Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan
meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli
kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, iş toparlary
tarapyndan raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, Magtymguly Pyragynyň
medeni mirasyny goramak, öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak bilen
baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleriniň dowam etdirilýändigi
aýdyldy. Ýurdumyzda sanitariýa işini kämilleşdirmek, bedenterbiýäni we sporty
ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk işini döwrüň talabyna laýyk ýola
goýmak, ylmy edaralaryň işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, hereket edýän
birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça
işler alnyp barylýar.
Geçen döwürde Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň
diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri
bilen bagly okuw sapaklary guraldy. Halkara guramalar, daşary ýurtlaryň
parlamentleri bilen ýola goýlan gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça görülýän
çäreler barada hem aýdyldy. Şol işiň çäklerinde Mejlisiň wekili BMG-niň Ilat
gaznasy tarapyndan Norwegiýa Patyşalygynyň Oslo şäherinde geçirilen
parlamentarileriň halkara maslahatyna gatnaşdy. Mundan başga-da, deputatlar
ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan
BMG-niň düzüm birlikleri, beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde
guralan forumlara, duşuşyklara gatnaşdylar.
Deputatlaryň döwlet syýasatyny, dünýä jemgyýetçiligi
tarapyndan giňden goldanylýan halkara başlangyçlary, ýurdumyzda amala aşyrylýan
durmuş-ykdysady özgertmeleriň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek we kabul edilýän
kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän dürli
çärelere gatnaşýandyklary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş
edýändikleri barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli
kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işleri
dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz daşary
ýurtlar bilen ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň
wajypdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamlaryny yzygiderli
kämilleşdirmek, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak boýunça
geçirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda
menzilara ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we
görnüşlerini giňeltmek arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak
boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy. Wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan
işlenip taýýarlanan “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlaryny ulanyşa
girizmek baradaky teklibi hödürläp, olaryň mümkinçilikleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin
Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen,
ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmaga möhüm ähmiýet
berilýändigini aýtdy. Munuň üçin töleg ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek,
sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere
«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň şahsy taraplar üçin niýetlenen döwrebap
bank hyzmatlarynyň ulgamlaryny ulanyşa girizmek boýunça degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow
“Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan öndürilýän suwuklandyrylan gazy kabul
edýän, saklaýan we ýükleýän desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan degişli
desgalaryň durkuny täzelemek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda
bu desgalar üçin zerur bolan maddy-tehniki serişdeler bökdençsiz üpjün edilýär.
Munuň özi olaryň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.
Şunuň bilen baglylykda, degişli teklipler beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
suwuklandyrylan gazy öndürmäge hem-de ony halkara bazarlara ygtybarly ibermäge
uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Munuň üçin öndürilýän suwuklandyrylan gazy
talabalaýyk kabul etmäge, saklamaga we ýüklemäge niýetlenen desgalary
döwrebaplaşdyrmak möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we beýan
edilen teklipleri goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda, şeýle hem ýurdumyzyň
welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişi dowam
edýär, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi işleri alnyp
barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri dowam edýär. Galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar
galla oragy möwsümine taýýarlanylýar. Şeýle-de pile öndürmek möwsümini
üstünlikli geçirmek maksady bilen, ýüpek gurçuklaryna ideg etmek boýunça
degişli işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy. Ýazlyk ekinleri ekmek we olara
ideg etmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw
serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalaryny
arassalamak işleri alnyp barylýar. Diýarymyzyň
ähli künjeginde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri
ýokary derejede guramak üçin degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň, hususan-da, hatarara
bejergi işleriniň talabalaýyk geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlara agrotehniki kadalara
laýyklykda ideg etmek üçin degişli işleri dowam etdirmegiň, galla oragy
möwsümine häzirden gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Hormatly
Prezidentimiz ýüpek gurçuklaryna ideg etmekde-de zerur işleri alyp barmagyň,
ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmaga, suw serişdelerini
tygşytly peýdalanmak işlerine uly ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu
babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlaryň
önümçilik ygtybarlylygyny gazanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat
berdi.
“Marykarbamid” zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny
artdyrmak maksady bilen, ony önümçilikde ulanylýan çig mallar we himiki serişdeler,
ätiýaçlyk şaýlary, enjamlar bilen yzygiderli üpjün etmek, göz öňünde tutulan
tehniki kadalara laýyklykda bejermek, abatlamak boýunça zerur işler geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurt kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary ýola
goýmak babatda beren tabşyryklary esasynda, zawody taslama kuwwatyna çykarmak
maksady bilen, “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” ýapon kompaniýasy bilen
hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenhimiýa»
döwlet konserniniň «Marykarbamid» zawodyny bökdençsiz işletmek üçin, tehnologik
kadalara laýyklykda, önümçiliklerde ulanylýan çig mallar, himiki serişdeler
bilen yzygiderli üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen, Ýaponiýanyň “Kawasaki
Heavy Industries Ltd.” kompaniýasy bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça
teklibi goldady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzümleriniň we halyçylyk kärhanalarynyň
işini kämilleşdirmek, halyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek boýunça görülýän
çäreler barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, gadymy halylaryň özboluşly
nusgalaryny aýawly saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň
önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Çeper halyçylyk kärhanalary işe
girizilýär, olarda halyçylaryň netijeli zähmet çekmekleri, göwnejaý dynç
almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Haly önümleriniň görnüşlerini mundan
beýläk-de giňeltmek, milli öwüşginleri aýawly saklamak, içerki we daşarky
bazarlaryň bu ugurdaky isleglerini kanagatlandyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň meşhur
halyçylyk sungatyny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet
berilýändigini, ony dünýä ýaýmakda, yzygiderli kämilleşdirmekde uly tagallalar
edilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň
garamagyndaky çeper halyçylyk kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň
wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa
ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna milli senenamamyzyň şanly
senesiniň hormatyna geçiriljek dabaralary talabalaýyk guramak üçin işlenip
taýýarlanylan degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek
döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek
maksady bilen, degişli Karara gol çekdi hem-de ony wise-premýere sanly ulgam
arkaly iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Amannepesow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan
Ýeňşiň 79 ýyllygyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu sene mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan
weteranlara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Ýeňiş güni egsilmez
joşgun, buýsanç duýgulary bilen giňden bellenilýär. Geljek nesilleriň parahat
we bagtyýar durmuşyny goran uruş weteranlary barada döwletimiz tarapyndan
hemmetaraplaýyn alada edilýär. Olaryň saglygyny goramak we dikeltmek boýunça
zerur çäreler durmuşa geçirilýär.
Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara
beslenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem Ýeňiş baýramynyň
şanyna baý many-mazmunly syýasy-jemgyýetçilik, medeni ähmiýetli çäreleri
geçirmek meýilleşdirilýär. Asylly däbe eýerilip, Beýik Watançylyk urşuna
gatnaşyjylaryň gahrymançylygy hem-de uruş ýyllarynda zähmet çeken ak saçly
eneleriň görkezen nusgalyk edermenligi hormatlanyp, olara dabaraly ýagdaýda
hormatly Prezidentimiziň adyndan pul serişdeleri, gymmat bahaly sowgatlar
gowşurylar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyza we döwlet
Baştutanymyza 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar,
ýaşuly neslimiz barada edýän aladalary, olaryň durmuş goraglylygy babatda
yzygiderli berýän goldawlary üçin ýaşuly nesliň adyndan sagbolsun aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
gahrymançylygyň we zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezen uruş hem zähmet
weteranlary üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Olar ýaş nesillerimizde
watançylyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýaly belent ahlak häsiýetlerini
terbiýeleýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz uruş
weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurdumyzda zähmet çeken enelerimize 1941 —
1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy
mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, Ýeňiş güni bilen
bagly çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň şu
ýylyň 15-16-njy aprelinde Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň halkara
başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistan köptaraplaýyn
çärelere, şol sanda “Merkezi Aziýa+” formatyndaky duşuşyklara işjeň gatnaşýar.
Saparyň barşynda ýurdumyzyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň we Aýlagdaky
arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň daşary işler
ministrleriniň strategik gepleşikler boýunça ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Şunuň
bilen birlikde, Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary
syýasat edaralarynyň derejesinde geňeşmeler geçirildi.
Köptaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde halkara we sebit
gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda Owganystana degişli meseleler
boýunça pikir alyşmalar boldy, taraplaryň bu ugurlardaky garaýyşlary beýan
edildi. Şeýle hem söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlarynda, howanyň üýtgemegi,
daşky gurşawy goramak babatda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça
bilelikdäki hereketler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.
Medeniýet, bilim-ylym ugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselesine hem üns
berildi. Şeýle-de “2023 — 2027-nji ýyllarda strategik gepleşikler we
hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hereketleriň meýilnamasyny” durmuşa geçirmäge
gönükdirilen işlere seljerme berildi. Forumyň jemleri boýunça Bilelikdäki
Beýannama kabul edildi.
Türkmen tarapynyň çykyşynda geçen ýylyň iýulynda Jidda
şäherinde geçirilen “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi
Aziýa” sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren
başlangyçlaryndan ugur alnyp, ählumumy çemeleşmeler esasynda amala aşyrylmagy
teklip edilýän meseleler beýan edildi.
Iki sebit üçin gyzyklanma bildirilýän esasy meseleler
boýunça Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmek maksady
bilen, Merkezi Aziýanyň we Aýlag döwletleriniň daşary işler ministrleriniň
hemişelik esasda hereket edýän maslahatyny döretmek teklip edilýär.
Ykdysadyýetiň ýangyç-energetika, gaýtadan işleýän senagat, gurluşyk, gämi
gurluşygy, dokma senagaty ýaly pudaklarynda bilelikde işlemek üçin giň
mümkinçilikleriň bardygyny nazara almak bilen, döwlet Baştutanymyzyň Işewürlik
geňeşini döretmek barada öňe süren teklibini durmuşa geçirmegiň maksadalaýykdygy
bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistan tarapyndan şu ýylyň fewralynda
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet
sammitinde öňe sürlen başlangyçlaryň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Hususan-da,
Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk
bileleşigini, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek
baradaky teklipleriň durmuşa geçirilmegi üçin tagallalary birleşdirmek teklip
edilýär. Howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak meselesi babatda Birleşen
Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen milli Hökümetleriň
arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, biziň ýurtlarymyzda halkara düzümleriň
hemişelik edaralaryny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şu
nukdaýnazardan, BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly
tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak barada Türkmenistanyň
başlangyjynyň derwaýysdygy we esaslydygy aýratyn nygtaldy.
Şeýle-de türkmen tarapy medeni-ynsanperwer ulgamda
özara hereketleri güýçlendirmäge uly itergi berjek Merkezi Aziýanyň we Aýlag
hyzmatdaşlyk geňeşiniň Medeniýet dialogyny döretmegi teklip etdi. Mundan
başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň agzasy
bolan döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk hukuk esaslaryny döretmek
teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan meýilnamany durmuşa
geçirmek üçin täze resminamalary işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi. Döwletara
gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalaryň
barşynda ýokary derejedäki özara saparlaryň ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi
ýaly, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly
ýagdaýda bellemek maksady bilen, Özbegistanyň Prezidentiniň degişli Karary
esasynda kinofilm surata düşüriler, sahna oýny goýlar, şanly senä gabatlanyp,
çäreleriň giň toplumy geçiriler.
Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň
daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler hem geçirildi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, sebit hem-de halkara
gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Bellenilişi ýaly, parlamentara gatnaşyklar döwletara dialogyň ösdürilmegine uly
goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda özara saparlary yzygiderli
guramagyň we parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşyklaryny geçirmegiň
maksadalaýykdygy nygtaldy.
Şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde
hyzmatdaşlygyň giň tejribesiniň toplanandygy bellenilip, ony işjeňleşdirmek
barada ylalaşyldy. Şunuň bilen birlikde, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy
üpjün etmek maksady bilen, köptaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyna
üns çekildi. Hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň
konsultatiw duşuşyklarynyň hem-de “Merkezi Aziýa+” formatynyň çäklerindäki
gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy.
Ykdysady ulgamda özara gatnaşyklar geňeşmeleriň esasy
meseleleriniň biri hökmünde görkezildi. Duşuşygyň barşynda dürli pudaklarda,
iki ýurduň hususy ulgamlarynyň wekilleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy
ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ozal gazanylan
ylalaşyklary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda,
hökümetara türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek meselesine
garaldy. Şeýle-de Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky duşuşygyny
guramagyň maksadalaýykdygy bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, söwda merkezini
gurmak we serhetýaka söwda zolaklarynda bilelikdäki söwda öýlerini işe girizmek
bilen baglanyşykly işleri işjeňleşdirmäge üns berildi. Suw hojalygy pudagynda
hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky däp
bolan gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Şunda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we Özbegistanda guralýan
çäreleriň wajypdygy nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de Aýlagdaky arap
döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Döwletimiz bu
ýurtlar bilen ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýar.
Sebitleriň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi döwletimiziň durnukly
ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Aýlagdaky arap döwletleri we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip,
wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi
tarapyndan ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler
barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy
şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony
ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça görülýän çäreler barada
aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
ulag-kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga,
pudagyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmäge möhüm ähmiýet
berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk
pudagyna degişli netijeli işleriň alnyp barylmagynyň ýokary hilli hyzmatlary
has-da döwrebap ýola goýmaga öz täsirini ýetirjekdigini aýdyp, agentligiň
ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmek babatda tabşyryklary berdi.
Soňra M.Çakyýew 15 — 19-njy aprel aralygynda
paýtagtymyzda geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza
döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär
wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine laýyklykda,
guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň
2023-nji ýylda alyp baran işleriniň jemlerine, guramany ösdürmegiň
Strategiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak ýaly meselelere garaldy. Şeýle
hem demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi,
sebitde ýük daşamalary artdyrmak boýunça pikir alyşmalar boldy. Mejlisiň
çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Munuň özi DÝHG-niň
işjeň agzalarynyň biri bolan Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik
mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýle hem Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň
agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär
wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň jemleri boýunça kabul ediljek
Aşgabat Jarnamasy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda sebit ähmiýetli halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge möhüm ähmiýet
berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Demir ýollaryň
hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň
ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň
guramaçylykly geçirilendigini nygtap, forumyň netijeleri boýunça kabul edilýän
Aşgabat Jarnamasynyň wajypdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Demir
ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasy bilen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dowam
etdiriljekdigini nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna ýokary derejede geçirilen
mejlise gatnaşyjylara öz minnetdarlygyny ýetirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe
möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere berk
jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda
alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov