Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan
işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa
milli parlament tarapyndan ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş
toparlary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
wekilleri bilen bilelikde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak,
oba hojalyk, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda, daşary
syýasy iş babatynda hereket edýän birnäçe kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda
kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun
çykaryjylyk işiniň döwrebap usullarydyr ýörelgeleri barada okuw sapaklary
guraldy. Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça
Mejlisde daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçileriniň 6-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Daşary ýurtlaryň
parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin duşuşyklaryň
20-si geçirildi. Deputatlar kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek hem-de
döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara
guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň, duşuşyklaryň 49-syna
gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň
wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 15-si amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň
kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda
işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň 9-synyň kabul edilendigini,
birnäçe kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini aýtdy hem-de
milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň bäş aýynyň makroykdysady görkezijileri
barada hasabat berip, jemi içerki önümiň ösüşiniň durnukly saklanýandygyny
belledi.
2023-nji
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda jemi
öndürilen önümiň möçberi artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik
netijeleri gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek
satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim artdy.
Wise-premýer
Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada-da hasabat berdi. Ýurdumyzyň iri we
orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne
görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň bäş aýynda maliýeleşdirmegiň ähli
çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17,8 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba
milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Hususan-da,
hasabat döwründe ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň
52-siniň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň 32-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 480,8
müň inedördül metriniň, inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň gurluşyk
işleriniň alnyp barlandygy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu
ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň
6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Döwlet
býujetiniň girdeji bölegi 102,2 göterime, çykdajy bölegi 97,6 göterime deň
boldy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet
kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz wagtynda maliýeleşdirilendigini aýdyp,
wise-premýere mundan beýläk-de milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady
görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Amanow nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä
bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça 2024-nji ýylyň ýanwar — maý
aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda,
nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady
görkezijiler barada aýdyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni
tarapyndan meýilnamanyň 102,6 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi.
Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan
işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterime deň boldy.
Hasabat döwründe benzin öndürmegiň
meýilnamasy 100,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim,
polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň
meýilnamasy 120,9 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle-de suwuklandyrylan gazy,
tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň tehniki-ykdysady görkezijileri, mawy ýangyjyň
daşary ýurtlara iberilişi barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazy we
nebiti çykarmakda öňde goýlan meýilnamalary 100 göterim ýerine ýetirmek,
nebitgaz senagatyna degişli kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak
üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyna ünsi çekdi we
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň geçen bäş
aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy
boýunça önümçiligiň ösüş depgini 124,1 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba
hojalyk ministrligi boýunça 129,2 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi
boýunça 100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 133,3
göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100 göterime,
“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 224,2 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 109,4 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 107,3 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 114 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi
boýunça 101,8 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň
meýilnamasy 387,8 göterim ýerine ýetirildi.
Şu gün Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda
galla oragyna guramaçylykly başlanylýandygy, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda
bolsa bu işe 14-nji iýunda girişmek boýunça taýýarlyk görülýändigi barada
aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlaryň ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen gök ekinleriň hasylyny ýygnap
almak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň suw hojalygy pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, suwaryş we şor suw akabalaryny
arassalamak boýunça çäreler görülýär.
Soňra wise-premýer ýurdumyzyň
ýüpekçileriniň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli
ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy. Bellenilişi ýaly, döwletimiziň
ýakyndan goldaw bermegi esasynda ýurdumyzyň zähmetsöýer pileçileri Watan
harmanyna bol pile hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli
berjaý etdiler.
Wise-premýer oba hojalyk pudagynyň
işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza netijeli
işlemek babatda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmagyň, ilaty azyk önümleri bilen üpjün
etmegiň, azyk bolçulygyny döretmegiň, gaýtadan işleýän senagaty çig mal bilen
üpjün etmegiň oba hojalyk pudagynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýandygyny
belledi. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň işini yzygiderli kämilleşdirip
durmagyň wajypdygy aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda esasy
möwsümleriň biri bolan galla oragynyň ýetip gelendigini nygtap, wise-premýere
bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin guramaçylyk işlerine berk gözegçilik
etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, ýurdumyzyň zähmetsöýer
pileçilerini Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şu ýylky
şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri bilen tüýs
ýürekden gutlady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän gurluşyk we senagat toplumynda
2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum
tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 117,2
göterime, Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň
meýilnamasy 107,2 göterime barabar boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi
735 million manada deň boldy. Hasabat döwründe Energetika ministrligi boýunça
önüm öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 108,5 göterim,
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 146,2 göterim berjaý edildi. Geçen bäş
aýda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi
boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,6 göterim, Aşgabat şäheriniň
häkimligi boýunça 121 göterim boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly
peýdalanyp, netijeli işlemegini gazanmagyň zerurdygyny nygtady. Hereket edýän
kärhanalarda çykarylýan önümleriň görnüşlerini artdyrmak, täze kärhanalary ýola
goýmak boýunça işleri dowam etdirmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Elektrik energetika pudagynda içerki we halkara taslamalaryň durmuşa
geçirilişine aýratyn üns bermek zerurdyr. Awtomobil ýolgurluşyk pudagynyň
öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin pudagyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri dowam etmek wajypdyr diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl açylmagy
meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen wagtynda ulanmaga
berilmelidigini belläp, wise-premýere gurluşyk işleriniň hiline-de berk
gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynyň
ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik
ulgamynyň 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň
netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 106,5 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini bolsa 104,1
göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary
boýunça nah ýüplügiň önümçiligi 126,2 göterime, nah matalaryňky 117 göterime,
tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 108,5 göterime, gön önümleriniňki
121,2 göterime barabar boldy. Şu ýylyň başyndan bäri “Türkmenhaly” döwlet
birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 100,9 göterim ýerine
ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar — maý aýlarynda birža
söwdalarynyň 125-si geçirilip, 11 müň 833 sany şertnama hasaba alyndy. Hasabat
döwründe Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini
105,8 göterime deň boldy. 11 sany sergi, 54 sany maslahat geçirildi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň bäş aýynda oba hojalyk
hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 112 göterime, senagat önümlerini
öndürmegiň ösüşi 109,1 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
söwda ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri
çaltlandyrmagyň wajypdygyny aýdyp, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine daşary
ýurt biržalarynda giňden ulanylýan tejribäni ornaşdyrmagyň, onuň işini
kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Dokma önümleriniň hilini gowulandyrmak we
möçberini artdyrmak boýunça çäreleri görmek, daşarky bazarda dokma önümleriniň
bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň hususy pudagyna döwlet
goldawyny bermek babatda işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek zerurdyr diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý
aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe milli
baýramçylyklar, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň
güni mynasybetli dürli dabaralar, medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga
berilmegi mynasybetli medeni çäreler guraldy. Gündogaryň beýik akyldary we türkmen
nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna maý
aýynda medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahat geçirildi,
“Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň, beýik söz ussadynyň
ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy, onuň goşgulary ýerleşdirilen täze kitabyň
tanyşdyrylyş dabarasy guraldy. Şahyryň doglan güni mynasybetli daşary ýurtlarda
dürli çäreler geçirildi.
Şeýle hem teatrlaryň, sirkleriň,
kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen
döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň,
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri
barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
wise-premýere medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy
öwrenmek, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillerimize ýetirmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda
alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bilim işine okatmagyň
öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy, okuw kitaplarydyr gollanmalar neşir edildi.
Okuwçylardyr talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp,
üstünlik gazandylar. Ýylyň başyndan bäri halkara olimpiadalaryň 8-si, halkara
ylmy-amaly maslahatlaryň 2-si, halkara bäsleşik geçirildi. Orta mekdeplerde
“Soňky jaň” dabaralary guraldy. Şu döwürde uniwersitetleriň 3-si, institutlaryň
7-si “Times Higher Eduсation” reýting agentliginiň degişli reýtinginiň
agzalygyna saýlanyldy. Çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini
guramaçylykly geçirmek bilen bagly işler alnyp baryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary
bilen, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini
kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy hem-de “Türkmenistanda
biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet
maksatnamasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň
Meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi
döredildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli
ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, beýleki dabaraly çäreler, şol sanda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary
geçirildi. “Gadymy Änew medeniýeti”, “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň
goragçysy”, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy
maslahatlar dünýäniň ylmy giňişliginde uly seslenme döretdi.
Hasabat döwründe keselleriň öňüni almagyň,
bejermegiň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Mary welaýat
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň durky täzelenen binalary
ulanmaga berildi. Aşgabat şäherinde 5 sany täze merkeziň, “Arçman”
şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň, glisirrizin turşusyny öndürýän
kärhananyň gurluşyk işleri dowam etdirilýär.
Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda
bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça işler has-da işjeňleşdirildi. Türkmen
türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 80-sine gatnaşyp, 79 altyn, 64 kümüş, 95
bürünç medal gazandylar. Hokkeý boýunça halkara ýaryş Türkmenistanyň halkara
sport abraýyny täze derejä göterdi. Halkara sport ýaryşlarynda baýrakly
orunlary eýelän türgenlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
geçirilýän işleriň wajypdygyna ünsi çekdi we olary döwrüň talaplaryna
laýyklykda guramak babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer Türkmenistanyň ýaşlarynyň
arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri barada hasabat berdi
we hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň berýän hemaýat-goldawlary
netijesinde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil
nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle hem
«Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa
parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň
belent maksatlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Tehnologiýalar merkezi tarapyndan dünýäniň abraýly ylmy merkezleri, şol sanda
Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy (IASP) bilen hyzmatdaşlygyň gerimi
giňeldilýär. Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk
ýagdaýyny bermek baradaky çözgüt “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda”
Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda merkeziň binýadynda amaly ylmy işleriň
geçirilmegine, ylym bilen önümçiligi utgaşdyrýan, önümçilik pudaklarynyň ylmy
esasda ösdürilmegine we usuly kadalaryň kämilleşdirilmegine içgin gatnaşýan
ylmy-önümçilik binýadyny döretmek maksady bilen kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
Garaşsyz ýurdumyzda ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat,
başarnykly ýaşlary kemala getirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa
geçirilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow zehinli ýaşlarymyzy ylma, bilime, täze tehnologiýalar boýunça
has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, Ylymlar güni
mynasybetli «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň
jemleri hakynda» Karara gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda
ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, innowasion önümleriň
önümçiligini guramak maksady bilen, «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny
bermek hakynda» Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz resminamalary
wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol BMG-niň Nýu-Ýork
şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylandygy barada habar
berildi.
Wise-premýer, daşary işler ministri
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly
waka bilen tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman
Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz bu habary
kanagatlanma bilen kabul edip hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli
watandaşlarymyza ýüzlenip, şu ýylyň 6-njy iýunynda ýurdumyzyň BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan
saýlanylandygyny belledi. Munuň özi Watanymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň
dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň ykrarnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy
bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýdyp, hemmeleri bu hoş habar
bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Daşary işler
ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy
strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren
tabşyryklaryny hem-de öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen,
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde
netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala
aşyryldy. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen
Arap Emirliklerine, üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe
Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna, “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum
— 2024” halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparlaryny amala aşyrdy.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynda saparda boldy.
Hormatly Prezidentimiz Russiýa
Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz 9-njy maýda
Moskwada 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79
ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde
gatnaşdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz birnäçe ýurtlaryň Liderleri bilen
telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Hasabat döwründe Russiýa
Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanda saparda
boldy.
24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýetleriň
ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Hasabat döwründe daşary ýurtlaryň
wekiliýetleriniň Türkmenistana amala aşyran saparlary, ýurdumyzyň
wekiliýetleriniň daşary ýurtlara bolan saparlary dürli ulgamlarda netijeli
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary, abraýly halkara we
sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri
dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň
Türkmenistana boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde
Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet
berilýär. Şolaryň hatarynda Koreýa Respublikasy hem bar. Bu ýurt bilen
hyzmatdaşlyk okgunly, özara bähbitli häsiýete eýedir. Döwletara gatnaşyklar
ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýär.
Söwda-ykdysady ulgam bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamdaky
hyzmatdaşlyk hem türkmen-koreý gatnaşyklarynyň aýratyn bölegi bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň amala aşyrjak
döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan
beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň köp ýyllaryň dowamynda dürli ugurlarda
netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi. Soňky ýyllarda nebitgaz, himiýa
we ulag ulgamlarynda durmuşa geçirilen ençeme bilelikdäki taslamalar munuň
aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, ýokary derejede
geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini nygtady. Şol gepleşikleriň
netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga,
gatnaşyklaryň köpugurly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga gönükdirilen
resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer, daşary
işler ministrine hem-de Ministrler Kabinetiniň beýleki agzalaryna ýüzlenip, bu
saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän
ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Hasabat döwründe bu toplumda ýerine
ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça gazanylan ösüş 117,5 göterime deň boldy.
Şu ýylyň bäş aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly
ýük daşamagyň ösüş depgini 105,9 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini
bolsa 102,9 göterime deň boldy. Ýanwar — maý aýlarynda hyzmatlary ýerine
ýetirmek babatda ösüş “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 104,8 göterime,
“Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111,4 göterime, “Türkmenhowaýollary”
agentligi boýunça 153 göterime barabar boldy.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi
boýunça 115,8 göterim, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 112,2 göterim
ösüş depgini gazanyldy.
Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda
sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde
ýerine ýetirilen işler barada hem aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň
dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumy üçin önümçilik, durmuş maksatly
desgalaryň gurluşygy barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ulag-kommunikasiýalar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek
üçin toplumyň işini döwre görä yzygiderli kämilleşdirip durmagyň möhümdigini
nygtady we agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler
Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň bäş aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Hasabat döwründe
jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat
pudagynda 3,6 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,1 göterime, hyzmatlar ulgamynda
7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda 7,8 göterime, oba
hojalyk pudagynda bolsa 5,4 göterime deň boldy. Şeýle hem hasabat döwründe
ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda
açylyp ulanmaga berildi.
Döwlet Baştutanymyz 12-nji iýunda
ýurdumyzda Ylymlar gününiň giňden bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi.
Garaşsyz ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Raýatlarymyzyň ylym-bilim bilen meşgullanmagy we häzirki zaman ylmynyň
gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär diýip,
hormatly Prezidentimiz belledi we mejlise gatnaşyjylary hem-de mähriban
halkymyzy Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov