Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe
meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek,
kabul edilýän maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny
yzygiderli gowulandyrmak, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda raýatlaryň hukuklaryny goramak, kazyýet edaralarynyň işini
kämilleşdirmek, awtomobil ulagy, ykdysadyýetiň käbir pudaklarynyň işiniň hukuk
esaslaryny berkitmek bilen baglanyşykly hereket edýän birnäçe kanunlara
üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.
Daşary
ýurtlar, halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Gwatemala
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden
ynanç haty kabul edildi, şeýle hem Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň
syýasy meseleler boýunça geňeşçisi hem-de BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary
komissarynyň müdirliginiň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň we Şertnamalaýyn
edaralaryň işini üpjün etmek boýunça departamentiniň ýolbaşçysy bilen
duşuşyklar geçirildi. Mejlisiň deputatlary döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk
hukuk ýagdaýyna laýyklykda gazanan üstünlikleriniň, tutuş adamzadyň bagtyýar
durmuşynyň bähbidine öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň syýasy-jemgyýetçilik
ähmiýetini wagyz etmek bilen bagly geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, milli
kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, hereket
edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işlerini döwrebap alyp
barmagyň wajypdygyny belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän
düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
asyrlaryň dowamynda halkymyzyň maşgala gymmatlyklaryny, jemgyýetiň ahlak
esaslaryny berkitmekde zenanlara uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň
tagallalary bilen ýurdumyzyň zenanlarynyň abadan durmuşda ýaşamaklary,
ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekmekleri, döwrebap bilim
almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda zenan mertebesi belent
tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň
gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgadyny bermek boýunça
ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Diýarymyzda mähriban enelerimize we
zenanlarymyza uly hormat goýulýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna
Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgadyny bermek hakynda Buýruga gol
çekdi hem-de resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz baýramçylygyň şanyna gelin-gyzlarymyza pul
sowgadyny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumy üçin
hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan
ýangyç-energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, oňa döwrebap
tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek maksady
bilen, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini
ýokarlandyrmak babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işini döwrebap guramakda
ýokary bilimli, halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe
bolup durýandygyny belledi we bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we
welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizlemek, geriş
we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli
gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Welaýatlaryň
maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak, owlak-guzy, köşek
almak möwsümine taýýarlyk görmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Suw
serişdelerinden netijeli peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlarynyň suw
üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, suw
howdanlaryna suw toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri
ýerine ýetirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmegi, gowaça ekiljek meýdanlarda
degişli agrotehniki işleri geçirmegi dowam etdirmegiň, pagta arassalaýjy
kärhanalarda ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak işini talabalaýyk alyp
barmagyň möhümdigini belledi. Bugdaý ekilen meýdanlarda hem ideg işlerini dowam
etdirmek, maldarçylyk hojalyklarynda ýetip gelýän owlak-guzy almak möwsümine
gowy taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Wise-premýer
oba hojalyk pudagynda täze ylmy-barlag institutlaryny döretmek, olaryň
maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň
hasyllylygyny, mallaryň, guşlaryň önümliligini ýokarlandyrmak hem-de olaryň
tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän
işler barada-da habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ylmy
esasda ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
maldarçylyk önümlerini öndürmek, olary gaýtadan işlemek tehnologiýalaryny
kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň
Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny döretmek hakynda Karara gol
çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary
berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet
konserni tarapyndan ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak,
“Guwlyduz” kärhanasynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan dünýä
bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige
ukyply önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek üçin häzirki zaman tehnologiýalary
ornaşdyrylan önümçilikleri ýola goýmak babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerli çig mal serişdelerini rejeli we
netijeli peýdalanmak bilen, ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap
önümçilikleriň ýola goýulýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa»
döwlet konserniniň «Guwlyduz» kärhanasynyň çig mal binýadynda dürli görnüşli
ýokary hilli duzlary öndürýän önümhanalary gurmak boýunça taýýarlanylan teklibi
makullap, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew dokma senagaty kärhanalaryny
döwrebaplaşdyrmak, olaryň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek babatda ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bu kärhanalaryň işini
has-da ilerletmek, netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur işler alnyp
barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň pagta egirme hem-de nah ýüplük
egriji fabrikleriniň käbiriniň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek boýunça
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty pudagynyň önümçiliginiň
yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy we dokma kärhanalarynyň dolandyryş
ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly
taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga
berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, mart aýynyň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy,
Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy mynasybetli maslahatlary,
döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly
dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, Aşgabat şäheriniň “Parahat
— 7” ýaşaýyş jaý toplumynda, Büzmeýin etrabynda köp gatly döwrebap ýaşaýyş
jaýlarynyň, mümkinçiligi çäkli we durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän
raýatlar üçin ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de dürli maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar
guralar. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen
hormatly adyna eýe bolan enelere hormatly adyň nyşanynyň we şahadatnamasynyň
gowşurylyş dabarasyny, bu ada mynasyp bolan, sekiz hem-de şondan köp çagany
dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň
gowşurylyş dabarasyny, Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertini geçirmek göz
öňünde tutulýar. 21-22-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramy mynasybetli
aýdym-sazly dabaralar guralar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Diýarymyzda
bellenilýän baýramçylyklar bilen bagly şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy
çäreleri giňden beýan etmek üçin zerur işleri alyp barmagy, ulanmaga berilýän
medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi,
Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli maksatnamalara
laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin innowasion tehnologiýalardan baş
çykarýan, ylmy usullary peýdalanyp, amaly taýdan ähmiýetli wezipeleri çözmäge
ukyply, döredijilik başlangyçly hünärmenleri taýýarlamak babatda ulgamlaýyn
işler durmuşa geçirilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň
innowasion-pedagogik tehnologiýalary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň soňky
gazananlaryny özleşdirmek, bilim işine ornaşdyrmak, möhüm ähmiýetli taslamalary
amala aşyrmak arkaly okuw işini guramak ýaly başarnyklaryny ösdürmek boýunça
zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamynyň yzygiderli
döwrebaplaşdyrylýandygyny, bilim işgärleriniň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly
nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň
professor-mugallymlarynyň hünär synagyny geçirmegiň möhüm wezipeleriň
biridigini aýdyp, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldady hem-de wise-premýere
degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp
barylýan işler, bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça taýýarlanylan
teklipler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary
döwletler, halkara ykdysady we maliýe guramalarydyr edaralary bilen deňhukukly,
özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi bellenildi. Bu ugurdaky çäreler
bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga, özara haryt dolanyşygynyň möçberini
artdyrmaga, hyzmatdaşlygyň maýa goýum, tehnologik, maliýe meselelerine ünsi
güýçlendirmäge gönükdirilendir.
Öňde
goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, 38 ýurt bilen
ikitaraplaýyn esasda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlar
döredildi. 2023-2024-nji ýyllarda bu toparlaryň mejlisleriniň 35-si geçirildi.
Iş geňeşleriniň mejlisleri, işewürlik we maýa goýum maslahatlary, sergilerdir
ýarmarkalar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň daşary ykdysady işi köptaraplaýyn
görnüşde hem yzygiderli alnyp barylýar. Hususan-da, BMG-niň Söwda we ösüş
boýunça konferensiýasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman
sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri
üçin Ýörite maksatnamasy (SPECA), Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy,
Bütindünýä Söwda Guramasy ýaly halkara düzümler bilen bilelikdäki işler durmuşa
geçirilýär. Şeýle hem Türkmenistan halkara we sebitleýin maliýe edaralary —
Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky,
Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky hem-de beýlekiler bilen işjeň
hyzmatdaşlyk edip, gatnaşyklary pugtalandyrýar.
Türkmenistan
ösen döwletleriň birnäçesiniň iri banklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy
saklaýar. Bu babatda giň gerimli ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek boýunça
bilelikdäki işler amala aşyrylýar. Şoňa görä, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly esaslaryň we
mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şundan ugur alyp, Daşary işler ministrligi
birnäçe resminamalary işläp taýýarlamagy teklip edýär. Şolaryň hatarynda
“Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin
Maksatnamasynyň” taslamasy; “Türkmenistanyň ykdysady ugurdaky halkara guramalar
bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň
meýilnamasynyň” taslamasy, “Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen
bilelikdäki işi hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy
bar. Beýan edilenleri nazara almak bilen, bu resminamalary taýýarlamak boýunça
pudagara topary döretmek hem-de onuň birinji mejlisini şu ýylyň mart aýynyň
ikinji ýarymynda geçirmek teklip edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň daşary
syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem
köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň gerimini
yzygiderli giňeltmek boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer,
daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň Konsepsiýasynyň”, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021
— 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” hem-de bu Maksatnamany durmuşa
geçirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu resminamalarda bellenen wezipeleri
üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, tapgyrlaýyn işler dowam etdirilýär. Hususan-da,
edaralarda, kärhanalarda, guramalarda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan
peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini
has-da gowulandyrmak, elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we işiň täze
usullaryny ornaşdyrmak, onuň işjeňligini artdyrmak, bu ugurda işleýän
hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler durmuşa
geçirilýär.
Ýurdumyzda
sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen degişli Konsepsiýanyň hem-de
Maksatnamanyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny göz öňünde tutup,
halkara tejribeden ugur alyp hem-de dünýäde sanly tehnologiýalaryň soňky
gazananlaryny nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin täze resminamalaryň
taslamalaryny taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ähli
pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp
barylýandygyny belledi we ýurdumyzda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly
ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, agentligiň
ýolbaşçysyna bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov