Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly
ulgam
arkaly
Ministrler
Kabinetiniň
nobatdaky
mejlisini
geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat
edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen
raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsini geçýäris. Beýik
ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary
jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris diýip belledi.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek
meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy
B.Gündogdyýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr
gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, jenaýat edendikleri
üçin iş kesilen 356 sany raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek
hakyndaky Permana gol çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz toparyň başlygyna
hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary
tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň
arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Welaýatlaryň,
etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen
adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen
adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz
goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal
zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş
edip, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, hereket edýän
kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek hem-de täze kanunlaryň
taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada
aýdyldy.
Maslahatyň barşynda “Energiýany tygşytlamak
we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”,
“Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”,
“Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda”,
“Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”,
“Ýer hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”,
“Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar
girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garamak göz öňünde
tutulýar.
Şeýle-de daşary ýurtlar we halkara
guramalar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde alnyp
barylýan işler barada maglumat berildi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisde Panama
Respublikasy we Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň kabul edilendigi habar
berildi. Deputatlaryň ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, amala aşyrylýan
özgertmeleri wagyz-nesihat etmek we kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk
köpçüligine düşündirmek boýunça degişli işleri alyp barýandyklary aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow halkara tejribeden ugur alyp, ýurdumyzyň kanunçylygynyň döwrebap
we kämil bolmagy üçin netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary H.Geldimyradow döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini
ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny
döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Maliýe we ykdysadyýet
ministrligi tarapyndan döwletiň paýly gatnaşmagynda döredilen hojalyk
subýektlerindäki degişli paýlary döwletiň garamagyndan aýyrmak we
hususylaşdyrmak boýunça seljermeler yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Sanly ykdysadyýet innowasion
merkezi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky paýnamalary
bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak baradaky teklip hödürlenildi. Paýdarlar
jemgyýetiniň esasy iş ugurlary lomaý söwda, işleri we hyzmatlary ýerine
ýetirmek, maýa goýumlary çekmek hem-de telekeçilik işini alyp barmak bilen
baglydyr.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
döwlet emlägini hususylaşdyrmak hem-de ony dolandyrmagyň netijeliligini
ýokarlandyrmak işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi
ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi netijeli ösdürmäge ýardam berer diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy,
hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konsernini zerur bolan enjamlar, şol sanda
nebitgaz guýularyny burawlamakda, özleşdirmekde, düýpli abatlamakda ulanylýan
turba önümleri bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň
ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýangyç-energetika ulgamyny
diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, işe innowasion
usullary, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen
toplumlaýyn strategiýa amala aşyrylýar. Bu ugurda “Türkmennebit” döwlet
konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň düzümleri
tarapyndan ýerine ýetirilýän, şu ýylyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan
işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň möhüm wezipedigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmennebit» döwlet konsernini
nebitgaz guýularyny burawlamak, özleşdirmek hem-de düýpli abatlamak işlerinde
ulanylýan turba önümleri bilen üpjün etmek boýunça teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Gowaça ekişini agrotehniki
möhletlerde geçirmek, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň bökdençsiz
işlemegini gazanmak, şeýle hem önüm öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy
bilen üpjün etmek babatda görülýän çäreler barada aýdyldy.
Şu günler gallaçy kärendeçiler
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bugdaý ekilen meýdanlarda mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işlerini alyp barýarlar.
Galla kabul ediş kärhanalaryny we elewatorlary galla oragy möwsümine
taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bellenilişi ýaly,
ilatymyzy ýurdumyzda öndürilen ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde
üpjün etmek arkaly azyk üpjünçiligini has-da pugtalandyrmak boýunça degişli
işler alnyp barylýar. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny
döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, suw serişdelerini
rejeli peýdalanmak babatda işler dowam etdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça
ekişini talabalaýyk geçirmek üçin ähli zerur şertleri döretmegiň wajypdygyny
belledi. Şunuň bilen birlikde, ekişde ýokary hilli gowaça tohumlaryny
peýdalanmak we döwrebap tehnikalaryň netijeli işledilmegini gazanmak zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ekinlerini suw bilen
ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ýurdumyzyň howdanlarynda suw toplamak
işlerine-de aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda
alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbini
has-da gözelleşdirmek hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak,
ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça nusgalyk işler amala aşyrylýar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-
ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde
“Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 20 sany 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 720
orunlyk umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýollaryny gurmak
meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
“Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 864 hojalyga niýetlenen 20 sany 9 gatly
nobatdaky döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi,
seýilgähi we awtomobil ýollaryny gurmak boýunça teklibi goldady. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Atdaýew söwda toplumynyň sergisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, forumy 3 — 5-nji aprelde
ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirmek meýilleşdirilýär. Gözden
geçirilişe söwda toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň köp
sanlysynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ulgamlarda işleýän
agzalarynyň 210-dan gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Sergi ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar
ulgamynda, dokma, halyçylyk pudaklarynda, beýleki ugurlarda gazanýan
üstünliklerini görkezer. Onuň çäklerinde Dokma senagaty ministrliginiň
garamagyndaky hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna
degişli modeller öýleriniň milli lybaslarynyň dabaraly görkezilişini, söwda
toplumyna degişli kärhanalaryň täze önümleriniň mahabat-tanyşdyryş çärelerini
guramak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisini ýokary derejede geçirmegiň
zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz sergide ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar
ulgamynyň ösüşiniň, dokma senagatynyň gazananlarynyň, milli el halyçylyk
sungatynyň önümleriniň, hususy pudagyň ösüş ugurlarynyň öz beýanyny
tapmalydygyny belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we
medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek aýda dürli
maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, mediaforumlary, wagyz-nesihat
çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek, ozal yglan edilen
döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem
hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly
täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny, medeniýet, sungat, döredijilik
işgärleriniň, alymlaryň Milli “Ak bugdaý” muzeýine, Seýit Jemaleddin
ýadygärligine hem-de “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasyna
gezelenjini, mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň Änew şäheriniň çäginde
ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere gezelençlerini guramak göz öňünde
tutulýar.
Esasy çäreleriň hatarynda Bütindünýä saglyk
güni, Oraza baýramy we Türkmen bedewiniň milli baýramy, Aşgabat — Türkmenabat
ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň hem-de Mary
şäherindäki durky täzelenen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň
açylyş dabaralaryny görkezmek bolar. Şeýle-de Türkmenistanyň Täjigistandaky
Medeniýet günlerini, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda söwda toplumynyň
sergisini, Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100
ýyllygy mynasybetli maslahaty we sergini geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan
başga-da, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda,
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ABŞ-nyň we Türkmenistanyň akapella toparlarynyň
bilelikdäki çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar we şanly
seneler bilen baglanyşykly şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleri
giňden ýaýbaňlandyrmak üçin ähli zerur işleri alyp barmagyň möhümdigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş
maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen
bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary N.Amannepesow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş
we medeni maksatly çäreleri geçirmek barada hasabat berdi. Bu çäreler
jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli
sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, raýatlarymyzyň beden saglygyny
berkitmek, adamyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak maksady bilen geçiriler.
Bellenilişi ýaly, Aşgabatda köpçülikleýin
welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa Çandybil şaýoly bilen Bekrewe
köçesiniň çatrygyndaky “Welosiped binasynyň” ýanyndan badalga berler. Ýörişiň
geçjek ýollarynyň ugrunda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-saz, tans
toparlarynyň çykyşlary guralar. Şeýle hem şol gün Olimpiýa şäherçesiniň
“Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda halkara ýaryşlarda altyn medallara
mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak
dabarasy geçiriler. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ikinji we
üçünji orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy dowam etdiriler.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli
ýurdumyzyň welaýatlarynda, şeýle hem Aşgabat, Arkadag şäherlerinde 1 — 7-nji
aprel aralygynda ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sport,
sagdyn durmuş we medeni çäreler guralar. Olara umumybilim berýän orta
mekdepleriň okuwçylary, hünär-tehniki, orta we ýokary okuw mekdepleriniň
talyplary, kärhanalaryň, edaralaryň işgärleri, türgenler işjeň gatnaşarlar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilip geçilýändigini aýtdy.
Agzybirligi we jebisligi pugtalandyrýan bu halkara sene jemgyýetimizde sagdyn
durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty wagyz
etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport,
sagdyn durmuş we medeni çäreleri, köpçülikleýin welosipedli ýörişleri ýokary derejede
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler
Guramasy bilen durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça geçirilýän
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, abraýly halkara düzümler,
şol sanda BMG bilen netijeli gatnaşyklar Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Milletler Bileleşigi
bilen hyzmatdaşlykda uzak möhletli geljek üçin binýatlaýyn ugurlary kemala
getirýär. Şolaryň hatarynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş
maksatlaryny (DÖM) amala aşyrmak esasy orny eýeleýär. Halkara bileleşigiň işjeň
agzasy bolan Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny işläp taýýarlamaga
saldamly goşant goşdy we milli maksatnamalara, durmuş-ykdysady strategiýalara
girizmek bilen, ony milli derejede ýerine ýetirip başlan ilkinji döwletleriň
biri boldy. Hususan-da, Türkmenistan Hökümet derejesinde Durnukly ösüş
maksatlaryndan ilkinji tapgyrda jemi 17 maksady, 148 wezipäni we 187 sany
görkezijini kabul etdi.
DÖM-niň ýurdumyzda amala aşyrylyşy boýunça
Türkmenistanyň Meýletin milli synlary 2019-njy we 2023-nji ýyllarda BMG-niň
Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýokary derejeli Syýasy forumynyň çäklerinde bu
guramanyň agza ýurtlarynyň dykgatyna ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň halkara başlangyçlaryndan hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutulýan garaýyşlardan ugur alyp,
bu gurama bilen durnukly ösüş ugrunda döwletimiziň hyzmatdaşlygyny berkitmek
maksady bilen, birnäçe teklipler taýýarlanyldy.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 15 — 19-njy
apreli aralygynda ilkinji gezek BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeligi
geçiriler. Halkara derejede durnukly ulag ulgamy meselesini ilerletmekde
ýurdumyz öňdebaryjy orny eýeleýär. Hepdeligiň çäklerinde şu mesele boýunça
ýokary derejeli mejlis geçiriler. Oňa Türkmenistanyň wekiliýetini ibermek teklip
edilýär.
Döwletimiziň ulag aragatnaşygynyň
ösdürilmegi ugrundaky tagallalaryny, ýeten sepgitlerini we başlangyçlaryny
beýan etmek, şol bir wagtda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler
Guramasynyň durnukly ulag onýyllygy boýunça Maksatnamasyny işläp taýýarlamaga
goşant goşmak maksady bilen, şu ýylyň 16-njy aprelinde guramanyň binasynda
Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň
ministrler derejesindäki duşuşygyny geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen
birlikde, geljek aýda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ösüşi
maliýeleşdirmek üçin indiki ädimler boýunça forumynyň işine gatnaşmak üçin
ýurdumyzyň wekiliýetini Nýu-Ýork şäherine iş saparyna ugratmak teklip edilýär.
Forumyň dowamynda şu ýylyň 23-nji aprelinde «Durnukly ösüş maksatlarynyň
maliýeleşdirilmegi boýunça ministrleriň dialogy» atly ugurdaş çäräni guramak we
onuň mowzugyny ulag ulgamyna hem-de energiýa arabaglanyşygy meselelerine
bagyşlamak teklip edilýär.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň energetika
pudagyny ösdürmek bilen bagly başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy
tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy nygtaldy. 2023-nji ýylyň dekabrynda
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen «Durnukly ösüşi
üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly
Kararnama munuň aýdyň güwäsidir. Şu başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin şu
ýylyň maý-iýun aýlarynda sanly ulgam arkaly BMG-niň ştab-kwartirasynda bu
ulgamdaky bilermenleriň halkara duşuşygyny geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň iň
ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýan halkara guramalarynyň biridir diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine
BMG bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin degişli işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýükleri awtoulagda
daşamak ulgamynda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýükleri
awtoulagda daşamagyň geografiýasyny giňeltmäge, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna
gatnawlary amala aşyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda,
“Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan Halkara awtomobil ulaglary
birleşiginiň (IRU) agzasy bolup durýan “Türkmenistanyň awtoulagly halkara
daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde
yzygiderli seljerme işleri geçirilýär. Onuň netijeleri boýunça halkara
daşamalary amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini we operatorlaryny
hünär taýdan taýýarlamagyň zerurdygy kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda,
Awtomobil mekdepleriniň birleşigi hem-de “Türkmenistanyň awtoulagly halkara
daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde Halkara
awtomobil ulaglary birleşigi tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini açmagyň
maksadalaýyk boljakdygy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ulag-logistika ugrunda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe
bolup durýandygyny belledi. Munuň özi geljekde ýurdumyzdan ýükleri awtoulagda
daşamagyň ugurlaryny has-da giňeltmäge, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna gatnawlary
amala aşyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Halkara awtomobil ulaglary birleşigi tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini
açmak boýunça teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler
Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisiniň dowamynda
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda taryhy Kararnamanyň biragyzdan kabul
edilendigini, onuň esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi. Munuň özi biziň öňümizde birnäçe
guramaçylyk meselelerini goýýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi
we şu mynasybetli döwlet derejesinde geçiriljek halkara çäräniň guramaçylygynyň
üpjün edilmegi üçin şu wagtdan Hökümet agzalaryndan ybarat bolan döwlet
toparyny döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly» mynasybetli 2025-nji ýylyň dowamynda guraljak halkara derejeli çäreler
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterer diýip,
döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler
Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli
ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan
ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan
çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň
hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň ýaş nesliň
abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, kämil şahsyýetler hökmünde kemala
gelmegine gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
döredilen güni mynasybetli gutlady.
Wise-premýer, daşary işler ministri
R.Meredow hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Gahryman
Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür,
il-ýurt bähbitli işleriniň, gaznanyň alyp barýan ynsanperwerlik işiniň mundan
beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi
ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov