Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe
meselelerine garaldy.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylyk ulgamyny
mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat
berdi. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak,
hereket edýän birnäçe ugurdaş kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary
girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.
14-nji
oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament
ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň geçirilendigi, onuň netijeleri boýunça
Bilelikdäki Jarnamanyň kabul edilendigi barada aýdyldy. Bu çäräniň çäklerinde
türkmen-koreý geňeşme maslahatynyň ikinji mejlisi geçirilip, onda dürli
ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, parlament
diplomatiýasyny ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Kanun
çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem birnäçe
ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Mälim bolşy ýaly, “Merkezi Aziýa — Koreýa
Respublikasy” parlamentara forumyny döretmek we türkmen-koreý geňeşme
maslahatyny geçirmek başlangyjyny Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow öňe sürüpdi. Mundan başga-da, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku
Keneşiniň Başlygy, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy
bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, parlamentara dostluk toparlarynyň
duşuşyklarynyň geçirilendigi habar berildi.
Milli
parlamentiň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň we
Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň üstünlikli
geçirilmegi babatda beren goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hem-de
türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Mejlisiň
deputatlary giň jemgyýetçilige döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň, kabul
edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny düşündirmek, milli mirasymyzy
wagyz etmek, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen “Döwürleriň
we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady”
atly halkara forumyň ähmiýetini düşündirmek boýunça çärelere gatnaşýarlar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny
kämilleşdirmek hem-de parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp
barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň Döwlet etalon
merkeziniň hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň barlaghanalarynyň
işini halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek hem-de akkreditasiýadan
geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, bu ugurdaky çäreler standartlaşdyrmak ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna
laýyklykda alyp barmaga, ugurdaş maddy-enjamlaýyn binýady mundan beýläk-de
döwrebaplaşdyrmaga, bu düzümleriň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge
ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna
degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän barlaghanalary
talabalaýyk işletmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli
synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan geçirmek baradaky teklibi
goldap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow şu ýylyň 23 — 25-nji oktýabry
aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň nebiti we
gazy — 2024” atly XXIX halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bu çärä gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly
kompaniýalary, ýurdumyzyň kärhanalarydyr telekeçileri hasaba alyndy. Halkara
sergiň işine Türkmenistanyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik
wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Ýyl-ýyldan bu çäräniň geriminiň giňemegi dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň
ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalarynyň artýandygyny
görkezýär. Halkara maslahat “Ählumumy energetika bazarynda täze depginler we
özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi” atly plenar mejlisden we alty sany
bölümçeden ybarat bolar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara
maslahatyň we serginiň her ýyl geçirilýändigini, bu çäräniň ýurdumyzyň
ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, nebitgaz
pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ugurlary barada pikir alyşmaga
ýardam berýändigini belledi we forumy ýokary derejede guramagy wise-premýere
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň
barşy hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde
oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns
berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Dowam edýän pagta
ýygymy möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, kabul ediş
harmanhanalarynda kabul etmek, pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ekilen
azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek hem-de
bu önümler bilen bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnamaga, Mary welaýatynda bolsa
gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga taýýarlyk görülýär. Şeýle hem wise-premýer
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän
taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we
onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba
hojalyk işlerine ünsi çekip, bugdaý ekiş möwsümini talabalaýyk alyp barmak, bu
işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, pagta ýygymy
möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýygnalýan hasyly kabul etmek, gaýtadan
işlemek boýunça degişli işleri alyp barmagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle-de
oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy
mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda tabşyryk berildi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Gurluşyk we senagat toplumynyň
işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek möhüm çärelere, hususan-da,
“Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergä
hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly
maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geçiriljek halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda,
senagat önümçiliginde, energetika, himiýa pudagynda, ýol gurluşygynda
gazananlary bilen tanyşmaga ýardam berer. Bu möhüm çäreleriň çäklerinde
gurluşyk-senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň ýolbaşçylary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň
duşuşyklary meýilleşdirilýär. Munuň özi täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola
goýmaga, özara tejribe alyşmaga ýardam berer. Şeýle hem Balkan welaýatynyň
Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik
stansiýasynyň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” keramiki önümler
kärhanasynyň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýändigi habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň
işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergä we maslahata, Gyzylarbat
etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Bäherden etrabynda
«Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk
görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny
mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda nah ýüplük, nah we tüýjümek matalary, taýýar
tikin önümlerini öndürýän dokma toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu täze
toplumyň gurulmagy importyň ornuny tutýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa
dokma önümlerini öndürmäge, olary eksport etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge
mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
toplumyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatyny ösdürmek
maksady bilen, ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalaryň
yzygiderli işe girizilýändigini, olarda öndürilýän ýokary hilli dokma
önümleriniň içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýandygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Daşoguz
welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda dokma toplumyny gurmak baradaky
teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Edebiýat, medeniýet
we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň
arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny
almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň
taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşik türkmen medeniýetini,
sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik
işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam
berýär. Bäsleşigiň çäklerinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini, “Çalsana,
bagşy!”, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiklerini yglan etmek
meýilleşdirilýär. “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigini ýurdumyzyň
Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2025-nji ýylyň sentýabrynda
jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamanyň
taslamasyny hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn
asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň milli medeniýetimizi
ösdürmekde, medeni mirasymyzy öwrenmekde, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, kämil
eserleriň döremeginde möhüm ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli
Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu
möhüm bäsleşigi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur
çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara
ylmy-amaly maslahatlar barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen
toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň dünýäniň
ylym-bilim giňişligindäki orny has-da pugtalandyrylýar.
“Türkmenistanyň
ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”,
bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri
durmuşa geçirmek maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň
25 — 30-njy noýabry aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetinde “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we
himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty;
5-6-njy dekabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynda “Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we
tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty; 19-njy dekabrda Türkmen oba
hojalyk institutynda sanly ulgam arkaly “Oba hojalyk pudagynyň durnukly
ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek
meýilleşdirilýär.
Olara
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary,
alymlary bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap
Emirlikleriniň, Awstriýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Rumyniýanyň,
Türkiýäniň, Gazagystanyň, Belarusuň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň we beýleki
ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň, alymlarynyň hem
gatnaşmagyna garaşylýar. Bu maslahatlaryň geçirilmegi ylym-bilim ulgamynda
halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler
bilen ösýän pudaklary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly
ähmiýete eýe bolar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda,
kämil hünärmenleri taýýarlamakda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa
geçirilýändigine, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän ylmy-amaly
maslahatlaryň yzygiderli guralýandygyna ünsi çekdi we Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynda, Türkmen oba hojalyk institutynda geçiriljek halkara
ylmy-amaly maslahatlary guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi
wise-premýere tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzy beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara
arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň
üstünlikli geçirilmegi bilen Hökümet agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.
Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga,
ýokary ynsanperwer gymmatlyklara esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde
forumyň ähmiýeti bellenildi. Çärä dünýäniň 24 ýurdundan wekilleriň, şol sanda
döwlet Baştutanlary derejesindäki 10 wekiliýetiň, halkara guramalaryň 8-siniň
ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Forumy şöhlelendirmek üçin
daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 200-den
gowragy Aşgabada geldi.
Soňra
wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 15 — 17-nji oktýabry
aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna amala
aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Sebitiň
döwletleri, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi
ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şolaryň hatarynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny hem görkezmek bolar. Mälim
bolşy ýaly, Türkmenistan ŞHG-niň sammitlerine we beýleki duşuşyklaryna hormatly
myhman hökmünde gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň wekiliýeti
ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşmak maksady
bilen, Yslamabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Pakistanyň
Hökümetiniň çakylygy we döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça amala aşyryldy.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň wekiliýeti 16-njy oktýabrda agzalan mejlise gatnaşdy. Türkmen
tarapynyň çykyşynda ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi ŞHG
bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen bir
hatarda, hususy pudagyň ugry boýunça, aýratyn-da, Türkmenistanyň Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesi bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Işewürler
geňeşiniň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.
Iş
saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň
Prezidenti Asif Ali Zardari tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda
söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistanyň Premýer-ministri
Muhammad Şahbaz Şarif bilen duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň
giň toplumyna garaldy. Şeýle hem saparyň dowamynda Pakistanyň energetika
ministri bilen gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň bilim ministri bilen
duşuşygyň çäklerinde bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň
mümkinçiliklerine seredildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara guramalar bilen
özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we berkitmegiň ýurdumyzyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen ýurdumyzy däp bolan
dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny
belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine bu düzüm bilen hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň işini mundan
beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» demir ýol ulagy
pudagyny döwrebaplaşdyrmak, elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny
kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de hünärmenleri
taýýarlamak işleri göz öňünde tutulyp, bu ugurda zerur çäreler durmuşa
geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, kabul edilen maksatnama esasynda ýurdumyzyň
demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň, elektrikleşdirmegiň, onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak arkaly hünärmenleri taýýarlamagyň
möhüm wezipe bolup durýandygyny, bu ugurda halkara tejribäni ornaşdyrmagyň
zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pudagyň işini halkara derejede
kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda
beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we
siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly
halkara forumyň ýokary derejede guralandygy üçin hemmelere minnetdarlyk
bildirdi we forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Häzirki wagtda
akyldar şahyrymyzyň ýubileýi bilen bagly çäreler dowam edýär. Ýurdumyzyň
döredijilik işgärleri, ýazyjy-şahyrlary bu ugurda uly işleri bitirýärler diýip,
döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
ýylyň ahyrynda olaryň zähmetine mynasyp baha berlip, öz zähmeti bilen
tapawutlanan raýatlaryň hem dabaraly ýagdaýda sylaglanyljakdygyny aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi
ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov