Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa
döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda,
Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler
barada maglumat berdi. Şeýle hem Mejlisiň şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçiriljek
nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Onda “Türkmenistanyň
2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň we
“Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda”
Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar.
Şunuň bilen birlikde, maslahatyň gün tertibine administratiw hukuk bozulmalary,
zähmet gatnaşyklary, Adalatçynyň hukuk ýagdaýy, döwlet gullugy, salgytlar,
daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek,
ýurdumyzyň halkara şertnamalary, daşary syýasy ugry boýunça gol çekilen
ylalaşyklary tassyklamak, degişli konwensiýa goşulmak bilen bagly kanun
taslamalary giriziler.
Daşary ýurtlaryň parlamentleri hem-de halkara
guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler
barada-da aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň
Başlygy hem-de ABŞ-nyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça
komitetiniň agzasynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler bilen duşuşyklaryň
geçirilendigi, deputatlaryň ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň, BMG-niň
Çagalar gaznasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren
okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary hakynda habar berildi. Deputatlar döwlet
syýasatyny we maksatnamalaýyn özgertmeleriň ähmiýetini giňden wagyz etmek,
kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça
geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegiň, milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli
kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow ýurdumyzyň banklarynyň ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit
işlerini geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu işleriň
“Karz edaralary we bank işi hakynda” we “Auditorçylyk işi hakynda”
Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda
buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda”
Kararyna laýyklykda alnyp barylýandygy aýdyldy. Munuň özi banklarda maliýe
hasabatlarynyň takyklygyny seljermäge, bank işiniň ugurlaryna we maliýe
töwekgelçiliklerine baha bermäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bank
ulgamynyň işini kämilleşdirmegi we onuň hyzmatlaryny giňeltmegi mundan
beýläk-de dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň
banklary tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde audit barlaglary
boýunça halkara bäsleşikleri yglan etmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere
bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň
kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, nebiti gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen
täze önümçilikleri döretmek, olary döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler
barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Seýdiniň nebiti
gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin degişli işleri alyp
barmagyň, munuň üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň
zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Seýdiniň
nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak
baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň geçirilişi
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk ekinlerine ideg
etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, geljek ýyl üçin hasylyň düýbüni tutmak
boýunça möwsümleýin işler dowam edýär. Hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine
ýetirilýär. Şeýle hem gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny ýygnap almak,
hasyly kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek we pagta arassalaýjy
kärhanalarda gaýtadan işlemek babatda degişli işler geçirilýär. Ýerleri ýazky
ekiş möwsümine taýýarlamak üçin gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri mineral
dökünler bilen gurplandyrmak we sürüm işlerini geçirmek, oba hojalyk
tehnikalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Ösdürilip ýetişdirilen
şaly hasylyny ýygnamak işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Mary welaýatynda
bolsa gant şugundyryny ýygnap almak boýunça zerur çäreler ýerine ýetirilýär.
Ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak,
ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli
durmuşa geçirmek hem-de eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen,
güýzki bag ekmek möwsümi dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki
kadalara laýyklykda ideg işlerini alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda galan hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap
almagyň, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek
boýunça degişli işleri geçirmegiň, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we
ýyly gyşlatmak üçin alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagyň
wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat
şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabady
bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň
medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek, baýramçylyk
dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň
bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde,
seýilgählerde, suw çüwdürimlerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, dürli görnüşli
bezeg baglaryny, gülleri ekmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Köçeleriň,
ýaşaýyş toplumlarynyň arassaçylygyna berk gözegçilik edilýär, şäheriň
baýramçylyk bezegine aýratyn möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary
derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde
abadanlaşdyryş we bezeg işleriniň talabalaýyk geçirilmegine berk gözegçilik
etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Atagulyýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl
baýramy mynasybetli görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda
hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän bazarlarda, söwda
merkezlerinde şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap baýramçylyk söwdalaryny
geçirmek, ýurdumyz boýunça jemi 850-den gowrak göçme söwda nokadyny guramak göz
öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda
ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin degişli
çäreleri görmegiň, göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň, bazarlary we dükanlary
azyk, şol sanda gök-bakja, miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün etmegiň
möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä
mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygyny
geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, bu çäräni Daşary işler
ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen
bilelikde 6-7-nji dekabrda geçirmek meýilleşdirilýär. Duşuşyga gatnaşmak üçin
ýurdumyza abraýly halkara we sebit düzümleriniň, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň
ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gelerler. Öňde boljak duşuşygyň gün
tertibine taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we dolandyrmak işine häzirki
zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, atlas kartalaryny taýýarlamak işini ýola
goýmak, Beýik Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň ugrundaky taryhy-medeni
mirasyň obýektleri boýunça suratlary we çyzgylary toplamak bilen baglanyşykly
meseleler giriziler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň
ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmek maksady bilen
taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip,
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli medeni çäreleri geçirmegiň guramaçylyk
meseleleri barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli
senenamamyzyň şanly senesi — ýurdumyzda hem-de halkara derejede giňden bellenilýän
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk
derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň “Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar” atly ylmy elektron
žurnalyny döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, teklip edilýän žurnaly
türkmen, iňlis we rus dillerinde ýylda iki gezek elektron görnüşde internet
ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek meýilleşdirilýär. Žurnalyň
sahypalarynda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtly professor-mugallymlaryň,
lukmanlaryň, alymlaryň bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş işleriniň
nazary-amaly meselelerine bagyşlanan makalalaryny ýerleşdirmek göz öňünde
tutulýar. Onda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň lukmançylyk
diplomatiýasy boýunça kesgitlän wezipelerine, ýurdumyzda saglygy goraýyş
ulgamyny kämilleşdirmekde ýetilen sepgitlere, bu ugurda halkara bileleşik
tarapyndan ykrar edilen üstünliklere, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk ylmyndaky
täzeliklere aýratyn orun berler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamaga we olaryň hünär
derejelerini kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini, bu ugurda alnyp
barylýan işleri has-da ösdürmekde sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden
peýdalanmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
«Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar» atly ylmy elektron žurnaly döretmek
baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň
Karary bilen döredilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik
maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň çäklerinde esasy
üç ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegine garamak göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny
ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary we degişli resminamalary
ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär. Şolaryň hatarynda “Türkmenistan bilen
BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin
hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň”; BMG-niň agentlikleriniň «Ýaşlar,
parahatçylyk we howpsuzlyk» atly bilelikdäki maksatnamasynyň; “Türkmenistanda adam
söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň
milli meýilnamasynyň”; Howanyň üýtgemegi, metan zyňyndylaryny azaltmak, “ýaşyl”
energetika we sanlylaşdyrma ugurlary boýunça BMG-niň Türkmenistandaky düzüm
birlikleriniň bilelikdäki maksatnamalarynyň taslamalary bar.
2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny
milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri
ornaşdyrmak maksadyndan ugur alyp, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik
utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we
pudak edaralarynyň bilelikde taýýarlan «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda
Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky “Ýol
kartasyny» maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Mejlisiň çäklerinde BMG-niň
Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit
merkezine, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen bagly döwletimiziň
üstünliklerine, şol sanda zerur bolan maglumatlary alyşmaga degişli meseleleri
ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Ösüş
maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy tarapyndan taýýarlanylýan
hasabatlary ýurdumyzda durnukly ösüşde ýetilen sepgitler baradaky maglumatlar
bilen üpjün etmegiň mümkinçilikleri babatda pikir alyşmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen
maksatnamalaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. «Türkmenistan —
Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň işine uly
ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler
ministrine geňeşiň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar
agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli awiasiýa
pudagynda awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň halkara şertnamalaryna,
Türkmenistanyň Howa kodeksine we Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan
kabul edilen halkara standartlara laýyklykda, “Türkmenistanyň Raýat
awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň”
taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli
awiasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli
pugtalandyrylýandygyny, raýat awiasiýasynyň hukuk esaslaryny has-da
kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň
ýolbaşçysyna bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda Gahryman
Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilendigini aýtdy.
Kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň
nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilýär. Türkmen halkynyň
dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly taryhy maglumatlara
möhüm orun berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Milli Liderimizi we mejlise gatnaşyjylaryň
ählisini «Hakyda göwheri» atly kitabyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden
gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov