bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça görülýän
çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň dokma senagatynyň
önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. Bu önümleriň
eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin maksada gönükdirilen işler
alnyp barylýar, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola
goýulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda ýokary hilli, ekologik taýdan
arassa dokma önümleriniň öndürilýändigini, häzirki wagtda bu önümleriň içerki
we daşarky bazarlarda giň orun alýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz dokma
kärhanalarynyň önümçilik enjamlaryny netijeli işletmek bilen bagly
taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Halkara zenanlar güni mynasybetli
baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, mart aýynyň başynda bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda,
Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk konsertlerini, dürli maslahatlary,
sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary, sport
ýaryşlaryny, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek, yglan edilen bäsleşikleriň
jemini jemlemek meýilleşdirilýär. 7-nji martda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen
hormatly adyna eýe bolan zenanlara hormatly adyň nyşanynyň we şahadatnamasynyň
gowşurylyş dabarasyny, bu hormatly ady alan, sekiz we şondan köp çagany dünýä
inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlara, köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş
jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasyny hem-de şol gün Mukamlar köşgünde
baýramçylyk konsertini guramak göz öňünde tutulýar. 8-nji martda bolsa
Söwda-senagat edarasynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek
meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag
şäherlerinde baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi
çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň
gatnaşmagynda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegiň
wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň 7-8-nji aprelinde
saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumyny geçirmäge görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, forumy ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly geçirmek hem-de onda
pediatriýanyň, onkologiýanyň, amaly lukmançylyga sanly tehnologiýalary we
intellektual-seljeriş ulgamlaryny ornaşdyrmagyň ähmiýetini ara alyp
maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal
Saglygy goraýyş ministrliginiň we öňdebaryjy klinikalarynyň professorlarynyň,
ýurdumyzyň hassahanalarynyň lukmanlarynyň, Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň,
talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde
dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet
berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Germaniýa Federatiw Respublikasynyň
saglyk merkezleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen,
saglygy goraýyş boýunça nobatdaky Türkmen-german forumyny geçirmek baradaky
teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
kiberhowpsuzlyk ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri
ýurdumyzyň sanly ulgamynyň maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden hem-de
kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu babatda daşary döwletler, halkara guramalar
bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şundan ugur
alnyp, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny
ýola goýmak we ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da,
ýurdumyzyň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara goşulmagy bilen
bagly zerur çäreleri görmek, milli kanunçylygy halkara resminamalara laýyklykda
kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem halkara guramalar bilen degişli
okuwlary, maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.
«Sanly
ulgamyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde daşary ýurt döwletleri hem-de halkara
guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025 — 2027-nji ýyllar üçin
Maksatnamanyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň
Meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Bu resminamalar şu ugurda
bilelikdäki işleri amala aşyrmaga, özara tejribe alyşmaga, hünärmenleriň bilim
derejesini ýokarlandyrmaga, öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda çözmäge ýardam
berer. Agzalan Maksatnamada we Meýilnamada daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
degişli şertnamalary baglaşmak, döwletara gatnaşyklarda milli bähbitleri
goramak, kiberhüjümler barada maglumat alyşmagyň ýollaryny kesgitlemek, halkara
derejede kiberhowpsuzlyk we kiberdiplomatiýa boýunça kabul edilýän çözgütleri
ýurdumyzda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň
kiberhowpsuzlygyny berkitmegiň hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde daşary ýurt döwletleri
hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça taýýarlanan
teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew aragatnaşyk pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzdan üstaşyr ýokary hilli we tizlikli maglumat akymlaryny
geçirmäge amatly şertleriň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistan bilen goňşy
döwletleriň arasynda maglumat geçirijilik birikmeleriniň sanyny we maglumat
geçirijilik tizligini artdyrmagyň, aragatnaşyk geçirijiligi goşmaça
ätiýaçlandyrmagyň mümkinçilikleri öwrenildi. Bu babatda degişli işleriň
geçirilmegi Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm üstaşyr
maglumat geçiriji ýurt hökmünde ornuny has-da berkitmäge ýardam eder. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň
geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň durmuşa
geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde
ýerleşýän maglumat geçiriş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de goşmaça maglumat
geçiriş beketlerini gurnamak barada taýýarlanylan teklipleri makullap,
agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, mukaddes
maşgala ojagyny gorap saklamakda, perzentlerine mynasyp edep-terbiýe bermekde,
jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde eziz enelerimize, zenanlarymyza
uly ornuň degişlidigini belledi. Yhlasly zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň
abraýyny belende göterýän mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde
hormat-sarpasy örän ýokarydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz köp
çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip
geçiljekdigini aýdyp, baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen
hormatly adyny dakmak we bu ada mynasyp bolan zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň
açarlaryny gowşurmak çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov