Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm
meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ilki bilen,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Ol
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul
sowgatlaryny bermek hakynda Buýrugyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat
berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, bu ugurda
netijeli işler geçirildi. Bellenilişi ýaly, bu maksatlar üçin maliýe
serişdeleriniň zerur bolan möçberi göz öňünde tutuldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde zenanlaryň uly işleri
bitirýändiklerini belledi. Mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat
goýmak baradaky ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek maksady
bilen, döwlet Baştutanymyz degişli Buýruga gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz
resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, Halkara zenanlar güni
mynasybetli gelin-gyzlara pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserni
tarapyndan nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça görülýän çäreler
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, döwlet konserni nebitgaz ýataklarynda degişli işleri amala aşyrýar.
Nebitiň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň günbatar sebitinde
işlenip geçilýän geljegi uly ýataklarda täze meýdançalary özleşdirmek işi dowam
etdirilýär. Häzirki wagtda guýularyň birnäçesi hereket edýär we meýilnama
laýyklykda, täze guýular burawlanylýar. Bu işlerde öňdebaryjy usullar hem-de
halkara tejribeler giňden ulanylýar. Şeýle-de guýularyň önümliligini
ýokarlandyrmak, täze guýulary netijeli burawlamak üçin döwrebap abatlaýyş
hyzmatlary amala aşyrylýar we ugurdaş enjamlar bilen üpjün edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň
çykarylyşyny artdyrmaga möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. «Türkmennebit»
döwlet konserniniň bu ugurdaky işi ylmy esasda alnyp barylmalydyr. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz konserniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini
yzygiderli gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi
hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew obasenagat
toplumynda we ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp
barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gowaça ekiljek meýdanlarda
ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär, oba
hojalyk tehnikalary hem-de tohumlyk gowaça çigitleri taýýarlanylýar. Şunuň
bilen bir hatarda, bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen,
bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär, ilatymyzy ýurdumyzda
öndürilen ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek
boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri ekiş
möwsümine taýýarlamagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişine möhüm
ähmiýet bermegiň, bu işleri agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmegiň
zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinlerini suw bilen
ýeterlik möçberde üpjün etmegiň wajypdygy barada aýdyp, wise-premýere
ýurdumyzyň howdanlarynda suw toplamak işlerine uly üns bermegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat atçylyk sport
toplumynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Mälim bolşy
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda
gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak,
atçylyk pudagyny ösdürmek, atlary ösdürip ýetişdirmek, olaryň baş sanyny
artdyrmak üçin ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Taslama laýyklykda,
atçylyk sport toplumynyň çäginde goşmaça täze athanalary, weterinar
dermanhanany we at esbaplar dükanyny, açyk görnüşli awtoduralgany, suw
howdanlaryny, tehniki binalary gurmak, dürli ölçegdäki monitorlary, döwrebap
enjamlary gurnamak göz öňünde tutulýar. Bulardan başga-da, ozaldan bar bolan
athanalaryň, esasy girelgäniň, tomaşaçylar münberiniň, karantin binasynyň,
sport meýdançasynyň, açyk manežiň durkuny täzelemek we ýanaşyk ýerlerini
abadanlaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ahalteke bedewleriniň halkymyzyň milli
buýsanjydygyny nygtady. Ýurdumyzda atçylygy, şol sanda atçylyk sportuny
ösdürmäge uly üns berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat
atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemegi, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary
hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew dokma senagatyny ösdürmek, pudagyň
kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat
berdi.
Wise-premýer
döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda ýokary hilli dokma
önümleriniň öndürilýändigini, olara içerki we daşarky bazarlarda uly isleg
bildirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, dokma senagaty
kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, önümçilikleri doly
kuwwatynda işletmek we eksportyň möçberini artdyrmak maksady bilen, degişli
işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň
düşewüntliliginiň ýokarlandyrylmagyny hem-de pudagyň maliýe-ykdysady işiniň
hemişe kämilleşdirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň
tertibi barada hasabat berdi.
Geljek aýda
dürli maslahatlary, duşuşyklary, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini,
sergileri we aýdym-sazly dabaralary, gezelençleri guramak, ozal yglan edilen
döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar. Beýik türkmen
şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew
şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan
edilmegi mynasybetli surata düşürilen kino we dokumental filmleri görkezmek
meýilleşdirilýär.
Däp bolşy
ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli
baýramçylyk çäreleri we dabaralar guralar. «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň
öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, “Nowruz ýaýlasynda”, Arkadag şäherindäki
baýramçylyk meýdançasynda Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralary geçirmek
meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň
esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty, daşary ýurtlaryň
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmen
topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahatyny guramak
meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mart aýynda göz öňünde
tutulan esasy çäreleri we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny
guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Änew şäheriniň 2024-nji ýylda
“Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraljak
çärelere badalga bermek dabarasyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, “Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 26-njy martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda bu waka
mynasybetli guraljak çärelere badalga bermek dabarasyny geçirmek
meýilleşdirilýär. Dabaranyň çäklerinde türki halklaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda
birnäçe çäreleri, konserti, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň hem-de
fotosuratçylaryň eserleriniň sergisini, halkara ylmy maslahaty, TÜRKSOÝ-na agza
ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatyny geçirmek göz
öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahatyny guramak
meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Änew şäheriniň gadymy taryhynyň bardygyny
nygtady. Bu taryh halkymyzyň geçmişi bilen berk baglydyr. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz Änewiň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni
paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejeli çäreleriň ýokary
derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow “Gadymy Änew medeniýeti” atly
halkara ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mertebäniň we
buýsanjyň gymmatly çeşmelerine öwrülen şöhratly taryhymyz, maddy hem-de ruhy
mirasymyz ylmy esasda düýpli öwrenilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasyna
(TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki
dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu ýylyň 27-nji
martynda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Oňa
ýurdumyzdan, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Russiýa
Federasiýasyndan, Türkiýe, Özbegistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz
Respublikalaryndan we beýleki daşary ýurtlardan görnükli taryhçylaryň,
arheologlaryň, Gündogary öwrenijileriň, professor-mugallymlaryň, ýaş alymlaryň,
muzeý işgärleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň myhmanlary bu şäheriň şu
ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Änew
şäherinde guraljak dabaralara we çärelere hem gatnaşarlar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň taryhynyň
müňýyllyklara uzap gidýändigini belledi. Änew türkmen topragynyň gadymy
medeniýetleriniň mekany bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň şöhratly
geçmişi bilen bagly halkara ylmy maslahatyň wajypdygyny belläp, wise-premýere
ony guramaçylykly we ýokary derejede geçirmegi, bu işe alymlaryň giňden
gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy barada hasabat
berdi.
Abraýly
halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Ýewropada
Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem bar. Bu düzüm bilen gatnaşyklar
netijeli, yzygiderli häsiýete eýe bolup, giň ugurlary öz içine alýar. Köpýyllyk
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny
ilerletmek maksady bilen, degişli toplumlaýyn çäreler görülýär. Hususan-da, şu
ýylyň martynda ÝHHG-niň Baş sekretarynyň ýurdumyza saparyny guramak, bu saparyň
çäklerinde Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak
ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek boýunça işler alnyp
barylýar.
Mälim bolşy
ýaly, 1999-njy ýyldan bäri paýtagtymyzda ÝHHG-niň merkezi hemişelik esasda öz
işini alyp barýar. Bilelikdäki meýilnamalaryň çäklerinde soňky 25 ýylyň
dowamynda dürli ugurlar boýunça 500-den gowrak taslama durmuşa geçirildi.
Häzirki wagtda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary
bilen bilelikde 2024-nji ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän
taslamalaryň meýilnamasy taýýarlanyldy. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistan
bilen guramanyň özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça anyk çäreleri
geçirmek göz öňünde tutulýar. Umuman, şu ýylyň dowamynda 37 sany taslamany
amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Syýasy
ulgamda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, öňüni alyş
diplomatiýasyny ösdürmäge, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy
durmaga gönükdirilen taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmek göz öňünde
tutulýar. Ykdysady we ekologiýa ugurlarynda meýilleşdirilýän taslamalar
ykdysadyýeti, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, energiýa
netijeliligini ýokarlandyrmaga, ekologik howpsuzlygy berkitmäge, howanyň
üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleri çözmäge ýardam eder. Ynsanperwer ulgamda
hem birnäçe taslamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şol taslamalarda ylym
we bilim, adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ýurdumyzyň demokratik
institutlarynyň esaslaryny kämilleşdirmek, gender deňligini üpjün etmek,
raýatsyzlyk meselelerini çözmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini
ösdürmek ýaly ugurlarda çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli meýilnamanyň taslamasy
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara guramalar bilen
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy
strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtady. ÝHHG
bilen üstünlikli köpýyllyk hyzmatdaşlyk munuň aýdyň güwäsidir. Döwlet
Baştutanymyz işlenip taýýarlanan, bu gurama bilen mundan beýläk-de netijeli
gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen meýilnamanyň syýasy, ykdysady, ekologiýa we
ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygyny belläp, wise-premýer, daşary işler
ministrine ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça işleri yzygiderli
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew
gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da,
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek
boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, portuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, hödürlenilýän ulag hyzmatlarynyň
gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, özara söwdany ösdürmek, üstaşyr
gatnawlary artdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýäniň möhüm ulag geçelgeleriniň
çatrygynda ýerleşýändigine ünsi çekdi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda
alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov