Düýn hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan
meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Ilki bilen,
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylyk binýadyny
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly,
häzirki wagtda iş toparlary tarapyndan energiýany tygşytlamak we energiýadan
netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi bilen baglanyşykly täze kanunlaryň
taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, maşgala
gatnaşyklaryny, weterinariýa işini, ýer babatda hukuk gatnaşyklaryny
kadalaşdyrýan we beýleki hereket edýän hukuk namalaryna üýtgetmelerdir
goşmaçalar girizilýär.
Şeýle hem daşary
ýurtlaryň parlamentleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklary giňeltmegiň
çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada maglumat berildi. Şunuň bilen
baglylykda, “Türkmenistan — Awstriýa” we “Türkmenistan — Kipr” parlamentara
dostluk toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de agzalary bilen duşuşyklaryň
geçirilendigi aýdyldy. Olaryň barşynda bu düzümleriň işini kämilleşdirmek we
ugurdaş komitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly
meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň deputatlary
Türkmenistanda Daşary söwda düzgüni hakynda Ähtnamany taýýarlamak bilen bagly
meseleler boýunça Aziýanyň ösüş bankynyň geňeşçileriniň we Bütindünýä Söwda
Guramasynyň wekilleriniň ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň wekilleri bilen
geçirilen iş duşuşygyna gatnaşdylar.
Deputatlaryň amala
aşyrylýan döwlet syýasatyny, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleri,
kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, beýik türkmen şahyry
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny wagyz-nesihat etmek boýunça alyp barýan
işleri barada-da habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak
hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrüň talabyna görä üýtgetmeler we
goşmaçalar girizmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow sanly ulgamy ösdürmek, bank
hyzmatlarynyň ugurlaryny giňeltmek, elektron tölegleriň görnüşlerini artdyrmak,
menzilara bank hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän
işler barada hasabat berdi.
“Türkmenistanda
sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet
maksatnamasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler
barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň
“Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan teklip edilýän “Menzilara bank”
ulgamynyň mümkinçilikleri barada hasabat berdi. Bank hyzmatlarynyň bu
görnüşiniň işe girizilmegi nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine,
töleg-hasaplaşyk amallarynyň dessinliginiň üpjün edilmegine ýardam berer.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda
sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny, şunuň bilen birlikde, bank ulgamynda
hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň görnüşleriniň, elektron tölegleriň geriminiň
yzygiderli artýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň
«Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň fiziki şahslar üçin «Menzilara bank»
ulgamyny ulanyşa girizmek boýunça teklibini goldap, wise-premýere bu ugurda
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni
tarapyndan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin, ilkinji nobatda, gory boýunça
dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek
boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwrebap enjamlar we serişdeler arkaly degişli känlerde
ulanyş-baha beriş guýulary gazylyp, senagat taýdan ähmiýetli bolan kükürtsiz
gaz akymlary alyndy.
“Türkmengaz”
döwlet konserni tarapyndan geljek ýyllarda hem nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň
we özleşdirmegiň hasabyna gaz känlerinde gysga wagtda tebigy gazyň goşmaça
möçberini çykarmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip
taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ulanyş-baha beriş guýularynyň buraw
işlerine girişildi. Mundan başga-da, täze burawlanýan gaz guýularynyň ýerüsti
gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maddy-tehniki enjamlar bilen
üpjün etmek boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy
gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de
netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi we wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de
welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, gowaça ekişine
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
bugdaýyň bol hasylyny öndürmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak
maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri, şol sanda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda öndürilýän
gök-bakja önümleri bilen ilatymyzy ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ýazlyk
ekinleri ekmek işi dowam edýär. Häzirki wagtda welaýatlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda gowaça ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri
alnyp barylýar. Munuň üçin gowaça tohumlary hem-de oba hojalyk tehnikalary
taýýarlanyldy.
Wise-premýer
döwlet Baştutanymyza gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata
bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Şunuň bilen baglylykda, ussat
daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň
gatnaşmagynda welaýatlarda tejribe maslahatlary geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagy toplumlaýyn ösdürmegi yzygiderli dowam
etdirmegiň, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň alnyp barlyşyny, gowaça ekişiniň ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişi möwsüminiň hem golaýlap gelýändigini
belledi. Bu möwsüm pagtaçy daýhanlaryň öňünde örän möhüm wezipeleri goýýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda
20-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 27-nji martda gowaça ekişine başlamaga
ak pata berip, hormatly ýaşululardan gowaça ekişine «Bismilla» bilen başlap
bermeklerini haýyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edermen
pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Annamämmedow döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda işewürligi goldamak
hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek
babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler
barada hasabat berdi. Hususan-da, elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy
enjamlary öndürmäge ýöriteleşdirilen “Üznüksiz çeşme” hojalyk jemgyýetini
döretmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo”
döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň “Aşgabatenergo” önümçilik
birleşiginiň we “Üznüksiz hyzmat” hususy kärhanasynyň paýly gatnaşmagynda
dörediljek täze önümçilik ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga goşant goşmaga, daşary
ýurtlardan getirilýän elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlaryň
möçberini azaltmaga, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde
öndürmek boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeleri dowam etdirmegiň zerurdygyna
ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyz üçin möhüm bolan elektrik energiýasyny
toplaýjy we saklaýjy enjamlary özümizde öndürmek işini ýola goýmaga möhüm
ähmiýet bermegiň wajypdygyny belläp, bu ugurda dörediljek bilelikdäki hojalyk
jemgyýetiniň işinde häzirki zaman talaplaryndan ugur alynmalydygyny aýtdy we
wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 27-nji
martynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmen-ýapon
kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahatyna görülýän taýýarlyk barada
hasabat berdi.
Forumyň barşynda maýa goýum, senagat,
ulag-logistika, hususy ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy
ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalar. Şunuň bilen birlikde, Ýaponiýada
geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony
hem-de onda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň döwletimiziň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, ýurdumyzda we daşary
ýurtlarda yzygiderli geçirilýän sergileriň, işewürlik maslahatlarynyň,
forumlaryň hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde uly ähmiýete eýedigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň
işewürlik maslahatyny guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere
onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary M.Mämmedowa “Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi” atly
metbugat maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu
maslahat Aşgabatda 28-nji martda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki
dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde
geçiriler.
Bellenilişi ýaly, bu çärä Türki
medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletlerden hem-de
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky
döwlet komitetiniň hyzmatdaşlary bolan daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar. Forumyň işi “Türki
medeniýetleriň birligi we onuň metbugatda tutýan orny”, «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy», “Sanly media we habarlar”, “Filmler, animasiýalar we
kinofestiwallar” atly dört bölümde dowam eder. Meýilnama laýyklykda, myhmanlar
üçin taryhy ýerlere gezelençleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ajaýyp
ýerleri bilen tanyşlyklary guramak, olaryň “Türkmenistanda syýahatçylygy
ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahatyň işine
gatnaşmaklary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary
bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmen topragy —
gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahatyny ýokary derejede
geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Onda halkymyzyň
dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan goşandyny giňden beýan etmek zerurdyr diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara
olimpiadalary hem-de ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge görülýän taýýarlyk
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ýokary derejede geçirilýän
halkara olimpiadalar, forumlar, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar dünýäniň
bilim, ylym merkezleri bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, ýaş zehinleri
ýüze çykarmak ugrundaky möhüm ädimlerdir.
Halkara bilim hyzmatdaşlygy babatda
gazanylanlary üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak, ylym-bilimiň geljegi uly ugurlary
boýunça ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da
işjeňleşdirmek maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň
10-11-nji aprelinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynda iňlis dili dersi boýunça III halkara internet olimpiadasyny;
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 12-nji aprelde
makroykdysadyýet hem-de 16-njy maýda dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça II
Açyk halkara internet olimpiadalaryny, 26-njy aprelde «Maliýe bazarlarynyň
ösüşiniň häzirki zaman meýilleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty; 15-nji
aprel — 1-nji maý aralygynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynda «Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara
ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti» atly düzme ýazmak boýunça bäsleşigi; 6 — 11-nji
maý aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika
dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny; 11-nji maýda
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda çyzuwly geometriýa we
inžener grafikasy dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyny sanly
ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem Bilim ministrliginiň we Daşary
işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda 22
— 25-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlaryň ýokary okuw
mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Halkara gatnaşyklar we geosyýasy
modelirleme» atly halkara olimpiadany geçirmek hem-de bäsleşige geljek daşary
ýurtly myhmanlary Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaraly
çärelere gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şu ýylyň 4-5-nji iýunynda bolsa
paýtagtymyzda Ylymlar güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
instituty tarapyndan «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara
ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.
Halkara çäreleri ýokary derejede
geçirmekde toplanan tejribeden ugur alyp, agzalan olimpiadalara hem-de
ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr ýaş
alymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly bilim ojaklarynyň we ylmy
merkezleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklaryny hem üpjün etmek
meýilleşdirilýär. Ýeňijiler dürli derejeli medallar, diplomlar bilen
sylaglanylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge, ylma we döredijilige
höwesini artdyrmaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet
berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalaryň,
ylmy-amaly maslahatlaryň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün
etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow däp bolan dostlukly döwletara
gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 10 — 13-nji martynda Türkmenistanyň
wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri
barada hasabat berdi.
Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler
boýunça Federal ministri bilen Wenada geçirilen gepleşikleriň çäklerinde
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlaryna garaldy. Sebit we ählumumy gün
tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda halkara
guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygy
bellenildi. Şunda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek meselesine aýratyn üns
berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp
taýýarlamak barada beýan eden başlangyjynyň ähmiýeti nygtalyp, bu halkara hukuk
guralyny bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleri esasynda işläp taýýarlamagyň
wajypdygy aýdyldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça “Türkmenistanyň Daşary işler
ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça
Federal ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň
Maksatnamasyna” gol çekildi.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Awstriýa
Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň Baş
sekretary hem-de Awstriýanyň Federal Prezidentiniň edarasynyň ýolbaşçylary
bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda hem döwletara gatnaşyklaryň möhüm
meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Awstriýanyň Zähmet
we ykdysadyýet Federal ministrliginiň hem-de Federal Ykdysady palatasynyň
ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda söwda-ykdysady,
maliýe-bank, energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat, gurluşyk ulgamlarynda,
“ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, ätiýaçlandyryş işi, saglygy goraýyş we
beýleki ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy,
şeýle hem iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary
işjeňleşdirmek, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly
mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Awstriýa
Türkmenistan bilen özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma
bildirýändigini tassyklady. Awstriýanyň Federal Ykdysady palatasynda
türkmen-awstriýa “tegelek stol” duşuşygy guraldy. Oňa dostlukly ýurduň degişli
döwlet düzümleriniň birnäçesiniň we kompaniýalarynyň 25-siniň ýolbaşçylarydyr
wekilleri gatnaşdylar.
Wenanyň diplomatik
akademiýasynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine bilim we talyplary alyşmak
ulgamynda özara gatnaşyklar bilen bagly mesele girizildi. Iki ýurduň ugurdaş
ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, bilelikdäki
ylmy-amaly maslahatlary, beýleki çäreleri guramak meselelerine garaldy. Türkmen
tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň Diplomatik okuwlar boýunça halkara foruma agza bolmagyny ykrar edýän
resmi hat gowşuryldy. Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary
ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti Awstriýanyň Graz tehnologiýa
uniwersitetine hem baryp gördi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oguz han
adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we agzalan ýokary okuw
mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Saparyň çäklerinde
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk
baradaky müdirliginiň, Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň, Birleşen
Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň ýolbaşçylary bilen
duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm
ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň
Senagat ösüşi boýunça guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Binýatlyk
ylalaşyga gol çekildi. Şunuň bilen birlikde, türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň
awstriýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirildi. Olarda saglygy goraýyş,
söwda, senagat ulgamlarynda, işewür düzümleriň ugry boýunça ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň meselelerine garaldy.
Netijeli
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, wise-premýer, daşary
işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmen-awstriýa işewürlik geňeşini
döretmek, 2025-nji ýylda Türkmenistanda Awstriýa öýüni açmak, şu ýylyň iýun
aýynda Wena şäherinde türkmen-awstriýa iş toparynyň 12-nji mejlisini geçirmek,
dekabr aýynda bolsa awstriýaly işewürleriň Türkmenistana saparyny guramak,
özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitleýän degişli
resminamany taýýarlamak bilen bagly teklipleri hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Awstriýa
Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belledi
we saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, şähergurluşyk, söwda-ykdysady ugurlar
boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ähmiýete
eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Wenada geçirilen gepleşikleriň ýakyn geljekde
köpugurly türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam berjekdigini
belläp, hödürlenen teklipleri makullady we wise-premýer, daşary işler
ministrine bu ugurda işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan Türkmenistanyň raýat
awiasiýasynyň uçuşlarynyň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek, Aşgabadyň
Halkara howa menzilini tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli
pugtalandyrylmagy, täze halkara ýolagçy howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy we
açylmagy netijesinde, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden üstaşyr geçýän
daşary ýurtly ýolagçylaryň sany artýar. Munuň özi howa menziliniň doly güýjünde
işledilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy
halkara standartlara laýyklykda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we howa
menziliniň ýolagçy terminalynyň üpjünçiligini häzirki döwrüň talaplaryna görä
saklamak maksady bilen, nobatdaky tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmegiň
meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň
yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, täze halkara howa gatnawlarynyň ýola
goýulýandygyny belledi. Munuň özi howa menzilini doly kuwwatyna çykarmagy hem
talap edýär. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat Halkara
howa menziliniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp
barýan işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu
babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna hem-de
ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ýurdumyzda ýene-de sanlyja günden Milli bahar
baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabaraly bellenilip geçiljekdigine ünsi
çekdi. Döwlet Baştutanymyz Gündogar halklarynyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýän
Nowruzyň ynsanperwerligiň, agzybirligiň hem-de dost-doganlygyň baýramydygyny
nygtap, mejlise gatnaşyjylary we ähli türkmenistanlylary Milli bahar baýramy —
Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly
Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi
tdh.gov