Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet
durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem
gatnaşdy.
Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowa söz berdi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, şu günki
geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisine ýüzlenmäge mümkinçilik berendigi
üçin Arkadagly Serdarymyza minnetdarlygyny bildirdi.
Milli Liderimiz hormatly Prezidentimize hem-de
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, düýn — 24-nji oktýabrda Birleşen
Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagyna 79 ýyl bolandygyny, döwlet
Baştutanymyzyň bu abraýly halkara guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterriş
bilen duşuşmagynyň, ony guramanyň güni bilen gutlamagynyň ählimiz üçin uly
mertebe bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmen halkynyň Milli
Lideri dünýäde hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen Garaşsyz
Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygyny aýdyp, hormatly
Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan
şäherinde geçirilen BRICS sammitinde eden çykyşynyň hem munuň aýdyň güwäsi
bolup durýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz, Siziň belläp geçişiňiz
ýaly, dünýäniň strategik sebitleriniň biri bolan Merkezi Aziýa häzirki günde
depginli ösüşleri gazanýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Sebitiň ýurtlary
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Ýurdumyzda hem Durnukly ösüş maksatlary boýunça edilen işler kän. Ýagny
ykdysadyýeti, ekologiýany, hususyýetçiligi, ylmy-intellektual başlangyçlary
ösdürmek ugrunda köp işler ýerine ýetirilýär. Geljekde hem bu ugurda degişli
çäreler alnyp barlar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Gahryman Arkadagymyz, öz gezeginde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Durnukly
ösüş maksatlary boýunça çäreleri berk gözegçilikde saklajakdygyna ynandyryp, bu
möhüm çäreleri amala aşyrmakda hemmelere uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam
edip, häzirki wagtda eziz Watanymyzda sport ulgamyny ösdürmek boýunça uly
işleriň alnyp barylýandygyny, Türkmenistanyň diňe bir iri halkara ýaryşlara
gatnaşmak bilen çäklenmän, sebit we dünýä derejeli ýaryşlaryň geçirilýän
merkezine öwrülendigini kanagatlanma bilen belledi. Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda
Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly
Kararnama kabul edildi. BMG-ä agza ýurtlaryň biziň bu başlangyjymyzy goldamagy,
87 ýurduň oňa awtordaş bolmagy biziň üçin örän uly abraýdyr diýip, Gahryman
Arkadagymyz aýtdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň
Geňeşiniň Çözgüdine laýyklykda, şu ýyl Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport
mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bularyň ählisi Garaşsyz
ýurdumyzda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.
Möhüm ähmiýetli Kararnama kabul edilenden soň
hem biziň türgenlerimiz köp sanly halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary
eýelediler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň tuguny al-asmanda parladyp,
ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterdiler. Bu bolsa ýurdumyzyň sport
syýasatynyň gowy netijeleri berýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen
baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli
orunbasarlary, Daşary işler ministrligi bilen bilelikde halkara ýaryşlarda
ýeňiji bolan türgenlerimizi sylaglamak dabarasyny geçirmek baradaky teklibi
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýylsaýyn
özgerýän Diýarymyzda döwlet we halkara derejedäki dürli çäreleriň,
toý-baýramlaryň giňden bellenilip geçilýändigini, sentýabr aýynda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilendigini,
ýakynda bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berlen, akyldar
şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli
«Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we
ösüşiň binýady» atly halkara forumyň guralandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Halk
Maslahaty bu çärelere taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek boýunça
guramaçylyk tarapdan köp işleri alyp bardy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri
belledi hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine we halkara çärelere taýýarlyk görmek
bilen bagly awgust aýynda zähmet rugsadyny almandygy sebäpli, 1-nji noýabrdan
zähmet rugsadynyň öwezini dolmak barada hormatly Prezidentimize ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzyň
belläp geçen ähli meseleleriniň, aýratyn-da, ýurdumyzda Durnukly ösüş
maksatlary boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýete
eýedigini belledi. “Ýaş türgenlerimiz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip,
ýurdumyzyň abraýyny belende göterýärler. Biz mundan beýläk hem olar üçin ähli
şertleri dörederis” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň
şu ýylyň 1-nji noýabryndan başlap zähmet rugsadyna çykmagy bilen bagly meseläni
hem goldady.
Milli Liderimiz döwlet Baştutanymyza döredýän
mümkinçilikleri üçin minnetdarlygyny bildirip, hemmelere ýurdumyzy mundan
beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam
arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini dowam edip, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda amala
aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady
bilen, administratiw hukuk bozulmalary, raýatlaryň zähmet gatnaşyklaryny
döwrebaplaşdyrmak, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly we beýleki hereket
edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça işler dowam
etdirilýär. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen
gatnaşyklary ösdürmek üçin Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň degişli döwlet
edaralary bilen bilelikde BMG-niň Ilat gaznasynyň guran maslahatyna, Bütindünýä
Söwda Guramasynyň geçiren okuw sapagyna gatnaşdylar. Şeýle hem Mejlisiň
wekilleri Parlamentara Birleşigiň 149-njy Assambleýasyna gatnaşmak maksady
bilen, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde iş saparynda boldular.
Deputatlaryň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda durmuşa geçirilýän
beýik işleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň
many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça guralýan çärelere
gatnaşýandyklary we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýändikleri
barada hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Mejlisiň deputatlarynyň ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşini kesgitleýän
kanunlary işläp taýýarlamalydyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli
Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan şu ýylyň 1-nji noýabrynda “Türkmen
manady — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşany” atly ylmy-amaly maslahaty
geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Maslahatyň gün tertibine milli manadymyzyň
dolanyşyga girizilmegi netijesinde ýurdumyzyň gazanan ykdysady üstünlikleri,
milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, sanly tehnologiýalary
ornaşdyrmak arkaly döwrebap bank hyzmatlaryny hödürlemek, elektron tölegler
ulgamyny kämilleşdirmek, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek
bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Foruma ugurdaş ministrlikleriň,
pudaklaýyn dolandyryş we bank edaralarynyň, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň
wekilleri gatnaşarlar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli
manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata
gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi
wise-premýere tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn
binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, pudaklaýyn desgalaryň
infrastrukturasyny kämilleşdirmek, geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak
maksady bilen, döwlet konsernini ýöriteleşdirilen tehnikalar, hususan-da,
nebitgaz guýularyny burawlamakda, özleşdirmekde we düýpli abatlamakda ulanylýan
serişdeler bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň
taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirip durmagyň zerurdygyny
belledi hem-de ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri
üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi we ony
wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, resminamadan gelip çykýan wezipeleriň
ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy hem-de welaýatlarda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer, ilki bilen, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Türkmen
alabaýynyň baýramy mynasybetli oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan tüýs
ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde
üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra wise-premýer hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişi dowam edýär, ekiş geçirilen meýdanlarda
gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta hasylyny, Daşoguz we Lebap
welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler
dowam etdirilýär. Häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň
ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, bu
önümler bilen bazarlarymyzy üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär.
Ýurdumyzda mallaryň baş sanyny we olardan
alynýan önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, maldarçylyk hojalyklarynda
mallar üçin ot-iýmleri taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw
ýagdaýyny gowulandyrmak üçin suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri
geçirilýär. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek,
ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, Milli tokaý maksatnamasyny
üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyzda güýzki bag
ekmek möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we
talabalaýyk alyp barmagyň, munuň üçin oba hojalyk tehnikalaryny netijeli
peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy möwsümini
guramaçylykly geçirmegi dowam etdirmegiň, beýleki oba hojalyk ekinlerini
ösdürip ýetişdirmekde-de netijeli işleri alyp barmagyň, ýurdumyzda güýzki bag
ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere
bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler
Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýekşenbe güni Türkmen alabaýynyň baýramynyň
giňden bellenilip geçiljekdigini, türkmen alabaýynyň merdana halkymyzyň
gadymdan gelýän milli buýsanjydygyny belledi hem-de hemmeleri Türkmen
alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen
ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary
ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar.
Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalarynyň kadaly işlemegini
üpjün etmek hem-de zerur bolan abatlaýyş-tehniki işleri geçirmek maksady bilen,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmegiň
hemişe üns merkezinde saklanylýandygyny, türkmen elektrik energiýasynyň daşary
ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa
geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Lebap
döwlet elektrik stansiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady
bilen, degişli Karara gol çekdi hem-de resminamany sanly ulgam arkaly iberip,
wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Atdaýew goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça
görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, degişli resminamalara
laýyklykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginde özara sergileri hem-de
ýurdumyzda Ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Bellenen çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň 15-16-njy iýulynda
Daşkent şäherinde “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli
sergisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu
ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek
harytlarynyň milli sergisini hem-de Ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny
geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp, goňşy döwletler bilen
söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, bu ugurda Özbegistan
Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz noýabr aýynda Türkmenabat şäherinde Özbegistan
Respublikasynyň milli sergisini we Ikinji sebitara forumy geçirmek baradaky
teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş
maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň noýabr aýynyň
dowamynda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip
yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny,
wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz
öňünde tutulýar. Ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek,
talyplardyr okuwçylaryň arasynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň
ýurdy” atly uniwersiadanyň we spartakiadanyň sport ýaryşlaryny geçirmek
meýilleşdirilýär.
3-nji noýabrda ýurdumyzda Gurluşyk we senagat
toplumynyň işgärleriniň güni giňden belleniler. Şu mynasybetli birnäçe
baýramçylyk dabaralaryny, şol sanda medeni çäreleri geçirmek göz öňünde
tutulýar. 10-njy noýabrda bolsa Hasyl toýy mynasybetli giň gerimli çäreleri we
dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Şu ýylyň 13 — 15-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda
“Gorkut ata” halkara kinofestiwaly geçiriler. Şeýle hem 14 — 16-njy noýabrda
telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş
enjamlarynyň “Türkmentel — 2024” atly halkara sergisini we ylmy maslahaty
geçirmek, “Sanly çözgüt — 2024” atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň jemini
jemlemek göz öňünde tutulýar.
Wise-premýer şu ýylyň noýabr aýynda başga-da
birnäçe möhüm ähmiýetli çäreleriň, şol sanda ählihalk bag ekmek dabarasynyň
geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar we şanly seneler bilen bagly noýabr
aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş
dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň
güni, Hasyl toýy mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi
çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige
ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny
geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwletimiziň daşary syýasat
strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Hytaý Halk Respublikasy bilen
köpugurly gatnaşyklar, hususan-da, ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk yzygiderli
ösdürilýär. Munuň özi ylym ulgamyny kämilleşdirmek hem-de bu ugurda özara
bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär.
Forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige işjeň
ornaşdyrmak, halkara ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly
meseleler giriziler. Şeýle hem forumda nanotehnologiýalar, himiki
tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa,
molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk
ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman
serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer
ylymlar boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň dünýä döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen
ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet
Baştutanymyz «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige
ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny
geçirmek hakynda» Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi
we bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol sözüniň başynda
Hökümetiň agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Duslyk” ordeni bilen
sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza
Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler
Kabinetiniň şu günki mejlisine syýasy taýdan örän ähmiýetli we manyly çykyşy
bilen gatnaşandygy bellenildi. Hormatly Arkadagymyzyň bu mejlise gatnaşmagy
hemmämiz üçin uly hormatdyr we uly jogapkärçilikdir diýip, wise-premýer, daşary
işler ministri aýtdy. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň
ýokary derejedäki ornuny belläp, “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly
Kararnama boýunça esasy pikirini paýlaşdy we bu babatda öz tekliplerini beýan
etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk
bildirildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň strategik
häsiýete eýedigini nygtap, hormatly Prezidentimizi Birleşen Milletler
Guramasynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, döwlet
Baştutanymyzyň öňe sürýän başlangyçlary BMG-niň çäklerinde, hususan-da,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilýän Kararnamalarda
öz beýanyny tapýar.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow
şu gün BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar
barada aýtdy. 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň
79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen
“Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama
biragyzdan kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsi we
sebitdäki hemme ýurtlar bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Munuň özi
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hoşniýetli goňşuçylyk
ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Şunuň bilen
baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri
döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň bu daşary syýasy üstünligi bilen tüýs ýürekden
gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri
«Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň
nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Mälim bolşy
ýaly, bu geňeş döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde 2024-nji ýylyň martynda
döredildi. Şu ýyl onuň mejlisleriniň ikisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiziň garamagyna noýabr aýynda geňeşiň nobatdaky mejlisini
geçirmek we onuň gün tertibi baradaky teklipler hödürlenildi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama laýyklykda, Türkmenistanda
geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň meýilnamasynyň deslapky taslamasy
işlenip düzüldi we ony öňümizdäki mejlisde ara alyp maslahatlaşmak teklip
edilýär. Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde
ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksady bilen, BMG-niň
Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy we ýurdumyzyň degişli
ministrlikleri, pudak edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan «2024 — 2026-njy
ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy
berkitmek baradaky «Ýol kartasyna» garamak teklip edilýär. Bu resminamanyň
çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen
bilelikde birnäçe çäreleri guramak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, BMG
bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň alyp barýan daşary
syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyz bu abraýly gurama
bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň
belleýşi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu Kararnama bilen bagly ýurdumyzda we
dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz geňeşiň nobatdaky
mejlisini geçirmek hem-de mejlisde degişli çäreler boýunça soraglary ara alyp
maslahatlaşmak bilen bagly teklibi goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine
anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Balkan» gämi gurluşyk we
abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gury ýük
gämileriniň ýokary depginde alnyp barylýan gurluşygy netijesinde bu ugurda
ýerli hünärmenler taýýarlanylyp, zawodda dünýäniň iň döwrebap tehnologiýalary
ornaşdyrylýar we zawodyň awtomatlaşdyrylan enjamlary işe girizilýär. Şunuň
bilen birlikde, zawodyň has netijeli işlemegi üçin onuň maddy-enjamlaýyn
binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, bu ýerde täze enjamlary öndürmek
zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklipler hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda gury ýük gämileriniň gurluşygyna badalga berilmeginiň milli
senagatyň täze ugruny ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny aýtdy. Munuň özi
ýükleriň möçberini yzygiderli artdyrmaga, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň
işini kämilleşdirmäge itergi berýär. Şunda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş
zawodyna hem aýratyn orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz bu döwrebap zawodyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek
boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň
agzalaryna ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň
başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji
mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul
edildi diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu möhüm
ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini
geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine
eýerip, Saglyk ýolundan geçmegini teklip etdi. “Bu çärede ýylyň dowamynda
halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan
türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlalyň, mynasyp bolan
sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşuralyň!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip,
ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisiniň
dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk,
ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu
hoş habar hormatly Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, Türkmenistanyň dünýäde
«Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygynyň güwäsi bolup durýar. Birleşen
Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň biziň bu başlangyjymyzy
goldamagy, sebitdäki hemme ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin
uly abraýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we teklibi biragyzdan goldan ähli
ýurtlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz hemmeleri «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we
hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden
gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov